SOŇKY HABARLAR
SANLY TÜRKMENISTAN DÜNÝÄ HABARLAR GIŇIŞLIGINDÄKI ORNUNY GIŇELDÝÄR
Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow ýurdumyzyň ministrliklerinden we pudaklaýyn dolandyryş edaralaryndan iň gowy dünýä tejribesini hem-de öňdebaryjy, häzirki zaman iş tejribesini öwrenmegi talap edýär. Şu talaplardan hem-de milli ösüş maksatnamalarynda kesgitlenilen degişli wezipelerden ugur alnyp, döwlet durmuşyny we pudaklary döwrebaplaşdyrmagyň aýgytly ugry işlenilip düzülýär. Sanlylaşdyrmak we maglumat aragatnaşyk tehnologiýalaryny ulanmak bu ugurda möhüm şert bolup durýar....
TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI BILEN SAUD ARABYSTANYNYŇ PATYŞASYNYŇ ARASYNDA TELEFON ARKALY SÖHBETDEŞLIGI
Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Iki Mukaddesligiň Hyzmatkäri, Saud Arabystanynyň Patyşasy Salman Ben Abdelaziz Al Saud bilen telefon arkaly söhbetdeşligi boldy. Söhbetdeşligiň başynda döwlet Baştutanymyz Saud Arabystanynyň Patyşasynyň näsaglandygy we hassahana ýerleşdirilendigi baradaky habary çuňňur gynanç hem-de biynjalyk duýgusy bilen kabul edendigini belledi. «Siziň gujur-gaýratyňyzyň we berk erkiňiziň ýakyn wagtda hassalygy ýeňip, doly sagalmagyňyza ýardam et...
TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTINIŇ WE TÜRKIÝE RESPUBLIKASYNYŇ PREZIDENTINIŇ ARASYNDA TELEFON ARKALY SÖHBETDEŞLIK
Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň we Türkiýe Respublikasynyň Prezidenti Rejep Taýyp Ärdoganyň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik boldy. Iki döwletiň Liderleri mähirli salamlaşyp, Gurban baýramy mynasybetli birek-biregi tüýs ýürekden gutladylar we iň gowy arzuwlaryny beýan etdiler. Söhbetdeşler bu nurana baýramyň ynsanperwerlik ýörelgelerine esaslanýandygyny hem-de sahawatlylygy we belent ruhy-ahlak gymmatlyklaryny alamatlandyrýandygyny belläp, Gurban baýramynyň musul...
TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI BILEN AZERBAÝJAN RESPUBLIKASYNYŇ PREZIDENTINIŇ ARASYNDA TELEFON ARKALY SÖHBETDEŞLIK
Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow bilen Azerbaýjan Respublikasynyň Prezidenti Ilham Aliýewiň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik boldy. Iki ýurduň Liderleri birek-biregi mukaddes Gurban baýramy bilen gutlap, musulman ymmaty we tutuş adamzat üçin ynsanperwerlik, hoşniýetlilik we özara goldaw bermek ýaly asylly ýörelgeleri özünde jemleýän bu nurana baýramyň bolçulyk eçiljekdigine, iki goňşy döwletiň arasynda netijeli hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de berkitjekdigine ynam bil...
TÜRKMENISTANYŇ WE OWGANYSTANYŇ PREZIDENTLERINIŇ ARASYNDA TELEFON ARKALY SÖHBETDEŞLIK
Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň we Owganystan Yslam Respublikasynyň Prezidenti Mohammad Aşraf Ganiniň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik boldy. Dostlukly döwletleriň Baştutanlary mähirli salamlaşyp, mukaddes Gurban baýramy mynasybetli birek-biregi gutladylar hem-de belent ruhy gymmatlyklaryň, ynsanperwerligiň, hoşniýetliligiň we sahawatlylygyň dabaralanýandygyny alamatlandyrýan bu ajaýyp baýramyň mundan beýläk hem tutuş musulman ymmatynda agzybirligi hem-de raýdaşl...
GARAŞSYZ, HEMIŞELIK BITARAP TÜRKMENISTANYŇ HALKYNA
Mähriban halkym! Eziz watandaşlar! Sizi belent ynsanperwerlik gymmatlyklaryny we egsilmez ruhy baýlygy özünde jemleýän mukaddes Gurban baýramy bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn. Goý, mübärek gurbanlyk günlerinde amal edilen tagat-ybadatlar, berlen sadakalar, Garaşsyz, hemişelik Bitarap Watanymyzyň we merdana halkymyzyň abadançylygynyň, bütin adamzadyň bagtyýar hem-de parahat durmuşynyň hatyrasyna edilen doga-dilegler Gudraty güýçli Beýik Biribaryň dergähinde kabul bolsun! Watansöýüjiligi, ga...
BÜTINDÜNÝÄ SÖWDA GURAMASYNYŇ BAŞ DIREKTORYNYŇ HATY
Onuň Alyhezreti, Türkmenistanyň Prezidenti jenap Gurbanguly BERDIMUHAMEDOWA Hormatly jenap Prezident! Sizi Türkmenistana Bütindünýä söwda guramasynda synçy derejesiniň berilmegi bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn. Bu baradaky çözgüt onuň agzalary tarapyndan 2020-nji ýylyň 22-nji iýulynda Bütindünýä söwda guramasynyň Baş geňeşiniň mejlisinde kabul edildi. Bu gazanylan üstünlik Siziň 2013-nji ýylyň ýanwarynda Bütindünýä söwda guramasy bilen resmi gatnaşyklary ýola goýmak maksady bilen başla...