TÜRKMENISTANYŇ KONSULLYGY
OWGANYSTAN YSLAM RESPUBLIKASY - MAZARI ŞERIP
2025-nji ýyl - Halkara parahatçylyk
we ynanyşmak ýyly
SOŇKY HABARLAR
TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI BMG-NIŇ BAŞ ASSAMBLEÝASYNYŇ 75-NJI SESSIÝASYNDAKY ÇYKYŞYNYŇ DOWAMYNDA SAGLYGY GORAÝYŞ ULGAMYNDA HALKARA HYZMATDAŞLYGY HEMMETARAPLAÝYN BERKITMÄGE ÇAGYRDY
2020-nji ýylyň 22-nji sentýabrynda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň şanly 75-nji sessiýasynyň ýokary derejeli hepdeligi başlandy. Hepdeligiň dowamynda döwlet we hökümet baştutanlarynyň wideo-çykyşlary görkeziler. Şu gün, ilkinjileriň hatarynda, Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň çykyşy görkezildi. Döwlet baştutany öz çykyşynda halkara gün tertibiniň möhüm ugurlary boýunça Türkmenistanyň garaýyşlaryny jikme-jik beýan etdi hem-de syýasy, durmuş-ykdysady we y...
TÜRKMENISTANYŇ PEKINDÄKI ILÇIHANASY HALKARA PARAHATÇYLYK GÜNI MYNASYBETLI ÇÄRELERE GATNAŞDY
21-nji sentýabrda Pekiniň «Parahatçylyk bagy» (Peace Garden Museum) Muzeýinde diplomatik wekilhanalaryň wekilleri ÝuNESKO, Hytaýyň bütindünýä parahatçylyk gaznasy, Pekiniň halkara medeniýet gaznasy we beýleki hökümete degişli bolmadyk guramalar bilen bilelikde Halkara parahatçylyk gününe bagyşlanan «Parahatçylyk festiwalyny» geçirdiler. Çärä 300-den gowrak adam, ýene-de Hytaýyň dürli sebitlerinden we daşary ýurtlardan onlarça bilermen onlaýn-görnüşde gatnaşdylar. Hytaýyň bütindünýä parahatçyl...
DIM-DE TÜRKMENISTANYŇ ÝB BILEN ÖZARAHEREKETLERINIŇ MESELELERI ARA ALNYP MASLAHATLAŞYLDY
2020-nji ýylyň 22-nji sentýabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredowyň Ýewropa Bileleşiginiň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi Diego Ruiz Alonso bilen duşuşygy geçirildi. Işjeň ýagdaýda geçirilen söhbetdeşligiň barşynda taraplar Türkmenistanyň we ÝB-niň özarahereketleriniň giň toplumy babatynda pikir alyşdylar. Hususan-da, taraplaryň soňky aýlarda dürli meýdançalarda geçirilen ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn duşuşyklary dogrusynda giňişleýin gürrüň edild...
DAŞARY IŞLER MINISTRLIGINDE HYTAÝ HALK RESPUBLIKASYNYŇ TÜRKMENISTANDAKY ILÇISI BILEN DUŞUŞYK GEÇIRILDI
2020-nji ýylyň 22-nji sentýabrynda Daşary işler ministrliginde Türkmenistanyň Daşary işler ministri R.Meredowyň özüniň diplomatik işini tamamlaýan Hytaý Halk Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi Sun Weýdun bilen duşuşygy geçirildi. Duşuşygyň başynda türkmen tarapy Ilçä türkmen-hytaý gatnaşyklarynyň ösdürilmegine goşan şahsy goşandy üçin minnetdarlyk bildirdi. Öz nobatynda hytaý diplomaty Türkmenistanyň hem-de Hytaýyň strategiki taýdan möhüm hyzmatdaşlar bol...
TÜRKMENISTANYŇ WE ÖZBEGISTAN RESPUBLIKASYNYŇ DAŞARY IŞLER MINISTRLIKLERINIŇ ARASYNDA SYÝASY GEŇEŞMELER GEÇIRILDI
Şu gün, 21-nji sentýabrda Türkmenistanyň we Özbegistan Respublikasynyň daşary işler ministrleriniň derejesinde wideomaslahat görnüşinde ikitaraplaýyn syýasy geňeşmeler geçirildi. Duşuşyga gatnaşyjylar türkmen-özbek hyzmatdaşlygynyň giň ugurlary boýunça pikir alşyp, iki döwletiň arasyndaky gatnaşyklaryň häzirki ýagdaýyny ara alyp maslahatlaşdylar, ony mundan beýläk-de ösdürmek boýunça birnäçe teklipleri öňe sürdüler. Şunuň bilen baglylykda, ýokary döwlet derejesinde emele gelen dostlukly, a...
TÜRKMENISTAN BILEN RUSSIÝANYŇ ASTRAHAN OBLASTYNYŇ ARASYNDA GATNAŞYKLARYŇ ILERI TUTULÝAN UGURLARY ARA ALNYP MASLAHATLAŞYLDY
18-nji sentýabrda Türkmenistanyň Russiýa Federasiýasyndaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi Batyr Nyýazlyýewiň Astrahan oblastynyň gubernatory Igor Babuşkin bilen duşuşygy boldy. Gepleşikleriň başynda sebitiň ýolbaşçysy koronawirus pandemiýasynyň giňden ýaýran döwri Astrahan oblastyna ynsanperwer kömegini ibermek kararyna gelendigi üçin Türkmenistanyň Prezidentine minnetdarlyk sözlerini aýtdy. Bu päkniýetli kömek Türkmenistan bilen Russiýanyň Astrahan oblastyny baglaşdyrýan hoşmeýilli...
TÜRKMENISTANYŇ MINISTRLER KABINETINIŇ MEJLISI
Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň sanly wideoaragatnaşyk arkaly nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda döwlet durmuşynyň möhüm meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy hem-de resminamalaryň birnäçesiniň taslamalaryna garaldy. Döwlet Baştutanymyz, ilki bilen, wideoaragatnaşyga Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary G.Müşşikowy çagyrdy. Wise-premýer Hökümetiň şu ýylyň 4-nji sentýabrynda bolan mejlisiniň barşynda 2020-nji we 2021-nji ýyllarda ýurdumyzyň...