SOŇKY HABARLAR
TÜRKMENISTANYŇ DIM-NIŇ ÝOLBAŞÇYSYNYŇ WE OWGANYSTANYŇ MERKEZI BANKYNYŇ BAŞLYGYNYŇ WEZIPESINI WAGTLAÝYN ÝERINE ÝETIRIJISINIŇ ARASYNDA GEPLEŞIKLER GEÇIRILDI
2020-nji ýylyň 12-nji awgustynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri R.Meredowyň Owganystan Yslam Respublikasynyň Merkezi Bankynyň Başlygynyň wezipesini wagtlaýyn ýerine ýetirijisi Ajmal Ahmadi bilen gepleşikleri geçirdi. Duşuşyk wideokonferensiýa görnüşinde geçdi. Gepleşikleriň gün tertibinde – hyzmatdaşlygyň özara gyzyklanma döredýän ähli ugurlary boýunça birek-birek üçin bähbitli gatnaşyklaryň giňeldilmegi we pugtalandyrylmagy orun aldy. Iki ýurduň wekiliýetleriniň dürli meýdançalarda geç...
TÜRKMENISTAN OWGAN HALKYNA YNSANPERWERLIK KÖMEGINI BERMEGI DOWAM EDÝÄR
2020-nji ýylyň 12-nji awgustynda Türkmenistan Owganystan Yslam Respublikasyna koronawirus pandemiýasyna garşy göreş üçin lukmançylyk enjamlaryň toplumlary görnüşindäki nobatdaky ynsanperwer kömegini iberdi. Degişli Karara Türkmenistanyň Prezidenti tarapyndan gol çekildi. Karara laýyklykda, Türkmenistanyň Daşary işler ministrligine hem-de Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligine polimeraz zynjyrynyň reaksiýasy (Real-time PCR) üçin lukmançylyk enjamlarynyň toplumlaryny ynsanperwer kömek...
HINDISTAN RESPUBLIKASYNYŇ TÜRKMENISTANDAKY ILÇISI YNANÇ HATLARYNYŇ NUSGALARYNY GOWŞURDY
2020-nji ýylyň 11-nji awgustynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Türkmenistanyň Daşary işler ministri R.Meredowyň Hindistan Respublikasynyň Türkmenistandaky täze bellenen Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi Widhu Peethambaran Nair bilen duşuşygy geçirildi. Mähirli salamlaşanlaryndan soňra, taraplar Türkmenistan bilen Hindistan Respublikasynyň arasyndaky ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň işjeň ösdürilýändigi barada bellediler. Soňra Hindistan Respublikasynyň Ilçisi özüniň ynanç hatlar...
TÜRKMENISTANYŇ GAHRYMANY AMANGÖZEL ŞAGULYÝEWA
Hormatly Türkmenistanyň Gahrymany Amangözel Şagulyýewa! Sizi «Türkmenistan — Bitaraplygyň mekany» diýlip atlandyrylan ýylymyzda 80 ýaşyňyzyň dolmagy bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn! Siziň janyňyzyň sag, öý-ojagyňyzyň abadan, galamyňyzyň hemişe ýiti bolmagyny arzuw edýärin! Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe milli edebiýatymyz mazmun taýdan düýpli öwrülişigi başdan geçirdi. Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň beren bagty, ýurdumyzyň ýeten derejeleri, gazanan üstünlikleri, halkymyzyň bagtyýa...
«MERKEZI AZIÝA+ÝAPONIÝA» DIALOGYNYŇ DIM-NIŇ ÝOLBAŞÇYLARYNYŇ MEJLISI GEÇIRILDI
2020-nji ýylyň 11-nji awgustynda wideokonferensiýa görnüşinde Merkezi Aziýa+Ýaponiýa» Dialogynyň daşary işler ministrleriniň mejlisi geçirildi. Ýaponiýanyň DIM-niň howandarlygynda geçirilen duşuşyga Merkezi Aziýa ýurtlarynyň ählisiniň daşary syýasat edaralarynyň ýolbaşçylary gatnaşdylar. Işjeň ýagdaýda geçirilen gepleşikleriň çäklerinde ýokary wezipeli diplomatlar sebitleýin hyzmatdaşlygyň meselelerini, şeýle-de MA ýurtlarynyň we Ýaponiýanyň arasyndaky sazlaşykly özarahereketleriň global d...
RUMYNIÝADA TÜRKMENISTANYŇ BITARAPLYGYNYŇ 25 ÝYLLYGYNA BAGYŞLANAN SERGINIŇ AÇYLYŞ DABARASY BOLDY
2020-nji ýylyň 6-njy awgustynda Türkmenistanyň Rumyniýadaky Ilçihanasynyň we Rumyniýanyň Parlamentiniň Türkmenistan-Rumyniýa Parlamentara dostluk toparynyň gurnamagynda, Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň şanly 25 ýyllygyna bagyşlanan suratlaryň hem-de etnografiki tapyndylarynyň sergisiniň açylyş dabarasy boldy. Medeni çäräniň açylyş dabarasyna türkmen diplomatlary, Türkmenistan-Rumyniýa Parlamentara dostluk toparynyň deputaty Iştwan-Ýanoş Antal, Kareý şäheriniň häkimi Eudjen Kowaçs, Sat...
TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI SANLY WIDEOARAGATNAŞYK ARKALY IŞ MASLAHATYNY GEÇIRDI
Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ýurdumyzyň welaýatlarynyň we paýtagtymyzyň häkimleriniň gatnaşmagynda sanly wideoaragatnaşyk arkaly iş maslahatyny geçirdi. Maslahatda ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň maksatnamasyny amala aşyrmak hem-de möwsümleýin oba hojalyk işleriniň barşy, şeýle hem öňde boljak baýramçylyklara we şanly wakalara taýýarlyk görmek bilen bagly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy. Milli Liderimiz ilki göni wideoaragatnaşyga Aşgabat şäheriniň h...