RSS

SOŇKY HABARLAR

pic
6 Awg

PÄKISTANDA TÜRKMENISTANYŇ BITARAPLYGYNYŇ 25 ÝYLLYGYNA BAGYŞLANAN WEBINAR MASLAHATY GEÇIRILDI

2020-nji ýylyň 5-nji awgustynda Türkmenistanyň Päkistan Yslam Respublikasyndaky Ilçihanasy hem-de Päkistanyň Global we strategik gözlegler merkezi (CGSS) bilen bilelikde gurnamagynda Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň şanly 25 ýyllygyna bagyşlanan “Türkmenistanyň Bitaraplygy durmuş-ykdysady taýdan gülläp ösmegiň we sebitara hyzmatdaşlygyň guraly” atly webinar maslahaty geçirildi. Webinaryň işine türkmen diplomatlary, Päkistanyň Global we strategik gözlegler merkeziniň prezidenti Halid Am...

DOWAMY
pic
5 Awg

HORMATLY PREZIDENTIMIZ GURBANGULY BERDIMUHAMEDOW TÄZE KITABYNY ÝAZYP TAMAMLADY

Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow dynç alyş günleriniň dowam edýän pursatlarynda halkymyzyň asyrlar aşyp gelýän ýagşy dessurlaryna we türkmen halkynyň döreden milli ýörelgelerine bagyşlanan täze kitabyny ýazyp tamamlady. Milli Liderimiz dynç alyş pursatlarynda wagtyny işjeň we peýdaly geçirmäge, şeýle hem edebi döredijilige bagyş edýär. «Türkmenistan — Bitaraplygyň mekany» şygary astynda geçýän ýylda täze eseri döretmek halkymyzyň asylly däpleriniň dowamatlylygyny ala...

DOWAMY
pic
5 Awg

TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI LIWAN RESPUBLIKASYNYŇ PREZIDENTINE GYNANÇ BILDIRDI

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Liwan Respublikasynyň Prezidenti Mişel Auna Beýrut şäheriniň portunda bolup geçen partlama netijesinde köp sanly adam pidalary, şikes ýetmeleri hem-de uly möçberli weýrançylyklar zerarly gynanç hatyny iberdi. Türkmenistanyň Prezidenti şu agyr pursatda ýurdumyzyň halkynyň we Hökümetiniň adyndan, şeýle hem hut öz adyndan gurban bolanlaryň maşgalalaryna, dogan-garyndaşlaryna hem-de ýakynlaryna çuňňur gynanjyny we medet beriji sözlerini beýan et...

DOWAMY
pic
4 Awg

RESMI HABAR

Türkmenistanyň Prezidenti Buýruga gol çekdi. Resminama laýyklykda, türkmen halkynyň gadymdan gelýän goňşuçylyk gatnaşyklaryndan hem-de ynsanperwerlik däp-dessurlaryndan ugur alyp, Türkmenistanyň goňşy Owganystan Yslam Respublikasyna ykdysady, durmuş we ynsanperwer ugurlarynda ýardamlary hem-de halkara derejede hemmetaraplaýyn goldaw bermek babatynda möhüm halkara başlangyçlaryny mundan beýläk-de dowam etdirmek maksady bilen, Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligine polimer...

DOWAMY
pic
1 Awg

SANLY TÜRKMENISTAN DÜNÝÄ HABARLAR GIŇIŞLIGINDÄKI ORNUNY GIŇELDÝÄR

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow ýurdumyzyň ministrliklerinden we pudaklaýyn dolandyryş edaralaryndan iň gowy dünýä tejribesini hem-de öňdebaryjy, häzirki zaman iş tejribesini öwrenmegi talap edýär. Şu talaplardan hem-de milli ösüş maksatnamalarynda kesgitlenilen degişli wezipelerden ugur alnyp, döwlet durmuşyny we pudaklary döwrebaplaşdyrmagyň aýgytly ugry işlenilip düzülýär. Sanlylaşdyrmak we maglumat aragatnaşyk tehnologiýalaryny ulanmak bu ugurda möhüm şert bolup durýar....

DOWAMY
pic
1 Awg

TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI BILEN SAUD ARABYSTANYNYŇ PATYŞASYNYŇ ARASYNDA TELEFON ARKALY SÖHBETDEŞLIGI

Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Iki Mukaddesligiň Hyzmatkäri, Saud Arabystanynyň Patyşasy Salman Ben Abdelaziz Al Saud bilen telefon arkaly söhbetdeşligi boldy. Söhbetdeşligiň başynda döwlet Baştutanymyz Saud Arabystanynyň Patyşasynyň näsaglandygy we hassahana ýerleşdirilendigi baradaky habary çuňňur gynanç hem-de biynjalyk duýgusy bilen kabul edendigini belledi. «Siziň gujur-gaýratyňyzyň we berk erkiňiziň ýakyn wagtda hassalygy ýeňip, doly sagalmagyňyza ýardam et...

DOWAMY
pic
31 Iýul

TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTINIŇ WE TÜRKIÝE RESPUBLIKASYNYŇ PREZIDENTINIŇ ARASYNDA TELEFON ARKALY SÖHBETDEŞLIK

Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň we Türkiýe Respublikasynyň Prezidenti Rejep Taýyp Ärdoganyň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik boldy. Iki döwletiň Liderleri mähirli salamlaşyp, Gurban baýramy mynasybetli birek-biregi tüýs ýürekden gutladylar we iň gowy arzuwlaryny beýan etdiler. Söhbetdeşler bu nurana baýramyň ynsanperwerlik ýörelgelerine esaslanýandygyny hem-de sahawatlylygy we belent ruhy-ahlak gymmatlyklaryny alamatlandyrýandygyny belläp, Gurban baýramynyň musul...

DOWAMY