TÜRKMENISTANYŇ KONSULLYGY
OWGANYSTAN YSLAM RESPUBLIKASY - MAZARI ŞERIP
2025-nji ýyl - Halkara parahatçylyk
we ynanyşmak ýyly
SOŇKY HABARLAR
TÜRKMENISTAN ÝUNESKO BILEN HYZMATDAŞLYGYNA AÝRATYN ÄHMIÝET BERÝÄR
2019-njy ýylyň 11-nji awgustynda Birinji Hazar ykdysady forumynyň çäklerinde Türkmenistanyň daşary syýasat edarasynyň ýolbaşçysy R.Meredowyň Türkmenistana iş sapary bilen ÝUNESKO-nyň baş direktorynyň orunbasary W.E.Rýabinin bilen duşuşygy geçirildi. Gepleşikleriň barşynda taraplar Türkmenistanyň ÝUNESKO bilen hyzmatdaşlygynyň ileri tutulýan ugurlary boýunça pikirleri alyşdylar. Taraplar ylym-bilim we medeniýet ulgamyndaky gatnaşyklaryň netijeliligini belläp geçmek bilen, maddy we maddy däl m...
TÜRKMENISTAN YKDYSADY HYZMATDAŞLYK GURAMASY BILEN GATNAŞYKLARYNA AÝRATYN ÄHMIÝET BERÝÄR
2019-njy ýylyň 11-nji awgustynda Türkmenbaşy şäherinde Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasary, Daşary işler ministri R.Meredowyň Birinji Hazar ykdysady forumyna gatnaşmak maksady bilen Türkmenistana gelen Ykdysady hyzmatdaşlyk guramasynyň Baş sekretary Hadi Suleýmanpur bilen duşuşygy geçirildi. Duşuşygyň barşynda taraplar Türkmenistanyň we YHG-nyň arasyndaky gözbaşyny 1992-nji ýyldan alyp gaýdýan hyzmatdaşlygyň netijeliligini we uzakmöhletleýin häsiýete eýe bolup durýand...
TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI WATANDAŞLARYMYZY GURBAN BAÝRAMY BILEN GUTLADY
Mähriban halkym! Eziz watandaşlar! Sizi adamzadyň ahlak-edep ýörelgelerini, dogruçyllygy, hoşniýetliligi we päkligi ündeýän mukaddes Gurban baýramy bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn! Gurbanlyk Gündogar halklarynyň, şol sanda türkmen halkynyň asyrlarboýy kämilleşdirip we nesilden-nesle geçirip gelen medeni-ruhy mirasyny, ahlak ýörelgelerini, ynsanperwerlik we dostluk hakyndaky dünýägaraýyşlaryny, däp-dessurlaryny, urp-adatlaryny özünde jemleýän, täze many-mazmun bilen baýlaşdyrylýan ajaýyp...
TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI HAZAR INNOWASION TEHNOLOGIÝALAR HALKARA SERGISINE WE «TÜRKMEN SÄHRASY - 2019» ATLY HALKARA AWTOSERGISINE GATNAŞYJYLARA GUTLAG IBERDI
Hormatly halkara sergilerine gatnaşyjylar! Gadyrly myhmanlar! Sizi Birinji Hazar ykdysady forumynyň çäklerinde geçirilýän Hazar innowasion tehnologiýalar halkara sergisiniň we «Türkmen sährasy - 2019» atly halkara awtosergisiniň öz işine başlamagy bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn! Gojaman Hazaryň türkmen kenarynda - Türkmenbaşy şäherinde geçirilýän bu giň möçberli we many-mazmuny boýunça ägirt uly ähmiýete eýe bolan çäreler diňe bir Hazarýaka döwletlerinin däl, eýsem gyzyklanma bildirýän...
HAZAR INNOWASION TEHNOLOGIÝALARYNYŇ SERGISI AÇYLDY
2019-njy ýylyň 11-nji awgustynda birinji Hazar ykdysady forumynyň çäklerinde halkara Hazar innowasion tehnologiýalarynyň sergisiniň, şeýle hem «Türkmen sähra – 2019» atly sergisiniň açylyş dabarasy geçirildi. Sergileriň açylyş dabaralaryna hazarýaka we beýleki ýurtlaryň ýokary derejeli myhmanlary, halkara guramalarynyň, daşary ýurt kompaniýalarynyň we halkara köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar. Sergiler Türkmenbaşy şäheriniň Halkara deňiz portunyň çäginde gura...
AWTOMOBIL ULAGLARYNYŇ HALKARA BIRLEŞIGINIŇ (IRU) BAŞ SEKRETARY BILEN DUŞUŞYK
2019-njy ýylyň 11-nji awgustynda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasary, Daşary işler ministri R.Meredowyň Birinji Hazar ykdysady forumyna gatnaşmak maksady bilen Türkmenistana gelen Awtomobil ulaglarynyň halkara birleşiginiň (IRU) Baş sekretary Umberto de Pretto bilen duşuşygy geçirildi. Duşuşygyň barşynda taraplar Türkmenistanyň IRU bilen gatnaşyklarynyň, hususan-da ulag hem-de üstaşyr geçiriji infrastrukturalaryň ösdürilmegi ulgam...
TÜRKMEN-RUS HYZMATDAŞLYGYNYŇ MESELELERI HAZAR INNOWASION TEHNOLOGIÝALARYNYŇ SERGISINIŇ ÇÄKLERINDE ARA ALNYP MASLAHATLAŞYLDY
2019-njy ýylyň 11-nji awgustynda Türkmenbaşy şäherinde Hazar innowasion tehnologiýalarynyň sergisiniň çäklerinde Russiýa Federasiýasynyň Hökümetiniň başlygynyň orunbasary – Hökümetiň Diwanynyň ýolbaşçysy K.A.Çuýçenkonyň Türkmenistanyň daşary syýasat edarasynyň ýolbaşçysy R.Meredow bilen duşuşygy geçirildi. Duşuşygyň barşynda taraplar özara hormat goýmak we açyklyk ýörelgelerine esaslanýan Türkmenistanyň we Russiýanyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň işjeň ösdürilýändigini kanagatlanma bilen belläp g...