TÜRKMENISTANYŇ KONSULLYGY
OWGANYSTAN YSLAM RESPUBLIKASY - MAZARI ŞERIP
2025-nji ýyl - Halkara parahatçylyk
we ynanyşmak ýyly
SOŇKY HABARLAR
RESUL GYLYJOWYŇ ÝOLBAŞÇYLYGYNDAKY ORKESTR TÄZE ÝYL KONSERTINI BERDI
Resul Gylyjowyň ýolbaşçylygyndaky Döwlet simfoniki orkestriniň Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Mukamlar Köşgünde bolan Täze ýyl konsertiniň premýerasyna gelen adamlardan ýaňa zalda boş ýer ýokdy. Konsert Leroý Andersonyň «Roždestwo festiwaly» eseri bilen açyldy. Orkestrantlaryň sazandarlygynda Döwlet hory baýramçylyk ruhuny we jaňjagazlaryň çeşme suwy deý tämiz owazyny ussatlyk bilen beýan edildii. Soňra Pýotr Ilýiç Çaýkowskiniň «Güller walsy» şahyrana eseri ýerine ýetirildi....
DÖWLET BAŞTUTANYMYZ GAZAGYSTANDA BOLUP GEÇEN, KÖP SANLY ADAM PIDALARYNA WE SIKES ÝETMELERINE GETIREN UÇAR HELÄKÇILIGI ZERARLY GYNANÇ BILDIRDI
Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti Kasym-Jomart Tokaýewe Almaty şäheriniň golaýynda bolup geçen, köp sanly adam pidalaryna we şikes ýetmelerine getiren «Bek Air» awiakompaniýasynyň ýolagçy uçarynyň heläkçiligi zerarly, gynanç hatyny iberdi. Döwlet Baştutanymyz şu agyr pursatda Türkmenistanyň halkynyň we Hökümetiniň, şeýle hem hut öz adyndan gurban bolanlaryň dogan-garyndaşlaryna hem-de ýakynlaryna ýürekden gynanjyny we medet beriji sözler...
TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTINIŇ PERMANY TÄZE ÝYL BAÝRAMY MYNASYBETLI DYNÇ GÜNÜNI GEÇIRMEK HAKYNDA
Ýurdumyzyň ilatynyň Täze ýyl baýramyny dabaraly belläp geçmegi we oňat dynç almagy üçin oňaýly şertleri döretmek maksady bilen, şeýle hem Türkmenistanyň Zähmet kodeksiniň 81-nji maddasynyň 3-nji bölegine laýyklykda, karar edýärin: 1. 2019-njy ýylyň 29-njy dekabryndaky dynç gününi 31-nji dekabra — sişenbe gününe geçirmeli. 2. 2019-njy ýylyň 29-njy dekabrynyň iş tertibini hepdäniň sişenbe gününiň iş tertibine laýyklykda bellemeli. 3. Şu Permanyň ýerine ýetirilmegini eýeçiliginiň görnüşine...
TÜRKMENISTANYŇ MEJLISINIŇ KARARY 2020-NJI ÝYLY «TÜRKMENISTAN — BITARAPLYGYŇ MEKANY» DIÝIP YGLAN ETMEK HAKYNDA
Çuňňur hormatlanylýan Türkmenistanyň Prezidentiniň başlangyjy bilen yglan edilen «Türkmenistan — rowaçlygyň Watany» ýyly uly döredijilik üstünliklerine, ýatdan çykmajak şanly wakalara beslenip, ýurdumyzyň täze taryhynyň sahypalaryna ýazylýar. Tamamlanyp barýan ýyl türkmen jemgyýetinde agzybirligiň we jebisligiň höküm sürmegi, halkymyzyň öz milli Lideriniň töweregine has-da mäkäm jebisleşmegi, ýurdumyzyň döwlet gurluşynyň mundan beýläk-de kämilleşdirilmegi, demokratik başlangyçlaryň ösdürilmegi,...
HORMATLY PREZIDENTIMIZ GURBANGULY BERDIMUHAMEDOW TÄZE ÝYL DABARASYNA GATNAŞDY
Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Täze ýyl baýramy mynasybetli «Mizan» täjirçilik merkezinde guralan erkin döredijilik dabarasyna gatnaşdy. Bu ýere Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlary, Mejlisiň, harby we hukuk goraýjy edaralaryň, ministrlikleriň hem-de pudaklaýyn düzümleriň ýolbaşçylary, ýurdumyzyň daşary döwletlerdäki ilçileri, jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri, medeniýet we sungat ussatlary hem-de beýlekiler ýygnandylar. Döwlet Baştutanymyz, ilki bil...
TÜRKMENISTANYŇ MINISTRLER KABINETINIŇ HEM-DE DÖWLET HOWPSUZLYK GEŇEŞINIŇ BILELIKDÄKI MEJLISI
Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň we Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň şu ýyldaky iň soňky, Täze ýyl baýramynyň öň ýanyndaky bilelikdäki mejlisini geçirdi. Mejlise Aşgabat şäheriniň hem-de welaýatlaryň häkimleri hem çagyryldy. Milli Liderimiz gün tertibindäki meselelere geçmek bilen, Mejlisiň Başlygy G.Mämmedowa söz berdi. Ol ýurdumyzyň kanun çykaryjy edarasynyň ýerine ýetiren işleriniň netijeleri barada habar bermek bilen, «Türkmenistan — rowaçlygyň Wat...
SANLYLAŞDYRMAK ULGAMYNDA TEJRIBE ALYŞMAK
Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň tabşyrygy boýunça ýurdumyzyň ähli welaýatlarynyň häkimleriniň gatnaşmagynda Ahal welaýatynda sanlylaşdyrmak ulgamynda tejribe alyşmak boýunça iş duşuşygy geçirildi. Mälim bolşy ýaly, döwlet Baştutanymyzyň 16-njy dekabrda sanly wideoaragatnaşyk arkaly geçiren nobatdaky iş maslahatynyň dowamynda Ahal welaýatynyň häkimi S.Berdimuhamedow bu sebitde ýurdumyzda ilkinji bolup döwlet dolandyryş ulgamyna sanly maglumat tehnologiýalarynyň, şol s...