TÜRKMENISTANYŇ KONSULLYGY
OWGANYSTAN YSLAM RESPUBLIKASY - MAZARI ŞERIP
2026-njy ýyl - "Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan
— bedew batly at-myradyň mekany"
SOŇKY HABARLAR
Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň Katar Döwletiniň Emiri bilen duşuşygy
2025-nji ýylyň 15-nji sentýabrynda Doha şäherinde Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow Katar Döwletiniň Emiri Şeýh Tamim bin Hamad Al Tani tarapyndan kabul edildi. Duşuşykda Katar Döwletiniň Baştutany Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowa hem-de türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowa özüniň salamyny we çuňňur hormaty baradaky sözlerini ýetirmegi haýyş etdi. Şeýh Tamim bin Hamad Al Tani häzirki ýeňil bolmadyk...
Türkmenistan ýertitremeden ejir çeken owgan halkyna ynsanperwerlik kömegini iberdi
2025-nji ýylyň 5-nji sentýabrynda Aşgabadyň Halkara howa menzilinden Owganystanyň ýertitremeden ejir çeken çagalaryna we ýaşaýjylaryna ynsanperwerlik kömegi ugradyldy. Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň gol çeken Buýrugyna laýyklykda, goňşy owgan halkyna ynsanperwerlik kömegi hökmünde, ilkinji nobatda, Owganystanyň ýertitremeden ejir çeken çagalaryna we ýaşaýjylaryna dokma, azyk önümleri, şeýle-de egin-eşikler we durmuşda zerur bolan beýleki harytlar ugradyldy. Türkmen halky...
Ýaponiýanyň Halkara hyzmatdaşlyk bankynyň (JBIC) Başlygynyň orunbasary, Wekilçilikli direktory bilen duşuşyk
2025-nji ýylyň 5-nji sentýabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow bilen Ýaponiýanyň Halkara hyzmatdaşlyk bankynyň (JBIC) Başlygynyň orunbasary, Wekilçilikli direktory jenap Amakawa Kazuhikonyň arasynda duşuşyk geçirildi. Gepleşikleriň dowamynda ähli ugurlar boýunça okgunly ösdürilýän türkmen-ýapon gatnaşyklarynyň ýokary derejesi bellenildi. Iň ýokary derejede ýola goýlan açyk we ynanyşmaga esaslanýan syýasy dialogyň döwletara gatnaşyklarynyň mundan beýläk-de pugtalandyrylma...
Türkmenistan we Hytaý dostlugyň we özara ynanyşmagyň taryhy däplerine ygrarlylygyny tassyklaýarlar
Müňýyllyklaryň dowamynda türkmenler bilen hytaýlaryň ata-babalarynyň arasynda guralan gatnaşyklaryň häzirki döwürde iki döwletiň arasyndaky hyzmatdaşlygyň berk sütüni bolup hyzmat edýändigi Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Hytaý Halk Respublikasyna amala aşyran soňky iş saparynyň dowamynda tassyklandy. Mälim bolşy ýaly, Türkmenistanyň we Hytaýyň taryhy köklerine, iň baý medeni, maddy we ruhy mirasyna bolan ygrarlylygy diňe bir içerki döwlet syýasatynyň özeninde bolman, eýsem,...
Türkmen-hytaý strategik hyzmatdaşlygynyň taryhy esaslary
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygy Si Szinpiniň çakylygy boýunça KHR-a amala aşyran iş sapary hem-de onuň mertebeli myhman hökmünde ŞHG+ Sammitiniň mejlisine gatnaşmagy diňe bir ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn hyzmatdaşlygyň çygryndaky möhüm waka bolman, eýsem, türkmen-hytaý strategik hyzmatdaşlygynyň aýratynlygy hökmünde iki halkyň we döwletiň arasyndaky gatnaşyklaryň hem-de özara düşünişmegiň taryhy ýolunyň dowamata eýediginiň hem tassyknamasy b...
Türkmenistanyň Prezidenti Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygy bilen duşuşdy
2025-nji ýylyň 2-nji sentýabrynda Hytaý Halk Respublikasynda iş saparynda bolýan Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Pekin şäherine ugramak üçin Týanszin şäheriniň demir ýol menziline bardy. Bu ýerde döwlet Baştutanymyzy dostlukly ýurduň resmi adamlary dabaraly ýagdaýda ugratdylar. Biraz salymdan Türkmenistanyň döwlet Baştutany ýörite otluda Pekiniň demir ýol menziline geldi. Bu ýerde Türkmenistanyň Prezidenti myhmansöýerligiň asylly däbine görä, mähirli garşylanyldy. Günüň iki...
Türkmenistanyň Prezidentiniň HHR-yň Döwlet Geňeşiniň Premýeriniň birinji orunbasary bilen duşuşygy
2025-nji ýylyň 2-nji sentýabrynda Hytaý Halk Respublikasyna iş saparynyň çäklerinde Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Hytaýyň Kommunistik partiýasynyň Merkezi komitetiniň Syýasy býurosynyň hemişelik komitetiniň agzasy, Hytaý Halk Respublikasynyň Döwlet Geňeşiniň Premýeriniň birinji orunbasary Din Sýuesýan bilen duşuşdy. Belent mertebeli türkmen myhmanyny mähirli mübärekläp, HHR-yň Döwlet Geňeşiniň Premýeriniň birinji orunbasary çakylygy kabul edip, ŞHG-nyň Sammitine gatnaşandyg...