RSS

SOŇKY HABARLAR

pic
1 Iýun

TÜRKMENISTAN — BMG: ÇAGANYŇ HUKUKLARYNY GORAMAK ULGAMYNDA HYZMATDAŞLYK

BMG Türkmenistanyň Hökümetiniň, Mejlisiň hem-de Adalatçynyň Diwanynyň adam hukuklary ulgamynda däp bolan hyzmatdaşydyr. ÝUNISEF bilen bilelikde alnyp barylýan işler çaganyň hukuklaryny goramagyň ileri tutulýan ulgamlarynda bu hyzmatdaşlygyň örän möhüm ugry bolup durýar. Çagalary goramagyň halkara gününde bu ugurda tagallalary birleşdirmegiň, hyzmatdaşlygyň wezipeleriniň we mümkinçilikleriniň netijeleri barada Türkmenistanda Adam hukuklary boýunça ygtyýarly wekili hem-de ÝUNISEF-niň Türkmenistand...

DOWAMY
pic
1 Iýun

TÜRKMENISTANYŇ WE UKRAINANYŇ DIM-NIŇ ÝOLBAŞÇYLARYNYŇ ARASYNDA TELEFON ARKALY GEPLEŞIKLER GEÇIRILDI

2020-nji ýylyň 1-nji iýunynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri R.Meredow Ukrainanyň Daşary işler ministri D.Kuleba bilen telefon arkaly söhbetdeşlik geçirdi. Söhbetdeşligiň barşynda iki ýurduň daşary syýasat edaralarynyň ýolbaşçylary syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady we ynsanperwer ugurlaryndaky türkmen-ukrain hyzmatdaşlygynyň häzirki ýagdaýyny we mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşdylar. Türkmenistanyň we Ukrainanyň Daşary işler ministrleri iki döwletiň başlangyçlarynyň abraýly hal...

DOWAMY
pic
1 Iýun

BÜTINDÜNÝÄ SYÝAHATÇYLYK GURAMASYNYŇ «DIKELDIŞE TARAP HEREKET» ATLY SEBITLEÝIN MASLAHATY GEÇIRILDI

2020-nji ýylyň 1-nji iýunynda sanly wideoaragatnaşyk ulgamy arkaly «Dikeldişe tarap hereket» atly ýokary derejeli sebitleýin maslahat geçirildi. Çäre BMG-niň Bütindünýä syýahatçylyk guramasy tarapyndan guraldy. Sebitleýin maslahata Bütindünýä syýahatçylyk guramasynyň Baş sekretary Zurab Pololikaşwili, Azerbaýjan Respublikasynyň, Ermenistan Respublikasynyň, Belarus Respublikasynyň, Gruziýanyň, Gazagystan Respublikasynyň, Gyrgyz Respublikasynyň, Moldowa Respublikasynyň, Russiýa Federasiýasynyň,...

DOWAMY
pic
1 Iýun

TÜRKMENISTANYŇ DÖWLET, HUKUK WE DEMOKRATIÝA INSTITUTY BILEN BIRLEŞEN ARAP EMIRLIKLERINIŇ STRATEGIK BILIMLER WE BARLAGLAR MERKEZINIŇ ARASYNDA DUŞUŞYK GEÇIRILDI

2020-nji ýylyň 1-nji iýunynda Türkmenistanyň Döwlet, hukuk we demokratiýa institutynyň direktory Ý.Nuryýew bilen Birleşen Arap Emirlikleriniň Strategik bilimler we barlaglar merkeziniň (ECSSR) ýerine ýetiriji direktory jenap Halid Al Suwaidininiň arasynda onlaýn görnüşinde duşuşyk geçirildi Duşuşygyň barşynda taraplar iki ýurduň arasyndaky bar bolan ýokary derejeli hyzmatdaşlygy bellediler hem-de ylym ulgamyndaky milli kanunçylygyň meselelerine we bu ugurdaky tejribeleri paýlaşmagyň mümkinçil...

DOWAMY
pic
1 Iýun

1-NJI IÝUN — ÇAGALARY GORAMAGYŇ HALKARA GÜNI

Gadyrly çagalar! Men siziň ähliňizi Çagalary goramagyň halkara güni bilen gutlaýaryn. Size berk jan saglyk, bagt we uly üstünlikler arzuw edýärin. 1-nji iýunda dünýäniň köp ýurtlarynda bu sene çagalaryň baýramy hökmünde bellenilýär. Ol diňe bir tomus paslynyň we mekdep okuwçylarynyň dowamly tomusky dynç alşynyň ilkinji güni bolmak bilen çäklenmän, körpe nesliň geljegi üçin has uly ähmiýetli senedir. Çagalaryň hukuklaryny goramak Türkmenistanyň goşulan köp sanly halkara resminamalarynyň we...

DOWAMY
pic
31 Maý

TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTINIŇ TÜRKMEN HALYSYNYŇ BAÝRAMY MYNASYBETLI GUTLAGY

Hormatly sergä we mejlise gatnaşyjylar! Çeper elli mähriban halyçylar! Sizi milli buýsanjymyz bolan Türkmen halysynyň baýramy hem-de Türkmenistanyň haly, dokma we söwda pudaklarynyň ösüşine bagyşlanan sergi-ýarmarkasynyň we Türkmen halyşynaslarynyň bütindünýä jemgyýetiniň XX mejlisiniň öz işine başlamagy bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn! Nepisligi we öwüşginli lowurdysy bilen dünýäni haýran edýän ajaýyp türkmen halysy merdana halkymyzyň gadymyýetden gözbaş alyp, umumadamzat medeniýetiniň ge...

DOWAMY
pic
30 Maý

TÜRKMENISTANYŇ RUMYNIÝADAKY ILÇIHANASY TÜRKMENISTANYŇ BITARAPLYGYNYŇ 25 ÝYLLYGY MYNASYBETLI TEGELEK STOL GURNADY

2020-nji ýylyň 30-njy maýynda Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň derejesiniň şanly 25 ýyllygynyň bellenilmeginiň çäginde Türkmenistanyň Rumyniýadaky Ilçihanasy bu möhüm çärä bagyşlanan tegelek stol çäresini we Rumyniýadaky türkmen talyplarynyň arasynda geçirilen surat çekmek boýunça bäsleşikde ýeňijilere baýrak gowşurmak dabarasyny geçirdi. Türkmenistanyň Rumyniýadaky Ilçisi öz çykyşynda Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň ähmiýetine ünsi çekip, şu ýylyň 11-12-nji dekabr aralygynda T...

DOWAMY