RSS

SOŇKY HABARLAR

pic
26 Sen

TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI «RÖNESANS HOLDING» KOMPANIÝASYNYŇ ÝOLBAŞÇYSYNY KABUL ETDI

Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow «Rönesans Holding» kompaniýasynyň müdiriýetiniň başlygy Erman Ylyjagy kabul etdi. Işewür duşuşmaga wagt tapandygy üçin hoşallyk bildirdi hem-de pursatdan peýdalanyp, milli Liderimizi Türkmenistanyň Garaşsyzlyk güni bilen gutlap, berk jan saglyk, abadançylyk, egsilmez güýç-kuwwat, alyp barýan köptaraply işlerinde täze ajaýyp üstünlikleri arzuw etdi. «Rönesans Holding» kompaniýasynyň ýolbaşçysy hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuh...

DOWAMY
pic
26 Sen

TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI BEÝIK BRITANIÝANYŇ ADATDAN DAŞARY WE DOLY YGTYÝARLY ILÇISINI KABUL ETDI

Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Beýik Britaniýanyň we Demirgazyk Irlandiýanyň Birleşen Patyşalygynyň Türkmenistanda täze bellenilen Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Hýu Stenli Filpotty kabul etdi. Ol döwlet Baştutanymyza ynanç hatyny gowşurdy. Diplomat wagt tapyp mähirli kabul edendigi üçin milli Liderimize Şa zenany Ýelizaweta II hem-de Premýer-ministr Boris Jonsonyň mähirli salamyny ýetirdi. Olar Beýik Britaniýanyň ýurdumyz bilen dostlukly gatnaşyklary mundan...

DOWAMY
pic
26 Sen

TÜRKMENISTANYŇ RAÝATLYGYNA KABUL EDILEN ADAMLARA PASPORTLAR GOWŞURYLDY

2019-njy ýylyň 26-njy sentýabrynda ýurdumyzyň Döwlet migrasiýa gullugynda Türkmenistanyň raýatlygyna kabul edilen adamlara pasportlary gowşurmak dabarasy boldy. Mälim bolşy ýaly, 20-nji sentýabrda geçirilen Ministrler Kabinetiniň sanly wideoaragatnaşyk arkaly nobatdaky mejlisinde Türkmenistanyň Prezidenti  863 adamy Türkmenistanyň raýatlygyna kabul etmek hakynda Permana gol çekdi. Pasportlar 14 milletiň wekillerine gowşuryldy. Raýatlyk alanlaryň ýarsyndan gowragy – aýallar we gyzlar.  Dabara...

DOWAMY
pic
25 Sen

AŞGABATDA TÜRKMENISTANYŇ HALK MASLAHATYNYŇ NOBATDAKY MEJLISI GEÇIRILDI

2019-njy ýylyň 25-nji sentýabrynda Aşgabat şäheriniň “Ruhyýet” köşgünde Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlyklyk etmeginde Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň ikinji mejlisi geçirildi.    Maslahata Hökümet agzalary, Mejlisiň başlygy we deputatlary, ýaşulular, durmuş-ykdysady we medeni-ynsanperwer ugurly döwlet edaralarynyň işgärleri, ýurdumyzyň etrapdyr obalarynyň zähmetkeşleri, Türkmenistanyň daşary ýurtlarda akkreditirlenen diplomatik wekilhanalarynyň ýolbaşçylary, jemgy...

DOWAMY
pic
25 Sen

BMG-NIŇ 74-NJI SESSIÝASYNYŇ ÇÄKLERINDE SAGLYGY GORAÝYŞ HYZMATLARYNYŇ ÄHLUMUMY JEMLENILMEGI MESELELERI BOÝUNÇA MEJLIS GEÇIRILDI

2019-njy ýylyň 23-nji sentýabrynda Nýu-Ýorkda BMG-niň ştab-kwartirasynda Saglygy goraýyş ulgamynda syýasy Jarnamanyň kabul edilmegi bilen Ýokary derejeli hepdeliginiň bäş sany esasy sammitleriniň birinjisi öz işine başlady. Ol “Saglygy goraýyş hyzmatlarynyň ählumumy jemlenilmegi: has sagdyn dünýäni emele getirmek üçin bilelikde” atly şygar astynda geçirildi. BMG-niň BA-nyň saglygy goraýyş hyzmatlarynyň ählumumy jemlenilmegi meseleleri boýunça sammitinde türkmen tarapyndan Türkmenistanyň Sagly...

DOWAMY
pic
24 Sen

HOWANYŇ ÜÝTGEMEGI BARADA TÜRKMENISTANYŇ MILLI STRATEGIÝASY KABUL EDILDI

Howanyň üýtgemegi bilen bagly işleriň amala aşyrylmagynyň Milli resminamasy bolup durýan, Howanyň üýtgemegi barada Türkmenistanyň Milli strategiýasy kabul edildi. Howanyň üýtgemegi barada Türkmenistanyň Milli strategiýasy howanyň üýtgemegi bilen bagly meselelere bolan milli garaýyşlary görkezýär we howanyň üýtgemegi we onuň netijeleri bilen bagly Türkmenistanyň syýasatynyň emele gelmeginiň we durmuşa geçirilmeginiň esasy bolup durýar. Howanyň global üýtgemegi meselesiniň çylşyrymlaşmagy ga...

DOWAMY
pic
24 Sen

BMG-NIŇ BAŞ ASSAMBLEÝASYNYŇ 74-NJI MEJLISINIŇ ÇÄKLERINDE HOWANYŇ ÜÝTGEMEGI BOÝUNÇA SAMMIT GEÇIRILDI

2019-njy ýylyň 23-nji sentýabrynda Nýu-Ýork şäherinde Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 74-nji mejlisiniň çäklerinde BMG-niň Baş Sekretary A.Guttereşiň başlangyjy boýunça Howanyň üýtgemegi ulgamyndaky hereketleriň 2019 sammiti geçirildi. Çärä BMG-niň BA-nyň 74-nji mejlisiniň ýokary derejeli çärelerine gatnaşmak maksady bilen Nýu-Ýorka gelen bu guramanyň agza-döwletleriniň dürli derejelerdäki wekiliýetleri gatnaşdylar. Bu çärä Türkmenistandan hem ýokary derejeli wekiliýet gatn...

DOWAMY