TÜRKMENISTANYŇ KONSULLYGY
OWGANYSTAN YSLAM RESPUBLIKASY - MAZARI ŞERIP
2025-nji ýyl - Halkara parahatçylyk
we ynanyşmak ýyly
SOŇKY HABARLAR
TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI SANLY WIDEOARAGATNAŞYK ARKALY IŞ MASLAHATYNY GEÇIRDI
Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow “Türkmenistan--parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany” diýen şygar astynda geçýän täze, 2021-nji ýylda ilkinji sanly wideoaragatnaşyk arkaly iş maslahatyny gecirdi. Oňa Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň käbir orunbasarlary, Aşgabat şäheriniň hem-de ýurdumyzyň welaýatlarynyň häkimleri gatnaşdylar. Gün tertibine paýtagtymyzy hem-de welaýatlary durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek, obasenagat toplumynda düýpli özgertmeleri amala aşyrmak bilen bagl...
TÄZE “BAGABAT” ŞYPAHANASY GIJE-GÜNDIZIŇ DOWAMYNDA HYZMATLARY ÝOLA GOÝÝAR
Şu gün, 2021-nji ýylyň ilkinji gününde Mejlisiň ýolbaşçylary hem-de Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlary milli Liderimiziň başlangyjy boýunça Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabynda gurlan döwrebap “Bagabat” şypahanasyna bardylar. Şypahana-dynç alyş ulgamy ýurdumyzyň saglygy goraýyş ulgamyny ösdürmegiň ileri tutulýan ugrudyr. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň eziz Diýarymyzyň rowaçlygyna, mähriban halkymyzyň abadançylygyna gönükdirilen durmuş ugurly syýasatyny amala a...
TÜRKMENISTAN - PARAHATÇYLYGYŇ WE YNANYŞMAGYŇ WATANY BOLAN 2021-NJI ÝYLY GELJEGE YNAM BILEN GARŞYLADY
Türkmenistanlylar tutuş dünýä iň gowy geljegi sowgat edip, gadam urýan Täze ýyly hoşniýetler we ajaýyp umytlar bilen garşyladylar. 2020-nji ýyl berkarar döwletimiziň hemişelik Bittaraplygynyň 25 ýyllygy hökmünde Türkmenistanyň taryhynda galdy, 2021-nji ýyl bolsa “Türkmenistan - parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany” diýen şygar astynda geçer. Bu şygary ýakynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow tassyklady. Bu şygar döwlet Baştutanymyzyň başlangyjyndan hem-de halkymyzdan, döwle...
TÜRKMENISTANYŇ GAZAGYSTANDAKY TÄZE ILÇISI
Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany bilen Rejepow Batyr Durdymuratowiç Türkmenistanyň Gazagystan Respublikasyndaky (Nur-Sultan şäheri) Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi diplomatik derejäsi bilen Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçi wezipesine bellenildi. Altyn Asyr (turkmenistan.gov.tm)
TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTINIŇ WE TÜRKIÝE RESPUBLIKASYNYŇ PREZIDENTINIŇ ARASYNDA TELEFON ARKALY SÖHBETDEŞLIK
Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň we Türkiýe Respublikasynyň Prezidenti Rejep Taýyp Ärdoganyň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik boldy. Iki ýurduň Liderleri mähirli salamlaşyp, ýetip gelen Täze, 2021-nji ýyl mynasybetli birek-biregi gutladylar hem-de berk jan saglyk, bagt, türkmen we türk halklarynyň abadançylygynyň hem-de rowaçlygynyň bähbidine ähli baglangyçlarynda uly üstünlikleri arzuw etdiler. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Türkiýe Respub...
AŞGABAT JEMLEÝJI RESMINAMASY BMG-NIŇ BAŞ ASSAMBLEÝASYNYŇ 75-NJI MEJLISINIŇ WE HOWPSUZLYK GEŇEŞINIŇ RESMINAMASY HÖKMÜNDE ÝAÝRADYLDY
Mälim bolşy ýaly, 2020-nji ýylyň 12-nji dekabrynda Aşgabatda «Bitaraplyk syýasaty we onuň halkara parahatçylygy, howpsuzlygy we durnukly ösüşi üpjün etmekdäki ähmiýeti» atly halkara maslahaty üstünlikli geçirildi. Onuň işine Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow gatnaşdy. Şeýle-de bu maslahatda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş sekretary Antoniu Guterriş, Yslam Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Baş sekretary Ýusef Ben Ahmed Al-Usaýminň, Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň Ýerine ýetiriji...
TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI GURBANGULY BERDIMUHAMEDOWYŇ TÜRKMEN HALKYNA TÄZE ÝYL GUTLAGY
Mähriban halkym! Eziz watandaşlar! «Türkmenistan — Bitaraplygyň mekany» diýlip yglan edilen 2020-nji ýyl tamamlanyp barýar. Biz az salymdan üstünliklere beslenen bu ýyl bilen hoşlaşyp, Täze — 2021-nji ýyly uly şatlyk bilen garşylarys. 2021-nji ýyl — Gündogar müçenamasy boýunça sygyr ýyly. Sygyr «Malym — janym» diýýän türkmeniň gowy görýän mallarynyň biri, öý-ojagyň, maşgalanyň rysgaly. Şoňa görä-de, sygyr ýyly bereketli ýyl hasaplanýar. Merdana halkymyz Täze ýyla aýdyň maksatlar, uly y...