TÜRKMENISTANYŇ KONSULLYGY
OWGANYSTAN YSLAM RESPUBLIKASY - MAZARI ŞERIP
2025-nji ýyl - Halkara parahatçylyk
we ynanyşmak ýyly
SOŇKY HABARLAR
AŞGABATDA ARAL BOÝUNÇA SEBITLEÝIN IŞ TOPARLARYNYŇ DUŞUŞYGY GEÇIRILÝÄR
2019-njy ýylyň 30-31-nji iýulynda Aşgabatda Türkmenistanyň Araly halas etmegiň halkara gaznasynda başlyklyk etmeginiň çäklerinde geçirilýän «Aral deňzi sebitiniň ýurtlaryna kömek bermek» hem-de «AHHG-nyň institusional-hukuk gurallaryny kämilleşdirmek» boýunça hereketleriň maksatnamasyny» (ADSM-4) işläp taýýarlamak boýunça sebitleýin iş toparlarynyň ikinji duşuşygy geçirilýär. Bu duşuşyk Halkara hyzmatdaşlyk boýunça german jemgyýetiniň (GIZ) «Merkezi Aziýada suw serişdelerini serhetüsti doland...
ER-RIÝADDA TÜRKMEN-SAUD GATNAŞYKLARYNYŇ DERWAÝYS MESELELERI ARA ALNYP MASLAHATLAŞYLDY
2019-njy ýylyň 30-njy iýulynda Er-Riýad şäherinde Türkmenistanyň we Saud Arabystanyň Daşary işler ministrlikleriniň arasynda birinji syýasy geňeşmeler geçirildi. Türkmen wekiliýetine Daşary işler ministriniň orunbasary B.G.Mätiýew ýolbaşçylyk etdi. Saud Arabystanyň wekiliýetine Daşary işler ministriniň syýasy we ykdysady meseleler boýunça orunbasary Adel bin Siraj Mirdad ýolbaşçylyk etdi. Ýakymly salamlaşanlaryndan soňra taraplar türkmen-saud gatnaşyklarynyň dostlukly häsiýetini belläp geçdil...
TÜRKMENISTAN WE BAE ÖZARABÄHBITLI HYZMATDAŞLYGY GIŇELTMEGIŇ UGRUNDA
2019-njy ýylyň 29-njy iýulynda Abu-Dabi şäherinde Türkmenistanyň we Birleşen Arap Emirlikleriniň daşary syýasy edaralarynyň arasynda nobatdaky syýasy geňeşmeler geçirildi. Türkmen wekiliýetine Daşary işler ministriniň orunbasary B.G.Mätiýew ýolbaşçylyk etdi. BAE-niň wekiliýetine Daşary işler we halkara hyzmatdaşlygy ministriniň syýasy meseleler boýunça orunbasary Halifa Şahin Halifa Almarar ýolbaşçylyk etdi. Gepleşikleriň barşynda taraplar iki ýurduň arasyndaky syýasy-diplomatik, söwda-ykdysa...
AŞGABATDA KANUNYŇ HÖKMÜROWANLYGYNYŇ ÝÖRELGELERINE LAÝYKLYKDA TERRORÇYLYK IŞINE GARŞY DURMAK BOÝUNÇA ÝHHG-NYŇ SEMINARY GEÇIRILDI
Aşgabat şäherinde geçirilen we 2019-njy ýylyň 25-nji iýulynda tamamlanan iki günlük okuw maslahatynyň maksady – kanunyň hökmürowanlygynyň ýörelgelerine laýyklykda terrorçylyk işine garşy durmak üçin jenaýat-hukuk çäreleriniň güýçlendirilmegi bolup, ol degişli döwlet edaralarynyň, şeýle hem adwokaturanyň 30-dan gowrak işgärlerini özünde jemledi. ÝHHG-niň Aşgabatdaky Merkeziniň ÝHHG-niň Sekretariatynyň Terrorçylyga garşy bölüminiň Transmilli wehimlere garşy göreşmek Departamenti bilen birlikd...
TÜRKMENISTAN OWGANYSTANYŇ ULAG ULGAMYNY DÖWREBAPLAŞDYRÝAR
Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň tabşyrygy boýunça ýurdumyzyň degişli ministrlikleriniň hem-de pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň wekilleriniň düzümindäki wekiliýeti Owganystan Yslam Respublikasynyň Farýap welaýatynyň Andhoý etrabynyň Akina menzilinde uzynlygy 10 kilometre barabar bolan demir ýol şahasynyň açylyşyna hem-de Akina — Andhoý demir ýolunyň gurluşygyna badalga bermek dabarasyna gatnaşdy. Bu waka hoşniýetli türkmen-owgan gatnaşyklarynyň üstünlikli ösdürilýän...
«HAZAR» TÜRKMEN-ASTRAHAN HABARLAR KITAPÇASYNYŇ BIRINJI SANY ÇAP EDILDI
2019-njy ýylyň 25-nji iýulynda Türkmenistanyň Russiýa Federasiýasyndaky Konsullygynyň (Astrahan ş.) ýardam bermeginde Astrahan welaýatynyň Hökümeti bilen birlikde «Hazar» türkmen-astrahan habarlar kitapçasynyň birinji sany çap edildi. Kitapçanyň birinji sany Türkmenistanyň we Russiýa Federasiýasynyň Hazar deňzindäki hyzmatdaşlygynyň, şol sanda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň 2019-njy ýylyň 11-12-nji awgustynda Türkmenbaşy şäherinde Birinji Hazar ykdysady forumyny (BHYF)...
TÜRKMENISTAN DOGANLYK OWGANYSTANA YNSANPERWERLIK KÖMEGINI BERMEGI DOWAM EDÝÄR
2019-njy ýylyň 25-nji iýulynda Türkmenistanyň Hökümetiniň goldaw bermeginde Owganystan Yslam Respublikasynyň Akina şäherçesinde gurlan uzynlygy 10 kilometr bolan demirýol böleginiň dabaraly açylyşy, şeýle hem uzynlygy 35 kilometre barabar Akina-Andhoý täze demirýol şahasynyň gurluşygynyň düýbüni tutmak dabarasy geçirildi. Çärelere Türkmenistanyň we Owganystanyň ulag we senagat edaralarynyň ýolbaşçylary, häkimler, hormatly ýaşulular, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri, ýerli ýaşa...