TÜRKMENISTANYŇ KONSULLYGY
OWGANYSTAN YSLAM RESPUBLIKASY - MAZARI ŞERIP
2025-nji ýyl - Halkara parahatçylyk
we ynanyşmak ýyly
SOŇKY HABARLAR
TÜRKMENISTANYŇ MINISTRLER KABINETINIŇ MEJLISI
Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow sanly wideoaragatnaşyk arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda döwlet syýasatynyň möhüm meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy we birnäçe resminamalaryň taslamalaryna garaldy. Milli Liderimiz «Oguzhan» köşkler toplumyndan çykyp, Hökümet mejlisiniň geçirilýän ýeri bolan Ministrler Kabinetiniň binasyna tarap welosipedli ugrady. Soňky ýyllarda döwlet Baştutanymyzyň jemgyýetimizde sagdyn durmuş ýörelgelerini kemala g...
TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTINIŇ BSG-NYŇ BAŞ DIREKTORYNYŇ ADYNA IBEREN HATY BMG BAŞ ASSAMBLEÝASYNYŇ 74-NJI MEJLISINIŇ RESMINAMASY HÖKMÜNDE BEÝAN EDILDI
Türkmenistanyň Prezidentiniň Bütindünýä saglygy goraýyş guramasynyň Baş Direktory Tedros Adhanom Gebreýesusyň adyna ýollan haty BMG-niň Baş Assambleýasynyň 74-nji sessiýasynyň resminamasy hökmünde beýan edildi hem-de aýratyn maglumat hökmünde Guramanyň resmi dillerine terjime edilip ýaýradyldy. Mälim bolşy ýaly, Türkmenistanyň häzirki ýagdaýlardaky hereketleri Bütindünýä saglygy goraýyş guramasynyň COVID-19 koronawirusynyň tutuş dünýäde ýaýramagynyň öňüni almak maksady bilen işlenip düzülen t...
DIM-IŇ BINASYNDA TÜRKMENISTANYŇ SAGLYGY GORAÝYŞ ULGAMYNDAKY HALKARA BAŞLANGYÇLARYNYŇ AMALA AŞYRYLMAGYNA BAGYŞLANAN BRIFING GEÇIRILDI
2020-nji ýylyň 22-nji maýynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň binasynda Türkmenistanyň saglygy goraýyş ulgamyndaky halkara başlangyçlarynyň amala aşyrylmagyna bagyşlanan brifing geçirildi. Saglygy goraýyş ulgamynyň derwaýys meseleleri boýunça işjeň pikir alyşmalaryň ýerine öwrülen brifinge Türkmenistanyň Daşary işler, Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrlikleriniň we beýleki ugurdaş pudak edaralarynyň, ýurdumyzda işleýän diplomatik missiýalarynyň we halkara guramalarynyň weki...
TÜRKMENISTANYŇ WE AZERBAÝJAN RESPUBLIKASYNYŇ DIPLOMATIK ÝOKARY OKUW MEKDEPLERI HYZMATDAŞLYGY ÖSDÜRMEK BARADA GEPLEŞIKLERI GEÇIRDILER
2020-nji ýylyň 22-nji maýynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary instituty bilen Azerbaýjan Respublikasynyň Diplomatik akademiýasy Uniwersitetiniň (ADA Uniwersitetiniň) arasynda wideoaragatnaşyk arkaly maslahat geçirildi. Maslahata gatnaşyjylar döwletleriň arasynda uzakmöhletleýin özara gatnaşyklaryň dowamynda toplanan hyzmatdaşlygyň oňyn tejribesine ünsi çekmek bilen, soňky ýyllarda Türkmenistan bilen Azerbaýjanyň arasynda emele gelen döwletara gatnaşyklaryň barh...
TÜRKMENISTANDA INTELLEKTUAL EÝEÇILIGINIŇ HUKUK BINÝADYNY GIŇELTMEK MESELELERINE BAGYŞLANAN DUŞUŞYK GEÇIRILDI
2020-nji ýylyň 22-nji maýynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň binasynda ýurdumyzda intellektual eýeçiliginiň hukuk binýadyny giňeltmek bilen bagly meseleleri ara alyp maslahatlaşmak boýunça iş maslahaty geçirildi. Maslahata Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň, Türkmenistanyň Mejlisiniň, Maliýe we ykdysadyýet, Bilim, Medeniýet, Adalat ministrlikleriniň we beýleki degişli ministrlikleriň we pudak edaralaryň ýolbaşçylary hem-de wekilleri gatnaşdylar. Duşuşygyň barşynda milli...
TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI OBA HOJALYGYNY ÖSDÜRMEK BOÝUNÇA MASLAHAT GEÇIRDI
Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň obasenagat hem-de gurluşyk we senagat toplumlaryna gözegçilik edýän orunbasarlary E.Orazgeldiýewiň hem-de Ş.Durdylyýewiň gatnaşmaklarynda iş maslahatyny geçirdi. Maslahatda ýurdumyzyň ilatyny türkmen topragynda ösdürilip ýetişdirilýän azyk önümleri bilen üpjün etmekde alnyp barylýan işler ara alnyp maslahatlaşyldy hem-de öňde durýan, ilkinji nobatda, amala aşyrylmaly wezipeler kesgitlenildi. Türkmenistan...
MERKEZI AZIÝA ÝURTLARYNYŇ WE RUSSIÝANYŇ DAŞARY SYÝASAT EDARALARYNYŇ ORUNBASARLARYNYŇ DUŞUŞYGY GEÇIRILDI
2020-nji ýylyň 21-nji maýynda Merkezi Aziýa ýurtlarynyň, şol sanda Gazagystan Respublikasynyň, Gyrgyz Respublikasynyň, Täjigistan Respublikasynyň, Türkmenistanyň, Özbegistan Respublikasynyň we Russiýa Federasiýasynyň daşary işler ministrleriniň orunbasarlarynyň mejlisi geçirildi. Duşuşyk wideokonferensiýa görnüşinde geçdi. Duşuşyga gatnaşyjylar MA5+Russiýa formatyndaky öňde duran üçünji ministrler derejesindäki mejlisiň gün tertibine degişlilikde hem pikirleri alyşdylar. Mejlise gatnaşyjy...