TÜRKMENISTANYŇ KONSULLYGY
OWGANYSTAN YSLAM RESPUBLIKASY - MAZARI ŞERIP
2025-nji ýyl - Halkara parahatçylyk
we ynanyşmak ýyly
SOŇKY HABARLAR
DAŞARY IŞLER MINISTRINIŇ TÄJIGISTAN RESPUBLIKASYNYŇ ILÇISI BILEN DUŞUŞYGY
2019-njy ýylyň 11-nji iýulynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri R.Meredowyň Täjigistan Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi Şarifzoda Farruh Homiddin bilen duşuşygy geçirildi. Dostlukly ýagdaýda geçirilen duşuşygyň barşynda taraplar öň gazanylan ylalaşyklaryň durmuşa geçirilişiniň depginini ara alyp maslahatlaşdylar we ikitaraplaýyn gatnaşyklary ösdürmegiň ileri tutulýan ugurlaryny kesgitlediler. Türkmenistanyň DIM-niň ýolbaşçysynyň aýratyn nygta...
TÜRKIÝEDE TÜRKMENISTANYŇ MEDENIÝET GÜNLERI AÇYLDY
2019-njy ýylyň 10-njy iýulynda Türkiýe Respublikasynyň Siwas şäherinde Türkmenistanyň Medeniýet günleriniň açylyş dabarasy we ýurdumyzyň sungat ussatlarynyň konserti boldy. Dabara Türkiýe Respublikasynyň köp sanly medeniýet we sungat işgärleri, taryhçylar, sungatşynaslar we köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň işgärleri gatnaşdylar. Döredijilik çäresiniň çäklerinde ýurdumyzyň amaly-haşam sungatynyň eserleriniň, muzeý gymmatlyklarynyň sergisi öz işine başlady. Şäheriň kongres binasynda...
AŞGABATDA ONLAÝN-KHBS-DE IŞLEMEGIŇ BAŞARNYKLARY BOÝUNÇA TÄLIM OKUWY GEÇIRILÝÄR
2019-njy ýylyň 10-njy iýulynda Aşgabat şäheriniň «Ýyldyz» myhmanhanasynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň ýardam bermeginde ÝHHG-niň Aşgabatdaky Merkezi tarapyndan guralan onlaýn-KHBS-de işlemegiň başarnyklary boýunça tälim okuwy öz işine başlady. Okuwa Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentliginiň (TDH), Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komitetiniň wekilleri, şeýle hem sanly köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň hem-de metbugatyň wekilleri gatnaşý...
TÜRKMENISTANYŇ DAŞARY IŞLER MINISTRI GAZAGYSTAN RESPUBLIKASYNYŇ ILÇISI BILEN HYZMATDAŞLYGY ÇUŇLAŞDYRMAGYŇ DERWAÝYS MESELELERINI ARA ALYP MASLAHATLAŞDY
2019-njy ýylyň 11-nji iýulynda Türkmenistanyň DIM-niň binasynda Daşary işler ministri R.Meredowyň Gazagystan Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi Ž.Asanow bilen duşuşygy geçirildi. Duşuşygyň barşynda taraplar iki ýurduň arasyndaky hyzmatdaşlygyň hemmetaraplaýyn pugtalandyrylýandygyny belläp geçdiler we syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwerlik ulgamlaryndaky türkmen-gazak gatnaşyklarynyň derwaýys meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar....
TÜRKMENISTANYŇ DIM-DE TÜRKMEN-ÖZBEK HYZMATDAŞLYGYNY GIŇELTMEGIŇ MESELELERI ARA ALNYP MASLAHATLAŞYLDY
Şu gün, 2019-njy ýylyň 11-nji iýulynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri R.Meredow Özbegistan Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi Akmaljon Kuçkarow bilen duşuşdy. Duşuşygyň barşynda taraplar ikitaraplaýyn gatnaşyklar bilen bagly bolan meseleleriň giň toplumyna seredip geçdiler we iki ýurduň arasyndaky hyzmatdaşlygyň sazlaşykly pugtalandyrylýandygy bellenilip geçildi. Taraplar yzygiderli gatnaşyklary saklamagyň zerurlygyny tassyklamak bilen, hoşniýetl...
DAŞARY IŞLER MINISTRLIGINDE DUŞUŞYK GEÇIRILDI
Ýurdumyzyň Daşary işler ministrliginde Ýewropa Bileleşiginiň Daşary işler we howpsuzlyk syýasaty boýunça Ýokary wekili, Ýewropa Komissiýasynyň wise-prezidenti hanym Federika Mogerini bilen geçirilen duşuşygyň barşynda Türkmenistanyň we Ýewropa Bileleşiginiň hyzmatdaşlygynyň esasy ugurlary ara alnyp maslahatlaşyldy. Bellenilişi ýaly, Ýewropa Bileleşigi Merkezi Aziýa sebitinde möhüm orun eýeleýän hem-de sebit we sebitara gatnaşyklary ösdürmekde ÝB ylalaşdyryjylyk kuwwatyny görkezýän strategik h...
EKOLOGIÝA TAÝDAN ARASSA ÝANGYÇ TÜRKMENISTANDAN OWGANYSTANA YNSANPERWER KÖMEK HÖKMÜNDE ÝETIRILDI
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda açylyp işe girizilen dünýäde ilkinji Ahal welaýatynda tebigy gazdan benzin öndürýän zawodyň önüminiň birinji tapgyrynyň Türkmenistandan Owganystana ynsanperwer kömek hökmünde demir ýol arkaly iberilen 60 tonnadan ybarat bolan ekologiýa taýdan arassa ýangyç 2019-njy ýylyň 1-nji iýulynda Türkmenistandan Owganystan Yslam Respublikasynyň «Akina» stansiýasyna geldi. Bu ýerde ynsanperwerlik kömegi hökmünde iberilen ýüki Akina şäherçes...