TÜRKMENISTANYŇ KONSULLYGY
OWGANYSTAN YSLAM RESPUBLIKASY - MAZARI ŞERIP
2025-nji ýyl - Halkara parahatçylyk
we ynanyşmak ýyly
SOŇKY HABARLAR
AMAN AMANGELDIÝEWIŇ ÝAGTY ÝADYGÄRLIGINE BAGYŞLANAN SERGI
Şekillendiriş sungaty muzeýinde Türkmenistanyň halk nakgaşy Aman Amangeldiýewiň işleriniň sergisi açyldy. Golaýda aradan çykan žiwopisçi aýatda diri gezip ýörenliginde 90 ýaş toýuny toýlamalydy. Sergä gelenler nakgaşyň işleri bilen tanyşlygy onuň 1979-njy ýylda çeken awtoportretinden başlaýarlar. Daşyndan göräýmäge ony şeýle keşpde görmediklere ýat görünse-de, onda döwrüň ruhyny we oňa mahsus wakalary takyk beýan etmäge ussat Aman Amangeldiýewiň şahsyýeti görünýär. Türkmen žiwopisiniň muşd...
RESMI HABAR
?Türkmenistanyň prokuraturasy hakyndaky» Türkmenistanyň Kanunynyň 16-njy maddasyna laýyklykda, Türkmenistanyň Prezidenti, Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy Gurbanguly Berdimuhamedow Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, 1-nji derejeli ýurist Toýly Allanazarowiç Rozyýew Ahal welaýatynyň harby prokurory wezipesine bellenilip, Mary welaýatynyň Baýramaly etrabynyň prokurory wezipesinden boşadyldy; 1-nji derejeli ýurist Kakajan Kanalowiç Amanmyradow Lebap welaýatynyň pr...
TÜRKMENISTANYŇ DÖWLET HOWPSUZLYK GEŇEŞINIŇ MEJLISI
Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy goşun generaly Gurbanguly Berdimuhamedow Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň mejlisini geçirdi, onda şu ýylyň geçen üç aýynda harby we hukuk goraýjy edaralaryň ýerine ýetiren işleriniň netijeleri ara alnyp maslahatlaşyldy, ýakyn geljek üçin möhüm wezipeler kesgitlenildi hem-de olaryň maddy-enjamlaýyn binýadyny berkitmek, işini has-da kämilleşdirmek bilen bagly meselelere seredildi. Ilki bilen, goranmak ministri B.G...
SANLY WIDEOARAGATNAŞYK ULGAMY ARKALY GEPLEŞIKLERDE TÜRKMEN-GRUZIN IKITARAPLAÝYN GATNAŞYKLARY ARA ALNYP MASLAHATLAŞYLDY
2020-nji ýylyň 1-nji aprelinde Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Türkmenistan bilen Gruziýanyň hökümet wekilleriniň arasynda wideoaragatnaşyk ulgamy arkaly gepleşikler geçirildi. Gruzin tarapyna Gruziýanyň Daşary işler ministriniň orunbasary A.Hwtisiaşwili ýolbaşçylyk etdi. Şeýle-de gruzin tarapyndan Gruziýanyň Ykdysadyýet we durnukly ösüş ministriniň orunbasary, Maliýe ministriniň orunbasary, agentlikleriň hem-de kompaniýalaryň ýolbaşçylary gatnaşdylar. Türkmen tarapyna Türkmenis...
SENAGATÇYLAR WE TELEKEÇILER BIRLEŞMESINIŇ MÜDIRIÝETINIŇ MEJLISI
Şu gün Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň müdiriýetiniň mejlisi geçirildi, onda ýurdumyzda hususy işewürligi mundan beýläk-de ösdürmegiň häzirki wagtdaky meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Mejlisde şeýle hem guramaçylyk meselesine garaldy, oňa laýyklykda, A.Dadaýewiň pensiýa çykmagy sebäpli, ony Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň başlygy wezipesinden boşatmak hakyndaky arzasy kanagatlandyryldy. Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň başlygynyň wezipesini...
ÝAPONIÝADA TÜRKMENISTANYŇ HEMIŞELIK BITARAPLYGYNYŇ ŞANLY 25 ÝYLLYGYNYŇ BELLENILMEGINE BAGYŞLANAN ÇÄRELER GEÇIRILÝÄR
Türkmenistanda bolşy ýaly, daşary ýurtlarda hem Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň şanly 25 ýyllygyna bagyşlanan hem-de biziň ýurdumyzda 2020-nji ýylyň «Türkmenistan – Bitaraplygyň mekany» diýlip yglan edilmegi mynasybetli çäreleriň geçirilmegi dowam edýär. 2020-nji ýylyň 31-nji martyndan başlap jemgyýetçilik ulaglary, ýagny Ýaponiýanyň paýtagty Tokio şäheriniň awtobuslary, Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň şanly 25 ýyllygyna bagyşlanan bannerler bilen bezeldi. Mundan başga-da...
HORMATLY PREZIDENTIMIZ GURBANGULY BERDIMUHAMEDOW IÇERI IŞLER MINISTRLIGINIŇ INSTITUTYNA BARYP GÖRDI
Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy goşun generaly Gurbanguly Berdimuhamedow Içeri işler ministrliginiň institutynda bolup, bu ýerde alnyp barylýan okuw-terbiýeçilik hem-de amaly-türgenleşik işleri bilen tanyşdy. Ir bilen döwlet Baştutanymyz institutyň baş binasyna geldi. Bu ýokary okuw mekdebiniň täze binasy milli Liderimiziň gatnaşmagynda 2009-njy ýylda açyldy. Ýokary okuw mekdebiniň ak mermere beslenen özboluşly binalar toplumy Bitarap Tür...