TÜRKMENISTANYŇ KONSULLYGY
OWGANYSTAN YSLAM RESPUBLIKASY - MAZARI ŞERIP
2025-nji ýyl - Halkara parahatçylyk
we ynanyşmak ýyly
SOŇKY HABARLAR
ÝEWROPANYŇ TÄZELENIŞ WE ÖSÜŞ BANKY BILEN HYZMATDAŞLYGYŇ WAJYP UGURLARY ARA ALNYP MASLAHATLAŞYLDY
2020-nji ýylyň 7-nji oktýabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Ýewropanyň Täzeleniş we Ösüş Bankynyň Aşgabatdaky wekilhanasynynyň ýolbaşçysy F.Türkmenoglunyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýeti bilen sanly wideoaragatnaşyk ulgamy arkaly duşuşyk geçirildi. Türkmen tarapyndan duşuşyga Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň, Ykdysadyýet we maliýe ministrliginiň, şeýle-de Merkezi bankynyň ýolbaşçylary gatnaşdylar. Duşuşygyň barşynda ÝTÖB bilen giň gerimli ugurlar boýunça, şol...
TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTINIŇ “TÜRKMENIŇ DÖWLETLILIK ÝÖRELGESI” ATLY KITABYNYŇ HYTAÝ DILINDÄKI NEŞIRINIŇ TANYŞDYRYLYŞ DABARASY
2020-nji ýylyň 7-nji oktýabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň “Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi” atly kitabynyň hytaý dilinde çapdan çykan neşiriniň tanyşdyrylyş dabarasy geçirildi. Çärä Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň işgärleri, ýurdumyzda akkreditirlenen diplomatik missiýalarynyň we halkara guramalaryň wekilhanalarynyň ýolbaşçylary we wekilleri, ýokary okuw mekdepleriniň rektorlar...
HORMATLY PREZIDENTIMIZ GURBANGULY BERDIMUHAMEDOW HATYRA GÜNI MYNASYBETLI ÇÄRELERE GATNAŞDY
Şu gün Türkmenistanyň halky 1948-nji ýylyň Aşgabat ýertitremesinde, ähli uruşlaryň söweş meýdanlarynda wepat bolan ildeşlerimiziň ýüzlerçe müňüsini hasrat bilen hatyralaýar. «Halk hakydasy» ýadygärlikler toplumyna gül goýmak çäresine hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow gatnaşdy. Türkmen halkynyň taryhynda iň pajygaly wakalaryň birinden — Aşgabat ýertitremesinden 70 ýyldan hem gowrak wagt geçdi. Bu waka baradaky ýatlamalar häzire çenli her bir türkmenistanlynyň ýüreginde agyr ýara...
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SANLY WIDEOARAGATNAŞYK ARKALY IŞ MASLAHATYNY GEÇIRDI
Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň obasenagat toplumyna gözegçilik edýän orunbasarynyň, käbir ministrlikleriň ýolbaşçylarynyň, Aşgabat şäheriniň hem-de welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda sanly wideoaragatnaşyk arkaly iş maslahatyny geçirdi. Onda ýurdumyzyň sebitlerini we paýtagtymyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek, özgertmeler maksatnamalaryny amala aşyrmak, milli saglygy goraýyş ulgamyny kämilleşdirmek bilen baglanyş...
DIM-DE OWGANYSTAN YSLAM RESPUBLIKASYNYŇ TÜRKMENISTANDAKY ADATDAN DAŞARY WE DOLY YGTYÝARLY ILÇISI BILEN DUŞUŞYK GEÇIRILDI
2020-nji ýylyň 5-nji oktýabrynda Türkmenistanyň DIM-de Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredowyň ýurdumyzdaky diplomatik işini tamamlaýan Owganystan Yslam Respublikasynyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi Najibullah Alikhil bilen duşuşygy geçirildi. Taraplar hoşniýetli goňşuçylyk, özara hormat goýmak we açyklyk ýörelgelerine esaslanýan döwletara gatnaşyklarynyň derejesine ýokary baha berdiler. Söhbetdeşler Türkmenistanyň we Owganystanyň Prezidentleriniň ýolbaşçylygynda iki ýu...
DIM-DE TÜRKMENISTANYŇ SAGLYGY GORAÝYŞ ULGAMYNDA HALKARA GURAMALARY BILEN HYZMATDAŞLYGYNA BAGYŞLANAN BRIFING GEÇIRILDI
2020-nji ýylyň 5-nji oktýabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Türkmenistanyň saglygy goraýyş ulgamynda halkara guramalary bilen hyzmatdaşlygyna bagyşlanan brifing geçirildi. Brifingde Türkmenistanyň Prezidentiniň ýakynda gol çeken Kararyna aýratyn ähmiýet çekildi, resminama laýyklykda Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrine “2015-nji ýylyň 28-nji awgustyndaky gol çekilen Türkmenistanyň Hökümeti bilen Birleşen Milletler Guramasynyň Çagalar gaznasynyň, ÝUNISEF...
TÜRKMEN-OWGAN HYZMATDAŞLYGYNYŇ DERWAÝYS MESELELERI ARA ALNYP MASLAHATLAŞYLDY
2020-nji ýylyň 4-nji oktýabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri R.Meredowyň we Owganystan Yslam Respublikasynyň Daşary işler ministriniň wezipesini w.ýe.ýe. Mohammad Hanif Atmaryň arasynda wideokonferensiýa görnüşinde duşuşyk geçirildi. Gepleşikleriň dowamynda iki ýurduň daşary syýasy edaralarynyň ýolbaşçylary dostluk we hoşniýetli goňşuçylyk däplerine esaslanýan hökümetara hyzmatdaşlygynyň ýokary derejesini nygtap geçdiler. Kärdeşler syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady we medeni-ynsanper...