TÜRKMENISTANYŇ KONSULLYGY
OWGANYSTAN YSLAM RESPUBLIKASY - MAZARI ŞERIP
2025-nji ýyl - Halkara parahatçylyk
we ynanyşmak ýyly
SOŇKY HABARLAR
TÜRKMEN PAÝTAGTYNYŇ IŇ GOWY TÄZE ÝYL BAÝRAMÇYLYK BEZEGI BÄSLEŞIGINIŇ JEMI JEMLENDI
Owadan Täze ýyl lybasyny geýnen Aşgabat gijelerine durşy bilen ýalkym bolup duran şähere öwrülýär. Baýramçylyk şäher bezeginiň dizaýnerleri köçeleri we seýilgähleri her dürli owadan girlýandalar, ýalpyldyly şarlar, dürli röwüş geň-enaýy garjagazlar, binalaryň öňüni we gazonlary ýylgyryp duran Aýaz babadyr Garpamygyň hem-de indiki ýylyň nyşany – ozboluşly kümüşsow syçanyň baştutanlygynda ertekileriň gahrymanlarynyň heýkelleri bilen bezediler. Şu ýyl paýtagtymyzyň häkimligi TSTB bilen bilelikde...
TARYHY NAGYŞLARDA HALY WASPY
Şekillendiriş sungaty muzeýinde türkmen haly sungatynyň ÝuNESKO-nyň Maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizilmegine bagyşlanyp, žiwopis işleriniň we arheologiýa artefaktlarynyň sergisi açyldy. Tematiki sergi amaly-haşam sungatynyň iň gadymy görnüşleriniň biriniň taryhyna ser salmaga mümkinçilik berýän raritetler kolleksiýasy bilen açylýar. Ol bürünç eýýamyna degişli we Goňurdepeden tapylan patyşa guburynyň diwarlaryndaky dekorly panelleriň bölekleridir. Gözi bilen görenleriň aýtmagyna görä,...
BIRŽA TÄZELIKLERI
Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 28-si hasaba alyndy. Daşary ýurt puluna Birleşen Arap Emirliklerinden gelen telekeçiler Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda öndürilen binýatlyk ýagy satyn aldylar. Bulardan başga-da, daşary ýurt walýutasyna Russiýa Federasiýasyndan, BAE-den, Türkiýeden, Pakistandan, Azerbaýjandan gelen işewür toparlaryň wekillerine nah ýüplük ýerlenildi. Geleşikleriň umumy bahasy ABŞ-nyň 1 million 42...
TÜRKMENISTANYŇ AHHG BAŞLYKLYK ETMEGINE WE BIRINJI HAZAR YKDYSADY FORUMYNA BAGYŞLANAN BRIFING
2019-njy ýylyň 28-nji dekabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Türkmenistan döwletimiziň 2017-2019-njy ýyllary aralygynda Araly halas etmegiň Halkara gaznasyna başlyklyk etmegine, şeýle hem şu ýylyň 11-12-nji awgustynda “Awaza” Milli syýahatçylyk zolagynda geçirilen Birinji Hazar ykdysady forumynyň jemlerine bagyşlanan brifing geçirildi. Brifinge Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň, AHHG-niň Ýerine ýetiriji komitetiniň, Hazar deňzi institutynyň wekilleri, daşary ýurtlarda...
RESUL GYLYJOWYŇ ÝOLBAŞÇYLYGYNDAKY ORKESTR TÄZE ÝYL KONSERTINI BERDI
Resul Gylyjowyň ýolbaşçylygyndaky Döwlet simfoniki orkestriniň Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Mukamlar Köşgünde bolan Täze ýyl konsertiniň premýerasyna gelen adamlardan ýaňa zalda boş ýer ýokdy. Konsert Leroý Andersonyň «Roždestwo festiwaly» eseri bilen açyldy. Orkestrantlaryň sazandarlygynda Döwlet hory baýramçylyk ruhuny we jaňjagazlaryň çeşme suwy deý tämiz owazyny ussatlyk bilen beýan edildii. Soňra Pýotr Ilýiç Çaýkowskiniň «Güller walsy» şahyrana eseri ýerine ýetirildi....
DÖWLET BAŞTUTANYMYZ GAZAGYSTANDA BOLUP GEÇEN, KÖP SANLY ADAM PIDALARYNA WE SIKES ÝETMELERINE GETIREN UÇAR HELÄKÇILIGI ZERARLY GYNANÇ BILDIRDI
Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti Kasym-Jomart Tokaýewe Almaty şäheriniň golaýynda bolup geçen, köp sanly adam pidalaryna we şikes ýetmelerine getiren «Bek Air» awiakompaniýasynyň ýolagçy uçarynyň heläkçiligi zerarly, gynanç hatyny iberdi. Döwlet Baştutanymyz şu agyr pursatda Türkmenistanyň halkynyň we Hökümetiniň, şeýle hem hut öz adyndan gurban bolanlaryň dogan-garyndaşlaryna hem-de ýakynlaryna ýürekden gynanjyny we medet beriji sözler...
TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTINIŇ PERMANY TÄZE ÝYL BAÝRAMY MYNASYBETLI DYNÇ GÜNÜNI GEÇIRMEK HAKYNDA
Ýurdumyzyň ilatynyň Täze ýyl baýramyny dabaraly belläp geçmegi we oňat dynç almagy üçin oňaýly şertleri döretmek maksady bilen, şeýle hem Türkmenistanyň Zähmet kodeksiniň 81-nji maddasynyň 3-nji bölegine laýyklykda, karar edýärin: 1. 2019-njy ýylyň 29-njy dekabryndaky dynç gününi 31-nji dekabra — sişenbe gününe geçirmeli. 2. 2019-njy ýylyň 29-njy dekabrynyň iş tertibini hepdäniň sişenbe gününiň iş tertibine laýyklykda bellemeli. 3. Şu Permanyň ýerine ýetirilmegini eýeçiliginiň görnüşine...