img
TÜRKMENISTANYŇ KONSULLYGY
OWGANYSTAN YSLAM RESPUBLIKASY - MAZARI ŞERIP
2026-njy ýyl - "Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan
— bedew batly at-myradyň mekany"
img
RSS

SOŇKY HABARLAR

pic
30 Okt

PEKINDE TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTINIŇ "TÜRKMENIŇ DÖWLETLILIK ÝÖRELGESI" ATLY KITABYNYŇ HYTAÝ DILINDE TANYŞDYRYLYŞ DABARASY GEÇIRILDI

2020-nji ýylyň 29-njy oktýabrynda Türkmenistanyň Ilçihanasy “PetroChina”  kompaniýasynyň ýardam bermeginde Hytaý Halk Respublikasynyň Milli Nebit we Gaz Korporasiýasynyň (KNK) baş edarasynyň Kunlun kabul ediş zalynda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň hytaý diline terjime edilen “Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi” atly kitabynyň tanyşdyrylyş dabarasy geçirildi. Tanyşdyrylyş dabarasyna Türkmenistanyň Ilçihanasynyň işgärleri, HHR-nyň Daşary işler ministrliginiň Ewropa we Merkez...

DOWAMY
pic
29 Okt

TÜRKMENISTANYŇ MINISTRLER KABINETINIŇ MEJLISI

Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň sanly wideoaragatnaşyk arkaly nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda döwlet durmuşyna degişli birnäçe möhüm meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy we käbir resminamalaryň taslamalaryna garaldy. Ilki bilen Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary G.Müşşikowa söz berildi. Wise-premýer ykdysadyýetiň ähli pudaklarynda hususy ulgamyň kuwwatyndan giňden peýdalanmak, telekeçilige döwlet tarapyndan goldaw bermek...

DOWAMY
pic
29 Okt

TÜRKMENISTANYŇ BITARAPLYGYNYŇ 25 ÝYLLYGYNA BAGYŞLANAN WIDEOROLIKLER – ANKARA ŞÄHERINIŇ MERKEZI EKRANLARYNDA

Mälim bolşy ýaly, «Türkmenistan – Bitaraplygyň mekany» şygary astynda geçýän 2020-nji ýylda Türkmenistan BMG derejesinde yglan edilen hemişelik Bitaraplyk derejesiniň 25 ýyllygyny belleýär we bu wajyp sene mynasybetli ýurdumyzda we daşary ýurtlarda dürli çäreler geçirilýär. Şunlukda, Ankara şäheriniň merkezi ekranlarynda Türkmenistanyň Bitaraplyk derejesine eýe bolanyndan soň 25 ýylyň dowamynda gazanan sepgitleri barada wideorolikler görkezildi. Şeýlelikde, Türkiýe Respublikasynyň paýtagtynyň...

DOWAMY
pic
29 Okt

TÜRKMENISTANYŇ DAŞARY IŞLER MINISTRI HALKARA HYZMATDAŞLAR BILEN BILELIKDÄKI TASLAMALARYŇ WE MAKSATNAMALARYŇ DURMUŞA GEÇIRILIŞINIŇ DEPGININI ARA ALYP MASLAHATLAŞDY

2020-nji ýylyň 29-njy oktýabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredowyň BMG-niň agentlikleriniň we halkara maliýe institutlarynyň Türkmenistandaky wekilhanalarynyň ýolbaşçylary bilen göni wideoaragatnaşyk arkaly duşuşygy geçirildi. Duşuşygyň barşynda oňa gatnaşyjylar hyzmatdaşlygyň esasy ulgamlaryny ara alyp maslahatlaşdylar, hususan-da saglygy goraýyş, bilim we medeniýet ugry boýunça bilelikdäki meýilnamalaryň hem-de maksatnamalaryň netijeliligini belläp geçdiler. Şu ýylyň mar...

DOWAMY
pic
29 Okt

TÜRKMENISTANYŇ WE GÜNORTA KOREÝANYŇ DAŞARY IŞLER MINISTRLIKLERINIŇ ARASYNDAKY GEŇEŞMELERIŇ NOBATDAKY TAPGYRY GEÇIRILDI

2020-nji ýylyň 29-njy oktýabrynda Türkmenistanyň we Koreýa Respublikasynyň daşary işler ministrlikleriniň arasynda iki ýurduň DIM-niň ýolbaşçylarynyň orunbasarlarynyň derejesindäki geňeşmeler göni wideoaragatnaşyk arkaly geçirildi. Duşuşykda türkmen wekiliýetine Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary W.Hajiýew, günortakoreý wekiliýetine Koreýa Respublikasynyň Daşary işler ministriniň orunbasary Kim Gunn ýolbaşçylyk etdiler. Taraplar sebit we halkara gün tertibi dogrusynda pikir...

DOWAMY
pic
28 Okt

BELARUS RESPUBLIKASYNDA TÜRKMENISTANYŇ HEMIŞELIK BITARAPLYGYNYŇ 25 ÝYLLYGYNA BAGYŞLANAN MASLAHAT GEÇIRILDI

2020-nji ýylyň 27-nji oktýabrynda Türkmenistanyň Belarus Respublikasyndaky Ilçihanasy we Ýa.Kupala adyndaky Grodno döwlet uniwersitetiniň arasynda Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 25 ýyllygyna bagyşlanan onlaýn-maslahat gurnaldy.    Çärä Türkmenistanyň Belarus Respublikasyndaky Ilçihanasynyň wekilleri, Grodno döwlet uniwersitetiniň ýolbaşçylary, professor-mugallymlary, türkmen we daşary ýurt talyplary, şeýle-de KHBS-niň wekilleri gatnaşdylar. Maslahaty bu ýokary okuw jaýynyň prorekt...

DOWAMY
pic
28 Okt

HORMATLY PREZIDENTIMIZ GURBANGULY BERDIMUHAMEDOW PAÝTAGTYMYZDA TÄZE BINALARYŇ AÇYLYŞ DABARASYNA GATNAŞDY

Şu gün paýtagtymyzda S.Türkmenbaşy we A.Nyýazow şaýollarynyň çatrygyndaky ýerasty awtomobil we pyýada geçelgeli «Mahabat» binasy ýerleşdirilen toplumyň hem-de «Diwan» myhmanhanasynyň açylyş dabaralary boldy. Berkarar Watanymyzyň hemişelik Bitaraplyk derejesine eýe bolmagynyň 25 ýyllygyna bagyşlanan dabaralara hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow gatnaşdy. Irden döwlet Baştutanymyz paýtagtymyzyň ýol-ulag düzüminiň täze desgalar toplumynyň ýerleşýän ýerine geldi. Bu ýere Mejli...

DOWAMY