TÜRKMENISTANYŇ KONSULLYGY
OWGANYSTAN YSLAM RESPUBLIKASY - MAZARI ŞERIP
2026-njy ýyl - "Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan
— bedew batly at-myradyň mekany"
SOŇKY HABARLAR
MEKDEBE ESGER WE MUGALLYM ANNAK SÄHETMYRADOWYŇ ADY DAKYLDY
Bilimler we talyp ýaşlar gününiň öňüsyrasynda Ahal welaýatyndaky Babarap obasynyň ýaşaýjylarynyň köp sanly haýyşy boýunça, şeýle hem Gökdepe etrap we Ahal welaýat häkimlikleriniň haýyşyny göz öňünde tutmak bilen, Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Mejlisiniň Karary bilen 42-nji orta mekdebe obadaşlary Annak Sähetmyradowyň ady dakyldy. Mundan başga-da, oba okuwçylarynyň täze okuw jaýy “ýöriteleşdirilen mekdep” derejesini aldy. Şu gün, ýagny bilimler güni ir ertirden, ene-atalarynyň ellerinden tutu...
TÜRKMENISTAN GAZ PUDAGYNDA HYTAÝYŇ IRI HYZMATDAŞYDYR
HHR-iň gümrük statistikasynyň maglumatlaryna görä, 2021-nji ýylyň iýulynda ýurt taryhda turbageçirijiden tebigy gazyň iň köp möçberini - 4,714 milliard kub metr ýa-da bir gije-gündizde 157 million kub metr gaz import etdi. Onuň agramly bölegi 2009-njy ýylyň dekabrynda işe girizileni bäri 11 ýyldan gowrak durnukly işleýän Türkmenistan-Hytaý turbagçerijisinden gelýär. Meselem, 2021-nji ýylyň ýanwarynda Sinhua habarlar agentligi Hytaýyň PipeChina West Pipeline nebit kompaniýasyna salgylanyp, 3,87 m...
TÜRKMENISTAN OWGANYSTANA YNSANPERWERLIK KÖMEGINI UGRATDY
2021-nji ýylyň 1-nji sentýabrynda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň tabşyrygy boýunça Owganystana ynsanperwerlik kömegi ugradyldy. Bu bolsa goňşy ýurtda bolup geçen wakalardan soňra türkmen tarapynyň Owganystana ýollan ilkinji üpjünçiligi bolup durýandyr. Dostlukly halkyň zerurlyklarynyň nazarda tutulmagy bilen, derman serişdeleriniň, lukmanlar üçin gorag eşikleriň we lukmançylyk esbaplarynyň, zyýansyzlandyryjy serişdeleriň, dermanlyk erginleriniň, gorag agyz-burun örtükle...
ТУРКМЕНИСТАН – ЕВРОПЕЙСКИЙ СОЮЗ: СОТРУДНИЧЕСТВО ВО ИМЯ РЕГИОНАЛЬНОЙ И ВСЕОБЩЕЙ БЕЗОПАСНОСТИ И РАЗВИТИЯ
Состоявшийся 28 августа телефонный разговор Президента Туркменистана Гурбангулы Бердымухамедова с Председателем Европейского Совета Шарлем Мишелем стал важнейшим событием не только в отношениях нашей страны с этим крупнейшим межгосударственным объединением, но и значимым фактором в контексте всей будущей региональной повестки, открывающим новые горизонты и платформы сотрудничества. Сам факт, что руководитель Евросоюза, инициировав этот разговор, обратился к Президенту Туркменистана с предложе...
TÜRKMENISTANYŇ WE BAE-NIŇ WEKILLERI IKITARAPLAÝYN HYZMATDAŞLYGYŇ MÜMKINÇILIKLERINI KÄMILLEŞDIRÝÄRLER
2021-nji ýylyň 29-njy awgusty 2-nji sentýabry aralygynda Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary B.Mätiýewiň ýolbaşçylygyndaky türkmen wekiliýeti Birleşen Arap Emirliklerinde saparda bolýar. Saparyň çäklerinde Türkmenistanyň wekiliýeti Birleşen Arap Emirlikleriniň Premýer-ministriniň orunbasary, Prezidentiň işleri boýunça ministri Şeýh Mansur bin Zaýed Al Nahaýan, Birleşen Arap Emirlikleriniň Daşary işler we halkara hyzmatdaşlyk ministriniň Aziýa ýurtlary boýunça orunbasary, Döwlet...
TÜRKMENISTANYŇ WEKILIÝETINIŇ BIRLEŞEN ARAP EMIRLIKLERINE SAPARYNYŇ ÇÄKLERINDE IKITARAPLAÝYN ÖZARA GATNAŞYKLARYŇ MESELELERI ARA ALNYP MASLAHATLAŞYLDY
Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary B.Mätiýewiň ýolbaşçylygyndaky türkmen wekiliýetiniň Birleşen Arap Emirliklerine saparynyň dowamynda ikitaraplaýyn duşuşyklaryň toplumy geçirildi. Hususan-da, 2021-nji ýylyň 29-30-njy awgustynda BAE-niň Milli howpsuzlyk boýunça Ýokary Geňeşiniň ýolbaşçylary, şeýle hem Abu-Dabi Ösüş Gaznasynyň Baş direktory Mohammad Saif Al Suwaidi bilen gepleşikler geçirildi. Söhbetdeşlikleriň barşynda taraplar Türkmenistan bilen BAE-niň arasyndaky özara ga...
TÜRKMENISTANYŇ WE OWGANYSTANYŇ WEKILLERI IKITARAPLAÝYN IŞJEŇ GATNAŞYKLARY SAKLAÝARLAR
2021-nji ýylyň 31-nji awgustynda «Serhetabat-Turgundy» gözegçilik-göýberiş nokadynda Owganystanyň Hyrat welaýatynyň ygtyýarly wekilleri bilen duşuşyk geçirildi. Duşuşyga şeýle-de iki ýurduň bank-maliýe we lukmançylyk edaralarynyň, beýleki ugurdaş hem-de harby düzümleriniň wekilleri gatnaşdylar. Söhbetdeşligiň dowamynda häzirki hereket edýän sanitar-epidemiologiki kadalarynyň nazarda tutulmagy bilen, serhetýaka zolaklarynda serhet, gümrük we fito-sanitar gözegçiliginiň amala aşyrylmagy bile...