TÜRKMENISTANYŇ KONSULLYGY
OWGANYSTAN YSLAM RESPUBLIKASY - MAZARI ŞERIP
2025-nji ýyl - Halkara parahatçylyk
we ynanyşmak ýyly
SOŇKY HABARLAR
HALKARA TENNIS FEDERASIÝASYNYŇ PREZIDENTI BILEN DUŞUŞYK GEÇIRILDI
2020-nji ýylyň 14-nji oktýabrynda Halkara tennis federasiýasynyň Prezidenti, Halkara Olimpiýa komitetiniň agzasy Dewid Haggerti bilen onlaýn-duşuşyk geçirildi. Türkmen tarapyndan duşuşyga Milli Olimpiýa komitetiniň, Türkmenistanyň Tennis federasiýasynyň, şeýle-de Daşary işler, Sport we ýaşlar syýasaty ministrliginiň wekilleri gatnaşdylar. Duşuşygyň barşynda taraplar Aşgabat şäherinde geçirilmegi meýilleşdirilýän Dewisiň kubogyny almak ugrunda halkara tennis ýaryşlaryň tapgyrlaýyn duşuşyk...
TÜRKMENISTANYŇ MALIÝE-YKDYSADY ULGAMYNYŇ DURNUKLY ÖSÜŞI
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow milli ykdysadyýetiň durnukly ösmegini üpjün etmegi, senagat, maýa goýum, ulag-kommunikasiýa hem-de durmuş ulgamlaryny, hyzmatlaryň ýaýrawyny netijeli ösdürmegi, tebigy we senagat serişdelerini oýlanyşykly peýdalanmagy, daşary ykdysady aragatnaşyklary pugtalandyrmagy, Diýarymyzyň haryt öndürijileriniň bäsdeşlige ukyplylygyny üpjün etmegi Türkmenistanyň ykdysady syýasatynyň möhüm ugurlary hökmünde kesgitledi. Bularyň ählisi baş wezipäni, ýagny ilaty...
TÜRKMENISTANYŇ WE ÝUNKTAD-YŇ WEKILLERI HYZMATDAŞLYGYŇ MESELELERINI ARA ALYP MASLAHATLAŞDYLAR
2020-nji ýylyň 13-nji oktýabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredowyň BMG-niň Söwda we ösüş boýunça konferensiýasynyň (ÝUNKTAD) Baş sekretary Mukis Kituýi we BMG-niň Baş Sekretarynyň kömekçisi, BMG-nyň Ösüş Maksatnamasynyň Ýewropa we GDA döwletleri boýunça sebitleýin direktory Mirýana Spolýariç Egger bilen wideokonferensiýa görnüşindäki duşuşygy geçirildi. Duşuşyga şeýle hem BMG-niň Ösüş Maksatnamasynyň Türkmenistandaky Hemişelik Wekiliniň wezipesini ýerine ýetiriji Natiýa Natsw...
TÜRKMENISTAN BILEN SAUD ARABYSTANYŇ ARASYNDAKY HYZMATDAŞLYGYŇ MESELELERI ARA ALNYP MASLAHATLAŞYLDY
2020-nji ýylyň 13-nji oktýabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary B.Mätiýew bilen Saud Arabystany Patyşalygynyň Daşary işler ministriniň syýasy we ykdysady işler boýunça orunbasary jenap Adel Siraj Salehyň arasynda wideoaragatnaşyk arkaly duşuşyk geçirildi. Duşuşygyň başynda Türkmenistanyň we Saud Arabystany Patyşalygynyň arasyndaky ikitaraplaýyn gatnaşyklary ösdürmegiň öňdebaryjy ugurlary boýunça işjeň gepleşikler geçirildi. Dürli derejelerde geçirilýän yzygiderli duşuşukl...
FRANSIÝA RESPUBLIKASYNYŇ TÜRKMENISTANDAKY ILÇISI YNANÇ HATLARYŇ NUSGALARYNY GOWŞURDY
2020-nji ýylyň 13-nji oktýabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Türkmenistanyň Daşary işler ministri R.Meredowyň Fransiýa Respublikasynyň Türkmenistandaky täze bellenen Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi hanym Izabel Ginel bilen duşuşygy boldy. Duşuşygyň başynda taraplar ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň ösüşine ygrarlydygyny bellediler. Iki ýurduň arasyndaky dostlukly gatnaşyklary berkitmek hem-de ikitaraplaýyn syýasy, ykdysady we medeni hyzmatdaşlygy giňeltmek meselelerini ara...
HYRAT ŞÄHERINDE TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTINIŇ TÄZE KITABYNYŇ TANYŞDYRYLYŞ DABARASY GEÇIRILDI
2020-nji ýylyň 12-nji oktýabrynda Türkmenistanyň Hyrat şäherindäki Konsullygynda Hyrat we Badhyz welaýatlarynyň türkmen diasporasynyň abraýly wekilleriniň gatnaşmaklarynda Türkmenistanyň Hormatly Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň «Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi» atly täze kitabynyň tanyşdyrylyş dabarasy geçirildi. Çäräniň dowamynda Türkmenistanyň konsuly we Owganystanyň abraýly türkmen wekilleri çykyş edip, kitabyň aýratynlyklary hem-de onuň milli we dünýä gymmatlyklaryny ösdürmekdäki e...
TÜRKMENISTANYŇ WE ÖZBEGISTANYŇ DIPLOMATIÝA ÝOKARY OKUW MEKDEPLERININIŇ ARASYNDA SANLY ULGAM ARKALY DUŞUŞYK GEÇIRILDI
Özara gatnaşyklaryň ugurlary, şeýle hem halkara gatnaşyklary ulgamynda hünärmenleri taýýarlamagyň meseleleri Türkmenistanyň DIM-niň Halkara gatnaşyklary institutynyň we Özbegistan Respublikasynyň DIM-niň Dünýä ykdysadyýeti we diplomatiýa uniwersitetiniň (DYDU) wekilleriniň onlaýn-duşuşygynyň gün tertibine girizildi. Webinaryň çäklerinde şeýle hem Türkmenistanyň DIM-niň Halkara gatnaşyklary institutynyň we DYDU-nyň arasynda 2015-nji ýylyň oktýabrynda gol çekilen Ähtnamanyň ýerine ýetirilişine...