RSS

SOŇKY HABARLAR

29 Iýul

TÜRKMENISTANYŇ HAZAR DEŇZINIŇ MESELELERI BOÝUNÇA PUDAGARA TOPARYNYŇ MEJLISI GEÇIRILDI

2023-nji ýylyň 29-njy iýulynda Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasary, Türkmenistanyň daşary işler ministri R.Meredowyň ýolbaşçylygynda Türkmenistanyň Hazar deňziniň meseleleri boýunça pudagara toparynyň nobatdaky mejlisi geçirildi. Mejlisiň işine Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň agzalary, degişli  ministrlikleriň we pudak edaralaryň ýolbaşçylary hem-de wekilleri gatnaşdylar. Duşuşygyň çäklerinde Toparyň şu ýylyň birinji ýarymynda alyp baran işleriniň netijeleri a...

DOWAMY
28 Iýul

TÜRKMENISTANYŇ MINISTRLER KABINETINIŇ MEJLISI

Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda döwlet durmuşynyň käbir meselelerine hem-de resminamalaryň taslamalaryna garaldy. Ilki bilen, Mejlisiň Başlygy D.Gulmanowa söz berildi. Ol ýurdumyzyň kanunçylygyny kämilleşdirmek boýunça alnyp barylýan işler, Watanymyzyň Garaşsyzlygynyň 32 ýyllygyny baýram etmäge görülýän taýýarlyk barada maglumat berdi. Bellenilişi ýaly, durmuşa geçirilýän özgertmeleriň hukuk esa...

DOWAMY
28 Iýul

AŞGABAT ŞÄHERINIŇ ÇOGANLY ÝAŞAÝYŞ TOPLUMYNDA DÖWREBAP MEDENI-DYNÇ ALYŞ SEÝILGÄHI GURLAR

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Aşgabat şäheriniň ilatynyň we myhmanlarynyň medeniýetli dynç almagy üçin has amatly şertleri döretmek hem-de şäheriň binagärlik-şähergurluşyk keşbini mundan beýläk-de gözelleşdirmek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, Türkmenistanyň Içeri işler ministrligine Aşgabat şäheriniň “Çoganly” ýaşaýyş toplumynda döwrebap medeni-dynç alyş seýilgähiniň taslamasyny düzmek hem-de ony ýanaşyk ýerlerini abadanlaşd...

DOWAMY
28 Iýul

YLMY-TEHNOLOGIK MERKEZLER HAKYNDA DÜZGÜNNAMA TASSYKLANYLDY

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Türkmenistany durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň ileri tutulýan ugurlary boýunça täze, ýokary netijeli tehnologiýalary döretmek hem-de ösdürmek, geljegi uly önümçilikler babatda ylmyň, bilimiň, önümçiligiň we täjirçiligiň amatly özara baglanyşygyny üpjün etmek bilen bagly işleri döwrebap amala aşyrmak, şeýle hem “Ylmy edaralar hakynda” Türkmenistanyň Kanunyna laýyklykda, ylmy-tehnologik merkezleriň işini talabalaýyk ýola goýmak maksady bilen, Tü...

DOWAMY
28 Iýul

HALK MASLAHATY – BITARAPLYK, PARAHATÇYLYK WE HOŞNIÝETLI GOŇŞUÇYLYK SYÝASATY

18-nji iýulda geçirilen Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Prezidiumynyň mejlisinde türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň bellemegine görä, Halk Maslahaty döwletimiziň alyp barýan bitaraplyk, parahatçylyk söýüjilik hem-de hoşniýetli goňşuçylyk syýasatyna hem-de «Dialog — parahatçylygyň kepili» atly ýörelgesine laýyklykda halkara meseleleri bilen bagly köptaraplaýyn işleri geçirmekde, döwletleriň we halklaryň arasyndaky özara düşünişmegi...

DOWAMY
27 Iýul

TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI BIRLEŞEN ARAP EMIRLIKLERINIŇ ÝOLBAŞÇYLARYNA GYNANÇ BILDIRDI

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Birleşen Arap Emirlikleriniň Prezidenti Şeýh Mohammed bin Zaýed Al Nahaýýana we BAE-niň wise-prezidenti Şeýh Mansur bin Zaýed Al Nahaýýana dogany Şeýh Saýid bin Zaýed Al Nahaýýanyň aradan çykmagy zerarly gynanç hatyny iberdi. “Goý, Gudraty Güýçli Allatagala şu agyr pursatda Size we maşgala agzalaryňyza ruhy durnuklylyk, sabyrlylyk bersin, merhumyň ýatan ýeri ýagty, imany hemra bolsun!” diýip, hormatly Prezidentimiz merhumyň dogan-garyndaşlaryna, ýa...

DOWAMY
27 Iýul

TÜRKMEN HALKYNYŇ MILLI LIDERI, TÜRKMENISTANYŇ HALK MASLAHATYNYŇ BAŞLYGY BIRLEŞEN ARAP EMIRLIKLERINIŇ ÝOLBAŞÇYLARYNA GYNANÇ BILDIRDI

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Birleşen Arap Emirlikleriniň Prezidenti Şeýh Mohammed bin Zaýed Al Nahaýýana we BAE-niň wise-prezidenti Şeýh Mansur bin Zaýed Al Nahaýýana dogany Şeýh Saýid bin Zaýed Al Nahaýýanyň biwagt aradan çykmagy zerarly gynanç hatyny iberdi. “Goý, Gudraty Güýçli Allatagala şu agyr pursatda Size we maşgala agzalaryňyza ruhy durnuklylyk, sabyrlylyk bersin, merhumyň ýatan ýeri ýagty, imany hemra bolsun!” diý...

DOWAMY