TÜRKMENISTANYŇ KONSULLYGY
OWGANYSTAN YSLAM RESPUBLIKASY - MAZARI ŞERIP
2025-nji ýyl - Halkara parahatçylyk
we ynanyşmak ýyly
SOŇKY HABARLAR
BIRLEŞEN MILLETLER GURAMASYNYŇ BAŞ ASSAMBLEÝASYNYŇ 74-NJI MEJLISINDE TÜRKMENISTANYŇ ILERI TUTÝAN UGURLARY
Giriş Birleşen Milletler Guramasynyň agzasy bolmak bilen, Türkmenistan bu gurama halkara parahatçylygy, howpsuzlygy gorap saklamak we pugtalandyrmak, ähli döwletleriň hem-de halklaryň durnukly ösüşini üpjün etmek meseleleri boýunça dünýä jemgyýetçiliginiň mandatyna eýe bolan ýeke-täk halkara düzüm hökmünde garaýar. Şunuň bilen baglylykda BMG-niň Baş Assambleýasynyň 74-nji mejlisiniň barşynda Türkmenistan bu gurama gatnaşyjy beýleki ýurtlar bilen bilelikde BMG-niň halkara işlerdäki öňdäki w...
TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTINIŇ SINGAPUR RESPUBLIKASYNA DÖWLET SAPARY BAŞLANDY
2019-njy ýylyň 26-njy awgustynda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň Singapur Respublikasyna döwlet sapary başlandy. Saparyň barşynda Türkmen lideriniň Singapur Respublikasynyň Prezidenti hanym Halima Ýakob hem-de ýurduň premýer-ministri Li Sýanlun bilen duşuşyklarynyň geçirilmegine garaşylýar.
TÜRKMENISTANYŇ DIM-DE ÝAPON WEKILIÝETI BILEN DUŞUŞYK GEÇIRILDI
2019-njy ýylyň 23-nji awgustynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Aşgabada iş sapary bilen gelen Ýaponiýanyň Ykdysadyýet, söwda we senagat ministrliginiň (METI) Ulgamlaýyn infrastruktura we suw işewürligi ulgamyndaky halkara taslamalarynyň ösdürilmegi boýunça bölüminiň başlygy jenap Ýasuhiro Kasaý bilen duşuşyk geçirildi. Duşuşygyň barşynda taraplar Türkmenistanyň we Ýaponiýanyň arasyndaky söwda-ykdysady hyzmatdaşlygynyň derwaýys ugurlaryny ara alyp maslahatlaşdylar. Türkmenistanda...
KÄRIZLER: SUWY AÝAWLY SAKLAMAGYŇ ÝÖRELGELERI
Dag eteginiň baýyrlaryndan bakanyňda ýer üstündäki uzyn oýlara gözüň düşýär. Olar dag içindäki jülgelerden gözbaş alyp, gül-pürçük baglara barýar. Bular dag çeşmelerinden jülgä suw alynýan gadymy suwaryş desgasy bolan kärizler ulgamydyr. Şeýle usul bilen suw toplap, ony şäherlere we irrigasiýa kanallaryna bermek gadym döwürlerde Orta Aziýanyň hem-de Kawkazyň daglyk we dag etek sebilterinde giňden ýaýrapdyr. Gurak howa şertlerinde ýerli ilat üçin olaryň belli bahasy bolmandyr. Merkezi Köpetda...
ÝURDUMYZYŇ GÜNDOGARYNDAKY GARABEKEWÜL ŞÄHERINDE MEDENIÝET MERKEZI ULANYLYŞA TAÝÝARLANYLÝAR
Medeniýet merkeziniň binasy Lebap welaýatynyň Halaç etrabynyň Garabekewül şäheriniň binagärlik toplumynyň görküne görk goşdy. Binany welaýat häkimliginiň tabşyrygy boýunça «Kämil ýol» hususy kärhanasynyň gurlyşykçylary gurdular. Onuň iki gatly binasynda häzirki zaman dizaýnerlik çözgütleri we milli bninagärlik ýörelgeleri sazlaşykly utgaşýar, milli baýramlar we şanly seneler mynasybetli köpçülikleýin-medeni çäreleri geçirmek, şeýle hem ösüp gelýän ýaş nesliň döredijilikli ösüşi üçin ähli şer...
HORMATLY PREZIDENTIMIZ GURBANGULY BERDIMUHAMEDOW: DOKMA SENAGATY TÜRKMENISTANYŇ YKDYSADYÝETINI SENAGATLAŞDYRMAGYŇ ÖŇ HATARYNDA
Häzirki döwürde ýurdumyzyň dokma pudagy diňe bir içerki bazarda däl, eýsem, halkara bazarlarda bäsdeşlige ukyplylygyny yzygiderli ýokarlandyrýar. Dokma senagatyny öňdebaryjy tehnologiýalar we ýurdumyzyň hem-de dünýäniň öňdebaryjy tejribeleri esasynda depginli ösdürmek hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ykdysady syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri hökmünde kesgitlendi. «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda geçirilen birinji Hazar ykdysady forumynyň çäklerinde ýaýbaňlandy...
AŞGABATDA ARAL DEŇZINIŇ ÇÖKGÜNLIGINIŇ WE DAŞKY GURŞAWYŇ ÝARAMAZLAŞMAGYNYŇ ÝETIRÝÄN TÄSIRLERINIŇ ARA ALNYP MASLAHATLAŞYLMAGY BOÝUNÇA TEGELEK STOL GEÇIRILÝÄR
2019-njy ýylyň 21-nji awgustynda Türkmenistanyň paýtagtynda Aral deňziniň çökgünliginiň we daşky gurşawyň ýaramazlaşmagynyň eneleriň we çagalaryň saglyk hem-de iýmit ýagdaýlaryna ýetirýän täsirleriniň ara alnyp maslahatlaşylmagy boýunça tegelek stol öz işine başlady. Çäre Birleşen Milletler Guramasynyň Çagalar gaznasynyň (ÝUNISEF) Türkmenistandaky wekilhanasy tarapyndan Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi bilen bilelikde guraldy. Tegelek stoluň işine Türkmenistanyň b...