RSS

SOŇKY HABARLAR

pic
28 Apr

AŞGABATLYLAR ÜÇIN GOLLIWUDYŇ MEŞHUR FILMLERINIŇ SAZLARY ÝAŇLANDY

Resul Gylyjowyň ýolbaşçylygyndaky Döwlet simfoniki orkestri saz muşdaklaryna ýatdan çykmajak aýdym-saz agşamyny peşgeş etdi. Geçen dynç günleri «Türkmenistan» kinokonsert merkezinde ýaňlanan Golliwudyň meşhur filmlerine sazlar paýtagtly saz muşdaklaryna kino sungatynyň jadyly täsiri bilen geçen döwre syýahat etmäge we «Titanik» gämisinde bolmaga, Agent 007-niň syrlaryny bilmäge, Ikinji jahan urşunyň hasratyny duýmaga, «Ýyldyzlar urşunyň» şaýady bolmaga we Ýura döwrüniň seýilgähine baryp görmäge...

DOWAMY
pic
28 Apr

MÜSÜRIŇ WE YSRAÝYLYŇ PREZIDENTLERI TÜRKMEN LIDERINE ORAZA AÝYNYŇ GELMEGI MYNASYBETLI MÄHIRLI GUTLAGLARYNY IBERDILER

Onuň Alyhezreti, Türkmenistanyň Prezidenti jenap Gurbanguly BERDIMUHAMEDOWA Tutuş dünýäniň musulmanlary üçin mukaddes Oraza aýynyň gelmegi mynasybetli Siziň Alyhezretiňize hem-de dostlukly türkmen halkyna iň gowy arzuwlarymy beýan etmegi özüme uly mertebe hasaplaýaryn. Mukaddes Oraza aýy doganlyk, raýdaşlyk we hyzmatdaşlyk ýaly beýik yslam gymmatlyklaryny artdyrmak üçin ajaýyp mümkinçilikdir. Gudraty Güýçli Allatagaladan ähli musulman ymmatyna berk jan saglyk, bagt we rowaçlyk dileg e...

DOWAMY
pic
28 Apr

TÜRKMENISTANYŇ ÝAPONIÝADAKY ILÇIHANASY BITARAPLYGYNYŇ ŞANLY 25 ÝYLLYGY MYNASYBETLI YLMY OKUW MASLAHAT GEÇIRDI

2020-nji ýylyň 27-nji aprelinde Türkmenistanyň Ýaponiýadaky Ilçihanasy Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň şanly 25 ýyllygy mynasybetli Tokio uniwersiteti bilen bilelikde wideo aragatnaşyk arkaly “Bitarap Türkmenistan: Parahatçylygyň we rowaçlygyň girewidir” atly ylmy okuw maslahaty geçirdi. Bu çärä Tokio uniwersitetiniň professor-mugallymlary, talyp ýaşlary, Ýaponiýanyň Halkara hyzmatdaşlyk agentliginiň (JIСА) wekilleri, ylmy guramalarynyň we bilim ulgamynyň wekilleri gatnaşdylar. Mas...

DOWAMY
pic
28 Apr

TÜRKMENISTANYŇ DAŞARY IŞLER MINISTRLIGINIŇ HALKARA GATNAŞYKLARY INSTITUTYNDA WIDEOKONFERENSIÝA GEÇIRILDI

2020-nji ýylyň 28-nji aprelinde Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda wideokonferensiýa guralyp, onda Beýik Britaniýanyň «University College of London» ýokary okuw mekdebiň Arheologiýa institutynyň professory, Birleşen Milletler Guramasynyň Bilim, ylym we medeniýet boýunça guramasynyň (ÝUNESKO) ýüpek ýollary boýunça baş maslahatçysy Tim Uilýams göni wideoaragatnaşyk arkaly leksiýa bilen çykyş etdi. Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatna...

DOWAMY
pic
28 Apr

TÜRKMENISTANYŇ DIM-DE ÝB-NIŇ MERKEZI AZIÝA BOÝUNÇA ÝÖRITE WEKILI BILEN DUŞUŞYK GEÇIRILDI

2020-nji ýylyň 28-nji aprelinde Türkmenistanyň Daşary işler ministri R.Meredowyň Ýewropa Bileleşiginiň Merkezi Aziýa boýunça ýörite wekili Piter Buriýan bilen sanly wideo aragatnaşygy arkaly duşuşygy geçirildi. Duşuşyga gatnaşyjylar sebit we halkara gün tertibi dogrusynda pikirleri alyşdylar, şeýle-de dünýä jemgyýetçiligi üçin ýeňil bolmadyk häzirki döwürde ýurtlaryň we halklaryň hemmetaraplaýyn özarahereketleriniň hem-de özara goldawlarynyň zerurlygyny nygtadylar. Onlaýn-söhbetdeşligiň ba...

DOWAMY
pic
28 Apr

TÜRKMENISTANYŇ HÖKÜMETI BILEN BMG-NIŇ ÖSÜŞ MAKSATNAMASYNYŇ ARASYNDA TEGELEK STOL GEÇIRILDI

2020-nji ýylyň 28-nji aprelinde BMG-niň Aşgabat şäherindäki binasynda tegelek stol geçirildi. Çärä Türkmenistanyň Hökümetiniň we BMG-niň Ösüş Maksatnamasynyň wekilleri gatnaşdylar.  Türkmenistan bilen BMG-niň Ösüş Maksatnamasynyň arasynda 2021-2025-nji ýyllar üçin hyzmatdaşlygyň Ýurt Maksatnamasynyň taslamasy  duşuşygyň esasy temasy boldy. Kanunyň hökmürowanlygy we ykdysadyýetiň diwersifikasiýasy, şeýle-de statistiki maglumatlaryň hili ýaly ileri tutulýan ugurlar boýunça hyzmatdaşlygy mundan...

DOWAMY
pic
28 Apr

TÜRKMENISTANYŇ DAŞARY IŞLER MINISTRLIGINDE ENERGETIKA HARTIÝASYNYŇ BAŞ SEKRETARY BILEN ONLAÝN GEPLEŞIKLER GEÇIRILDI

2020-nji ýylyň 28-nji aprelinde Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Energetika Hartiýasynyň Baş sekretary Urban Rusnak bilen wideo aragatnaşyk arkaly duşuşyk geçirildi. Türkmen tarapyndan duşuşyga Türkmenistanyň Prezidentiniň nebitgaz meseleleri boýunça geňeşçisi, ýurdumyzyň degişli ministrlikleriniň we pudak edaralarynyň, şol sanda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň, Maliýe we ykdysadyýet ministrliginiň, Adalat ministrliginiň, Energetika ministrliginiň, “Türkmengaz” we “Türkme...

DOWAMY