RSS

SOŇKY HABARLAR

pic
15 Few

STAMBULDA TÜRKMENISTANYŇ HEMIŞELIK BITARAPLYGYNYŇ ŞANLY 25 ÝYLLYGY MYNASYBETLI TEGELEK STOL GEÇIRILDI

2020-nji ýylyň 14-nji fewralynda Türkmеnistаnyň Türkiýe Rеspublikаsyndаky Bаş kоnsullugy (Stаmbul şäheri) Stambul häkimliginiň medeniýet merkezi bilеn bilеlikdе Topkapy medeniýet parkynyň edаrа binаsyndа Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň şanly 25 ýyllygy hem-de 2020-nji “Türkmenistan – Bitaraplygyň mekany” ýyly mynasybetli tegelek stol geçirdi.  Tegelek stola Türkmenistanyň Türkiýe Respublikasyndaky Bаş kоnsullygynyň işgärleri, Medeniýet merkeziniň wekilleri, Türkiýäniň jemgyýetçilik we...

DOWAMY
pic
15 Few

ÝURDUMYZYŇ IŇ GOWY ETRABYNA TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTINIŇ BAÝRAGY GOWŞURYLDY

Şu gün Yzgant obasynda 2019-njy ýylda ýurdumyzyň iň gowy etraby diýen dereje ugrundaky bäsleşigiň ýeňijisi bolan Gökdepe etrabyna mynasyp bolan baýragy — ABŞ-nyň 1 million dollaryny gowşurmak dabarasy boldy. Dabara Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, Mejlisiň deputatlary, welaýatyň we etrabyň häkimlikleriniň ýolbaşçylary, jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri, kärendeçiler, önümçiligiň öňdebaryjylary, hormatly ýaşulular, ýaşlar hem-de welaýatyň köp sanly ilaty gatnaşdy. Iň gowy e...

DOWAMY
pic
14 Few

TÜRKMENISTANYŇ MINISTRLER KABINETINIŇ MEJLISI

Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň sanly wideoaragatnaşyk arkaly nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda milli ykdysadyýetimiziň pudaklarynyň geçen aýda ýerine ýetirilen işleriniň jemi jemlenildi hem-de döwlet durmuşynyň möhüm meselelerine garaldy. Hormatly Prezidentimiz mejlisiň gün tertibine geçip, ilki bilen Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary M.Meredowy göni wideoaragatnaşyga çagyrdy. Wise-premýer gözegçilik edýän pudaklarynda ýanwar aýynda ý...

DOWAMY
pic
14 Few

TÜRKMENISTANYŇ DIM-DE TÜRKMENISTANYŇ WE BMG-NIŇ ARASYNDAKY 2016-2020-NJI ÝYLLAR ÜÇIN ÖSÜŞ MAKSATLARYNDA HYZMATDAŞLYGYŇ ÇARÇUWALY MAKSATNAMASYNYŇ ÇÄKLERINDE MEJLIS GEÇIRILDI

2020-nji ýylyň 14-nji fewralynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň binasynda Türkmenistanyň we BMG-niň arasyndaky 2016-2020-nji ýyllar üçin Ösüş maksatlarynda hyzmatdaşlygyň Çarçuwaly maksatnamasynyň Milli ýolbaşçylyk ediji hem-de utgaşdyryjy komitetiniň (ÖHÇM) nobatdaky mejlisi geçirildi. Mejlise Türkmenistanyň degişli ministrlikleriniň we pudaklaýyn edaralarynyň wekilleri, BMG-niň Türkmenistandaky Hemişelik utgaşdyryjysy, BMG-niň edaralarynyň hem-de jemgyýetçilik guramalarynyň weki...

DOWAMY
pic
13 Few

TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI SANKT-PETERBURGYŇ GUBERNATORYNY KABUL ETDI

Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Sankt-Peterburgyň (Russiýa Federasiýasy) gubernatory Aleksandr Beglowy kabul etdi. Ol wekiliýete ýolbaşçylyk edip, paýtagtymyza geldi. Myhman milli Liderimize mähirli kabul edendigi üçin hoşallyk bildirip, Diýarymyza gelip görmek mümkinçiligine örän şatdygyny nygtady. Ýurdumyzy Sankt-Peterburg bilen öňden gelýän dostluk hem-de dürli ulgamlarda netijeli hyzmatdaşlyk gatnaşyklary baglanyşdyrýar. Aleksandr Beglow döwlet Baştutanymyza ikitar...

DOWAMY
pic
13 Few

TÜRKMENISTAN BILEN GRENADANYŇ ARASYNDA DIPLOMATIK GATNAŞYKLAR ÝOLA GOÝULDY

2020-nji ýylyň 13-nji fewralynda Moskwa şäherinde ýerleşýän Türkmenistanyň Russiýa Federasiýasyndaky Ilçihanasynyň edara binasynda Türkmenistan bilen Grenadanyň arasynda diplomatik gatnaşyklary ýola goýmak boýunça Bilelikdäki Beýannama gol çekmek dabarasy bolup geçdi. Gol çekmek dabarasynyň öňüsyrasynda Türkmenistanyň Russiýa Federasiýasyndaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi Batyr Niýazliýew bilen Grenadanyň Russiýa Federasiýasyndaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi Oleg Fireri...

DOWAMY
pic
13 Few

TÜRKMENISTANYŇ WEKILIÝETI DAŞKY GURŞAW WE HOWANYŇ ÜÝTGEMEGI BOÝUNÇA ÝB–MERKEZI AZIÝA IŞ TOPARYNYŇ MEJLISINE GATNAŞDY

2020-nji ýylyň12-13-nji fewralynda Brýusselde daşky gurşaw we howanyň üýtgemegi boýunça ÝB–Merkezi Aziýa iş toparynyň 9-njy mejlisi geçirildi, oňa Türkmenistanyň wekiliýeti gatnaşdy. Maslahatyň işine Merkezi Aziýa we Ýewropa Bileleşiginiň ýurtlarynyň daşky gurşaw, howanyň üýtgemegi  we suw serişdeleri ulgamlarynyň hünärmenleri we bilermenleri gatnaşdylar.   Maslahat daşky gurşaw we suw serişdeleri ulgamynda hyzmatdaşlyk etmek boýunça ÝB–Merkezi Aziýa platformasynyň çäklerinde guralan bolup...

DOWAMY