TÜRKMENISTANYŇ KONSULLYGY
OWGANYSTAN YSLAM RESPUBLIKASY - MAZARI ŞERIP
2026-njy ýyl - "Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan
— bedew batly at-myradyň mekany"
SOŇKY HABARLAR
GAZTURBINALY ELEKTRIK STANSIÝASYNY GURMAGYŇ TASLAMASY ÜSTÜNLIKLI AMALA AŞYRYLDY
Şu gün Lebap welaýatynyň Çärjew etrabynda kuwwatlylygy 432 megawat bolan gazturbinaly elektrik stansiýasynyň açylyş dabarasy boldy. Täze desga ozal hereket edýän Lebap döwlet elektrik stansiýasynyň çäginde bina edildi. Bu waka ýurdumyzy senagatlaşdyrmak, milli ykdysadyýetimizi diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmek we eksport mümkinçilikleri giňeltmek boýunça hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan tassyklanylan maksatnamalary durmuşa geçirmegiň ýolunda nobatdaky möhüm ädim b...
ÝURDUMYZDA GÜÝZLÜK BUGDAÝ EKIŞINE BADALGA BERILDI
3-nji sentýabrda Türkmenistanda güýzlük bugdaý ekişine köpçülikleýin girişildi. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ak pata bermegi bilen, möhüm oba hojalyk möwsümi ýurdumyzyň ähli welaýatlarynda birbada badalga aldy. Döwlet Baştutanymyzyň Ministrler Kabinetiniň 27-nji awgustda sanly ulgam arkaly geçirilen mejlisinde belleýşi ýaly, Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ykdysadyýetimiziň beýleki pudaklary bilen bir hatarda, oba hojalygynda hem oňat netijeler gazanylýar. Döw...
AJAÝYP ŞÄHERIŇ ŞANLY «ŞAÝATLARY»
Aşgabatdan 18 kilometr günbatarda Köpetdagyň eteginde gadymy Parfiýa döwleti döwründe ýüze çykan Nusaý şäheriniň galyndylary howalanyp dur. Depäniň üstünde ýerleşýän şa galasyna Köne Nusaý, jülgedäki şäheriň aňyrsyndaka bolsa Täze Nusaý diýlen atlar galypdyr. Taryhy çeşmelerde adybir welaýatyň merkezi hökmünde agzalýan, XIX asyryň başlaryna çenli bar bolan Nusaý şäheri bilen Täze Nusaý bir zat hasaplanýar. Nusaýda ilkinji gazuw-agtaryş işleri 1883-nji ýylda Zakaspiý oblastynyň başlygy wezi...
ERTEKINIŇ GAHRYMANY – GELŞIKLIJE WE BATYRGAÝ ALABAÝ
Baş drama teatrynda mekdebe çenli ýaşly çagalar üçin «Alabaý» atly spektakl taýýarlanylýar. Oýnuň edebi esasyny çagalar ýazyjysy we dramaturgy Hemra Şirow ýazypdyr we oýny goýujy režisýor Ylýas Durdyýew. Alabaý atly güjüjek dowar goragçysy bolmak üçin obadan çöle gidýär. Ýöne goşda başga-da iki it bar. Olaryň biri bu güjügi halamaýar, beýlekisi bolsa oňa örüde gerekli endikleri öwredip başlaýar. Alabaý diýseň üşüklije, ýöne öte sadalygy zerarly hemişe ýüňsakal bolýar. Gowy ýeri – ol hemişe...
TÜRKMENISTANYŇ WE BEÝIK BRITANIÝANYŇ DIM-LERI OWGANYSTAN BOÝUNÇA YNSANPERWER ÖZARA HEREKETLERIŇ MESELELERINI ARA ALYP MASLAHATLAŞDYLAR
2021-nji ýylyň 3-nji sentýabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Wepa Hajiýew Beýik Britaniýanyň Daşary işler, Arkalaşygyň işleri we ösüş boýunça ministrliginiň ýanyndaky Günorta Aziýa ýurtlary we Arkalaşyk boýunça Döwlet ministri Uimbldonyň Lordy Ahmad bilen telefon arkaly gepleşigini geçirildi. Taraplar ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň derwaýys meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar. Sebit we halkara gün tertibine degişli pikirler alyşyldy. Owganystan boýunça ynsanperwer häs...
TÜRKMENISTANYŇ DIM-NIŇ HALKARA GATNAŞYKLARY INSTITUTYNDA TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTINIŇ TÜRKMEN ÝAŞLARY BILEN GEÇIREN UMUMY SAPAGYNDAN GELIP ÇYKÝAN WEZIPELERE BAGYŞLANAN MASLAHAT GEÇIRILDI
2021-nji ýylyň 3-nji sentýabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda Türkmenistanyň Prezidentiniň talyplar we okuwçylar bilen ýurdumyzyň taryhy, ýaş nesliniň mukaddes borçlary hem-de wezipeleri barada geçiren umumy sapagyndan gelip çykýan wezipelere bagyşlanan maslahat geçirildi. Maslahata Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň ýolbaşçylary we hünärmenleri, ýurdumyzyň diplomatik gullugynyň halypa diplomatlary, Türkmenistanyň döwlet, hukuk we demok...
TÜRKMEN-ÝAPON HYZMATDAŞLYGYNYŇ MÖHÜM MESELELERI ARA ALNYP MASLAHATLAŞYLDY
2021-nji ýylyň 2-nji sentýabrynda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow ýurdumyza iş sapary bilen gelen Ýaponiýanyň wekiliýetiniň ýolbaşçysy, ýurduň Ykdysadyýet, söwda we senagat boýunça Döwlet ministri Edzima Kiýosini kabul etdi. Duşuşygyň barşynda iki ýurduň arasyndaky syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady, ylmy-tehniki we medeni-ynsanperwer ulgamlaryndaky özaragatnaşyklaryň derejesine ýokary baha berildi. Türkmenistanyň Ýaponiýa bilen hyzmatdaşlygynyň strategiki, durnukly we uzak...