RSS

SOŇKY HABARLAR

pic
24 Apr

RESMI HABAR

Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň öňünde durýan wezipeleri üstünlikli amala aşyrmak, ahalteke bedewleriniň şan-şöhratyny has-da belende galdyrmak we atşynaslyk sungatyny ösdürmek, bu ugurda öňdebaryjy tejribeleri atçylyk pudagyna giňden ornaşdyrmak hem-de atşynaslaryň arasyndaky özara bähbitli hyzmatdaşlygyň gerimini giňeltmek maksady bilen, şeýle hem assosiasiýanyň müdiriýetiniň teswirnamasyna laýyklykda, Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Kar...

DOWAMY
pic
24 Apr

ATÇYLYK PUDAGYNYŇ USSATLARYNY SYLAGLAMAK DABARASY

Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň tabşyrygyna laýyklykda, paýtagtymyzdaky Jemgyýetçilik guramalarynyň merkezinde Türkmen bedewiniň milli baýramy mynasybetli pudagyň has tapawutlanan işgärlerine «Garaşsyz Türkmenistana bolan beýik söýgüsi üçin» diýen ordeni, «Gaýrat» we «Watana bolan söýgüsi üçin» medallaryny gowşurmak hem-de «Türkmenistanyň at gazanan atşynasy» we «Türkmenistanyň halk atşynasy» diýen hormatly atlary dakmak dabarasy boldy. Bu ýokary sylaglar we hormatly...

DOWAMY
pic
24 Apr

TÜRKMENISTANYŇ DIM-DE AWTOMOBIL ULAGLARYNYŇ HALKARA BIRLEŞIGINIŇ (IRU) BILERMENLERI BILEN ONLAÝN-DUŞUŞYK GEÇIRILDI

2020-nji ýylyň 24-nji aprelinde Türkmenistanyň DIM-de Awtomobil ulaglarynyň halkara birleşiginiň (IRU) bilermenleri bilen wideokonferensiýa görnüşinde duşuşyk geçirildi. Türkmen tarapyndan çärä Türkmenistanyň birnäçe ministrliginiň we pudak edarasynyň, şol sanda Döwlet gümrük gullugynyň, Mejlisiň, Merkezi bankyň, «Türkmenawtoýollary», «Türkmendemirýollary» we «Türkmendeňizderýaýollary» agentlikleriniň ýolbaşçylary we wekilleri, hem-de Halkara awtoulag daşaýjylarynyň türkmen assosiasiýasynyň w...

DOWAMY
pic
23 Apr

BELARUS RESPUBLIKASYNDA TÜRKMENISTANYŇ HEMIŞELIK BITARAPLYGYNA BAGYŞLANAN WIDEOŞEKILLI MASLAHAT GEÇIRILDI

2020-nji ýylyň 22-nji aprelinde Belarus Respublikasynyň Baranowiçi şäheriniň Döwlet uniwersitetinde Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygyna bagyşlanan wideoşekilli maslahat geçirildi. Agzalan çärä uniwersitetiň rektory W.I.Koçurko, prorektorlary, Türkmenistanyň Belarus Respublikasyndaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi, Ilçihananyň işgärleri, uniwersitetde okaýan türkmen talyplary, KHBS-niň wekilleri gatnaşdylar.    Rektor W.I.Koçurko öz çykyşynda Türkmenistanyň oňyn Bitaraplygynyň p...

DOWAMY
pic
23 Apr

TÜRKMENISTAN WE BÜTINDÜNÝÄ GÜMRUK GURAMASY HYZMATDAŞLYGY ÖSDÜRMEK BOÝUNÇA MESELELERI ARA ALYP MASLAHATLAŞDYLAR

2020-nji ýylyň 23-nji aprelinde Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň, Döwlet gümrük gullugynyň hem-de Bütindünýä Gümruk Guramasynyň wekilleriniň gatnaşmagynda sanly wideo aragatnaşyk arkaly duşuşyk geçirildi. Duşuşygyň barşynda Türkmenistanyň we Bütindünýä Gümruk Guramasynyň (BGG) arasyndaky hyzmatdaşlygynyň ähmiýetli ugurlary ara alnyp maslahatlaşyldy. Hususan-da, türkmen tarapyndan döwlet serhedindäki gümruk gözegçiligini gurnamagy kämilleşdirmek boýunça BGG-ň öňdebaryjy tejribesini ö...

DOWAMY
pic
23 Apr

ÖZBEGISTANYŇ ÝOKARY OKUW MEKDEPLERINDE BILIM ALÝAN TÜRKMEN TALYPLARY UZAK ARALYKDAN SPORT BÄSLEŞIGINE GATNAŞDYLAR

23-nji aprelde Türkmenistanyň Özbegistan Respublikasyndaky Ilçihanasy ýurdumyzdan, şeýle hem Hindistandan hem-de Gyrgyzystandan Daşkendiň lukmançylyk akademiýasynyň Ürgenç şahamçasynda we Daşkendiň Muhammet Al-Horezmi adyndaky maglumatlar tehnologiýalary uniwersitetiniň Ürgenç şahamçasynda bilim alýan talyplaryň gatnaşmagynda kiçi futbol hem-de woleýbol boýunça uzak aralykdan sport bäsleşiklerini gurady. Türkmenistanyň hemişeik Bitaraplygy derejesini almagynyň 25 ýyllygyny baýram etmegiň çäkl...

DOWAMY
pic
23 Apr

DAŞOGUZ ATÇYLYK SPORT TOPLUMYNDAN HALYPA ÇAPYKSUWAR GYMMATLY BAÝRAGA MYNASYP BOLDY

Lebap atçylyk sport toplumynda ýurdumyzyň halypa çapyksuwarlarynyň arasynda geçirilen ýaryşda Täçmyrat Dowulbaýew Perhat atly bedewde ýeňiş gazandy. Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň Buýrugyna laýyklykda, Türkmen bedewiniň milli baýramyna bagyşlanyp geçirilen uly ýaşly çapyksuwarlaryň arasynda ýaryşyň ýeňijisine gymmatly baýrak – awtomobil gowşuryldy. Täçmyrat Dowulbaýew we onuň gara dor aty Perhat Daşoguz atçylyk sport toplumyndandyr. Çapyksuwaryň başarjaň, oýlanşykly...

DOWAMY