TÜRKMENISTANYŇ KONSULLYGY
OWGANYSTAN YSLAM RESPUBLIKASY - MAZARI ŞERIP
2025-nji ýyl - Halkara parahatçylyk
we ynanyşmak ýyly
SOŇKY HABARLAR
TÜRKMENISTANYŇ HEM-DE RUSSIÝA FEDERASIÝASYNYŇ SANLY ULGAMDAKY MÜMKINÇILIKLERI BOÝUNÇA GEPLEŞIKLER GEÇIRILDI
2020-nji ýylyň 25-nji noýabrynda sanly wideoaragatnaşyk arkaly Russiýa Federasiýasynyň Söwda-senagat edarasynyň wekilleri bilen, ikitaraplaýyn söwda-ykdysady mümkinçilikleri ösdürmek maksady bilen, tehnologiýalary geçirmek we sanly ulgam barada ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy maslahatlaşmak boýunça gepleşikler geçirildi. Geçirilen gepleşiklere türkmen tarapyndan Türkmenistanyň, Söwda senagat edarasynyň, Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň şeýle hem, «Türkmenaragatnaşyk» agentliginiň wekille...
ÝAPONIÝANYŇ TÜRKMENISTANDA TÄZE BELLENEN ADATDAN DAŞARY WE DOLY YGTYÝARLY ILÇISI ÖZ YNANÇ HATLARYNY GOWŞURDY
2020-nji ýylyň 24-nji noýabrynda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Ýaponiýanyň Türkmenistanda täze bellenen Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi jenap Ýamamoto Hiroýukini kabul etdi. Ol döwlet Baştutanymyza ynanç hatlaryny gowşurdy. Diplomat wagt tapyp kabul edendigi üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, milli Liderimize Ýaponiýanyň Imperatory Naruhitonyň hem-de Premýer-ministri Suga Ýosihideniň mähirli salamyny hem-de tutuş türkmen halkyna abadançylyk we rowaçlyk baradak...
SANLY YKDYSADYÝET WE INNOWASION TEHNOLOGIÝALAR BOÝUNÇA “TÜRKMENTEL — 2020” ATLY HALKARA MASLAHAT
Şu gün paýtagtymyzda Türkmenistanda sanly ykdysadyýet we innowasion tehnologiýalar boýunça «Türkmentel — 2020» atly ХIII halkara onlaýn maslahat öz işine başlady. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Kararyna laýyklykda, bu maslahaty «Türkmenaragatnaşyk» agentligi we ýurdumyzyň Söwda-senagat edarasy guradylar. Şanly senäniň — Watanymyzyň hemişelik Bitaraplygynyň 25 ýyllygynyň öňüsyrasynda, «Türkmenistan — Bitaraplygyň mekany» ýylynda geçirilýän ýöriteleşdirilen forum telekommuni...
TÜRKMENISTANDA SANLY YKDYSADYÝET WE INNOWASION TEHNOLOGIÝALAR BOÝUNÇA «TÜRKMENTEL — 2020» ATLY XIII HALKARA ONLAÝN MASLAHATA GATNAŞYJYLARA
Gadyrly myhmanlar! Hormatly aragatnaşyk ulgamynyň işgärleri! Sizi öňdebaryjy tehnologiýalary we innowasion işläp taýýarlamalary durmuşa işjeň ornaşdyrmakda, telekommunikasiýa ulgamynda halkara hyzmatdaşlygy pugtalandyrmakda, ata Watanymyzy mundan beýläk-de hemmetaraplaýyn ösdürmekde möhüm ähmiýeti bolan Türkmenistanda sanly ykdysadyýet we innowasion tehnologiýalar boýunça «Türkmentel — 2020» atly XIII halkara onlaýn maslahatyň öz işine başlamagy bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn! Indi däbe ö...
TÜRKMENISTAN OWGANYSTAN BILEN YNASAPWERWER GATNAŞYKLARA AÝRATYN ÜNS BERÝÄR
Şu gün, Owganystan boýunça ýokary derejeli maslahatyň çäklerinde geçirilen plenar mejlisiň dowamynda durmuş-ynsanperwer häsiýetli meselelere seredildi. Taraplar owgan halkynyň durmuşynyň kadalaşdyrylmagy ugrunda Owganystana ýardam bermek mümkinçiliklerine seretdiler. Türkmenistanyň daşary işler ministri Türkmenistan tarapyndan ýakyn ýyllarda Owganystan Yslam Respublikasyna ynsanperwerlik kömegini bermek boýunça milli maksatnamanyň çäklerinde Türkmenistanyň ýerine ýetirýän möhüm işleri barad...
TÜRKMENISTAN OWGANYSTANDA PARAHATÇYLYGY ÜPJÜN ETMEKDE WE GÜLLÄP ÖSÜŞI GAZANMAKDA SYÝASY-DIPLOMATIK GURALLARY ULANMAGYŇ ZERURLYGYNA YNANÝAR
Şu gün Ženewada onlaýn görnüşinde geçýän Owganystan boýunça ýokary derejeli Maslahatyň plenar mejlisi geçirildi. Mejlisiň barşynda dünýäniň onlarça ýurdunyň, şol sanda Russiýanyň, Eýranyň, Şwesariýanyň, ABŞ-nyň daşary syýasy edaralarynyň ýolbaşçylary, BMG-niň we onuň düzüm birlikleriniň, Ýewropa Bileleşiginiň we beýleki köptaraplaýyn guramalaryň wekilleri çykyş etdiler. Maslahatda Owganystan Yslam Respublikasynyň Prezidenti Mohammad Aşraf Ganiniň hem-de BMG-niň Baş sekretary Antoniu Guttereşi...
GELJEK ÝYL TOPH GAZGEÇIRIJISINIŇ GURLUŞYGY OWGANYSTANYŇ ÇÄGINDE DOWAM EDER
Owganystan boýunça ýokary derejeli Maslahatyň plenar mejlisiniň barşynda taraplar ykdysady hyzmatdaşlygy ara alyp maslahatlaşdylar. Dabarada çykyş etmek bilen, Owganystan Yslam Respublikasynyň Prezidenti Mohammad Aşraf Gani ýurduň ykdysady ýagdaýy barada gürrüň berdi. Dünýä jemgyýetçiliginiň Owganystany dünýä ykdysadyýetine goşmaklyga bolan ymtylyşlaryna minnetdarlyk bildirip, ol aýratyn-da bu ugurda Türkmenistanyň möhüm goşandyny belledi. Türkmen tarapyndan başy başlanan taslamalarda, hususa...