RSS

SOŇKY HABARLAR

pic
9 Iýun

TÜRKMEN-EÝRAN SERHEDINDIŇ ÇÄGINDE TÄZE AWTOMOBIL KÖPRÜSINIŇ AÇYLYŞ DABARASYNA BAGYŞLANAN DUŞUŞYK

2020-nji ýylyň 8-nji iýunynda türkmen-eýran serhedindiň çägindäki «Sarahs-Sarahs» gözegçilik-geçiriş nokadynda Tejen derýasynyň üstünden geçýän täze awtomobil köprüsiniň açylyş dabarasy geçirildi. Çäre Türkmenistanyň sungat ussatlarynyň çykyşlary bilen utgaşdy we dabaraly ýagdaýda geçirildi. Bu ajaýyp çäre mynasybetli günüň ikinji ýarymynda Türkmenistanyň we Eýran Yslam Respublikasynyň ýokary wezipeli wekilleriniň wideokonferensiýa görnüşindäki duşuşygy geçirildi. Türkmen tarapyna Türkmenista...

DOWAMY
pic
8 Iýun

TÜRKMENISTANYŇ HEMIŞELIK BITARAPLYGYNYŇ 25 ÝYLLYGY MYNASYBETLI WELOÝÖRIŞLER GEÇIRILDI

2020-nji ýylyň 6-njy iýunynda Türkmenistanyň Awstriýa Respublikasyndaky Ilçihanasy tarapyndan Wena şäherinde Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 25 ýyllygynyň dabaralarynyň çarçuwasynda bu şanly senä bagyşlanyp weloýörişler geçirildi. Bu çärä ÝHHG-nyň Baş sekretary, ÝHHG agza döwletleriň ilçileri, 25-den gowrak ýurduň diplomatlary, Wena şäherinde ýerleşýän halkara guramalarynyň wekilleri gatnaşdylar. Weloýöriş başlamazdan öň çärä gatnaşyjylara golaýda tutuş dünýä derejesinde giňden bel...

DOWAMY
pic
8 Iýun

TÜRKMENISTANYŇ FRANSIÝADAKY ILÇISI HALKARA ONLAÝN-DUŞUŞYGA GATNAŞDY

Türkmenistanyň Fransiýadaky ilçisi Şöhrat Jumaýew COVID-19 pandemiýasy şertlerinde Merkezi Aziýa döwletleriniň hyzmatdaşlygyna bagyşlanan onlaýn-duşuşyga gatnaşdy. Ony Fransiýanyň Ýewropada perspektiwalar we howpsuzlyk instituty gurady. Wirtual pikir alyşmalara Merkezi Aziýa ýurtlarynyň Parižde ýerleşýän diplomatik wekilhanalarynyň ýolbaşçylary, Fransiýanyň Ýewropa we daşary işler ministrliginiň hem-de beýleki pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, şeýle hem jemgyýetçiligiň we KHBS-niň wekilleri...

DOWAMY
pic
8 Iýun

TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI IŞ SAPARY BILEN LEBAP WELAÝATYNA UGRADY

Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow iş sapary bilen Lebap welaýatyna ugrady. Döwlet Baştutanymyz Ministrler Kabinetiniň 5-nji iýunda geçirilen mejlisinde şu aýda ýurdumyzyň welaýatlarynda sapar bilen bolmagyň, ýerlerde galla oragynyň alnyp barlyşyny görmegiň, kabul edilen durmuş maksatnamalarymyzyň ýerine ýetirilişi bilen tanyşmagyň meýilleşdirilýändigini habar berdi. Milli Liderimiz gündogar welaýata ugramazdan öň, paýtagtymyzyň Halkara howa menzilinde Ministrler Kabineti...

DOWAMY
pic
5 Iýun

TÜRKMENISTANYŇ MINISTRLER KABINETINIŇ MEJLISI

Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň sanly wideoaragatnaşyk arkaly nobatdaky mejlisini geçirdi. Mejlisde milli ykdysadyýetimiziň pudaklarynda şu ýylyň bäş aýynda alnyp barlan işleriň netijelerine, şeýle hem birnäçe resminamalaryň taslamalaryna we döwlet durmuşynyň käbir beýleki meselelerine garaldy. Ilki bilen Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary G.Müşşikow ýanwar — maý aýlarynda makroykdysady görkezijiler barada hasabat bilen çykyş etdi. Döwl...

DOWAMY
pic
5 Iýun

DAŞKY GURŞAWY GORAMAGYŇ BÜTINDÜNÝÄ GÜNI MYNASYBETLI YLMY-AMALY MASLAHAT

Şu gün oba hojalyk toplumynda Daşky gurşawy goramagyň bütindünýä güni mynasybetli “Türkmenistanyň hormatly Prezidentiniň ýurdumyzda daşky gurşawy goramak we ekologiýa abadançylygyny üpjün etmek boýunça döwlet syýasaty: ýetilen sepgitler we wezipeler” atly ylmy-amaly maslahat geçirildi. Bu foruma ýurdumyzyň tebigaty goraýyş düzümleriniň we pudaklaýyn edaralarynyň hünärmenleri, milli parlamentiň deputatlary, ylmy jemgyýetçiligiň, ýokary okuw mekdepleriniň we jemgyýetçilik guramalarynyň, şeýle h...

DOWAMY
pic
5 Iýun

TÜRKMENISTANDA GALLA ORAGYNA BADALGA BERILDI

Ýurdumyzda 5-nji iýunda galla oragyna badalga berildi. Ministrler Kabinetiniň 29-njy maýda geçirilen mejlisinde hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow bu möhüm oba hojalyk möwsüminiň başlanmagyna ak pata berip, edermen ekerançylara zähmet üstünliklerini arzuw etdi. Oňa laýyklykda, ýurdumyzyň Ahal, Lebap we Mary welaýatlarynyň daýhanlary galla oragyna girişdiler. Balkan we Daşoguz welaýatynyň gallaçylary bolsa olara 12-nji iýunda goşularlar. Asylly däbe görä, hormatly ýaşulular Beýik...

DOWAMY