img
TÜRKMENISTANYŇ KONSULLYGY
OWGANYSTAN YSLAM RESPUBLIKASY - MAZARI ŞERIP
2026-njy ýyl - "Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan
— bedew batly at-myradyň mekany"
img
RSS

SOŇKY HABARLAR

pic
22 Okt

ÝURDUŇ GÜNDOGAR SEBITINIŇ EKARANÇYLARY ŞALY ÝYGYMYNA GIRIŞDILER

Lebap welaýatynda şaly ýygymy başlandy. Bu sebitde şu gymmatly azyklyk ekin iň köp mukdarda ýetişdirilýär. Bu ýerde şaly güýzlük galladan boşan 10 müň 200 gektar meýdana ekildi. Ýurduň gündogarynda esasan şalynyň ýerli toprak-howa şertlerine gowy uýgunlaşan, ýokary hasyllylygy we datly tagamy bilen tapawutlanýan «Nukus-2» sorty ýetişdirilýär. Orakda ýokary öndürijilikli döwrebap kombaýnlar işledilýär. Lebaply şalyçylar döwlete 47 ümň 400 tonna şaly tabşyrmagy göz öňünde tutýarlar. http://turk...

DOWAMY
pic
22 Okt

TÜRKMENISTANYŇ DAŞARY IŞLER MINISTRINIŇ ÝAPONIÝANYŇ TÜRKMENISTANDAKY ILÇISI BILEN DUŞUŞYGY

2020-nji ýylyň 22-nji oktýabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredowyň ýurdumyzda diplomatik işini tamamlaýan Ýaponiýanyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi jenap Katsumata Takahiko bilen duşuşygy geçirildi. Diplomatlar türkmen-ýapon hyzmatdaşlygynyň ösüşine ýokary baha berdiler hem-de onuň mazmuna baý häsiýeti bellenilip geçildi. Ýokary derejede syýasy-diplomatik gatnaşyklaryň giňeldilýändigi aýratyn nygtaldy. Şu nukdaýnazardan, Türkmenistanyň hormatly P...

DOWAMY
pic
21 Okt

MINSKDE GDA-NYŇ ŞTAB-KWARTIRASYNDA TÜRKMENISTANYŇ HEMIŞELIK BITARAPLYGYNYŇ 25-ÝYLLYGYNA BAGYŞLANAN SERGI GEÇIRILDI

2020-nji ýylyň 20-nji noýabrynda Minskde GDA-nyň ştab kwartirasynda Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 25-ýyllygyna bagyşlanan serginiň açylyş dabarasy geçirildi. Sergini Türkmenistanyň Belarus Respublikasyndaky Ilçihanasy Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň Ýerine ýetiriji komiteti bilen bilelikde gurnady. Serginiň açylyş dabarasynda GDA-nyň Ýerine ýetiriji komitetiniň ýolbaşçylary we işgärleri, Birleşen Milletler Guramasynyň Belarus Respublikasyndaky Hemişelik utgaşdyryjysy Ioanna Ka...

DOWAMY
pic
21 Okt

TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI MILLI YKDYSADYÝETIMIZI ÖSDÜRMEK BOÝUNÇA IŞ MASLAHATYNY GEÇIRDI

Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň ykdysady topluma gözegçilik edýän orunbasary G.Müşşikowyň, maliýe we ykdysadyýet ministri M.Serdarowyň hem-de Merkezi bankyň başlygy M.Annadurdyýewiň gatnaşmagynda iş maslahatyny geçirdi. Onuň dowamynda ýurdumyzyň halk hojalyk toplumyny mundan beýläk-de ösdürmäge gönükdirilen möhüm wezipeler ara alnyp maslahatlaşyldy. Şeýle hem geljek ýyl üçin Döwlet býujetiniň taslamasynyň taýýarlanylyşy hakyndaky hasab...

DOWAMY
pic
21 Okt

TÜRKMENISTANYŇ ÝUNESKO-NYŇ ÝANYNDAKY HEMIŞELIK WEKILI АSPАК SEBIT TOPARYNYŇ MEJLISINDE ÇYKYŞ ETDI

Şu gün ÝuNESKO-nyň Aziýa-Ýuwaş ummany toparynyň (АSPАК) onlaýn görnüşde geçirilen umumy mejlisiniň dowamynda Türkmenistanyň ÝuNESKO-nyň ýanyndaky Hemişelik wekili Şöhrat Jumaýew Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 25 ýyllygyny baýram etmek temasyndan çykyş etdi. Mejlise ÝuNESKO-nyň Baş direktorynyň ylym boýunça orunbasary hanym Şamila Nair-Bedual we АSPАК toparyna agza ýurtlaryň wekilleri gatnaşdylar. Türkmenistanyň ÝuNESKO-nyň ýanyndaky Hemişelik wekili onlaýn-duşuşyga gatnaşyjylary h...

DOWAMY
pic
21 Okt

TÜRKMENISTAN BILEN BIRLEŞEN ARAP EMIRLIKLERINIŇ ARASYNDAKY HYZMATDAŞLYK BOÝUNÇA BILELIKDÄKI KOMITETINIŇ ÜÇÜNJI MEJLISI GEÇIRILDI

2020-nji ýylyň 21-nji oktýabrynda Türkmenistan bilen Birleşen Arap Emirlikleriniň arasyndaky Hyzmatdaşlyk boýunça bilelikdäki komitetiniň üçünji mejlisi wideoaragatnaşyk ulgamy arkaly geçirildi. Türkmen wekiliýetine Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow, emirlikleriň wekiliýetine Birleşen Arap Emirlikleriniň Daşary işler we halkara hyzmatdaşlyk ministri Şeýh Abdulla bin Zaýed Al Nahaýan ýolbaşçylyk etdiler. Mähirli salamlaşanlaryndan soňra, ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň ösüşiniň ýo...

DOWAMY
pic
21 Okt

AŞGABATDA «BITARAP TÜRKMENISTAN – PARAHATÇYLYGYŇ, DURNUKLYLYGYŇ WE DURNUKLY ÖSÜŞIŇ HATYRASYNA» TEMASY BOÝUNÇA ONLAÝN GÖRNÜŞINDÄKI DIPLOMATIK OKUWLAR BAŞLADY

2020-nji ýylyň 21-nji oktýabrynda Türkmenistanyň DIM-niň Halkara gatnaşyklary institutynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň guranamagynda «Bitarap Türkmenistan – parahatçylygyň, durnuklylygyň we durnukly ösüşiň hatyrasyna» temasy boýunça daşary ýurtlaryň ýaş diplomatlary üçin onlaýn görnüşindäki üç günlük diplomatik okuwlar başlady. Bu okuwlara dünýäniň 13 ýurdundan, hususan-da Owganystandan, Özbegistandan, Russiýadan, Türkiýeden, Belarusdan, Awstriýadan, ABŞ-dan, Wengriýadan, Günor...

DOWAMY