TÜRKMENISTANYŇ KONSULLYGY
OWGANYSTAN YSLAM RESPUBLIKASY - MAZARI ŞERIP
2025-nji ýyl - Halkara parahatçylyk
we ynanyşmak ýyly
SOŇKY HABARLAR
BMG-NIŇ EDARALARYNA SAÝLANMAGYNYŇ ÇÄKLERINDE TÜRKMENISTANYŇ IŞ MEÝILNAMASYNY TAÝÝARLAMAK BOÝUNÇA PUDAGARA IŞ TOPARYNYŇ MEJLISI
2019-njy ýylyň 17-nji maýynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde 2020-2022-nji ýyllar üçin Bütindünýä Azyk maksatnamasynyň Ýerine ýetiriji Geňeşiniň, 2020-2024-nji ýyllar üçin Ilat we ösüş Komissiýasynyň we 2020-2023-nji ýyllar üçin Neşe serişdeleri boýunça Komissiýasynyň çäklerinde Türkmenistanyň Iş meýilnamasyny taýýarlamak boýunça täze döredilen Pudagara iş toparynyň birinji mejlisi geçirildi. 2019-njy ýylyň 7-nji maýynda Türkmenistan Ykdysady we Durmuş Geňeşiniň Guramaçylyk mejlisini...
TÜRKMENISTAN WE WÝETNAM KÖPUGURLY HYZMATDAŞLYGY GIŇELTMEGI GÖZ ÖŇÜNDE TUTÝARLAR
2019-njy ýylyň 16-njy maýynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde türkmen paýtagtyna iş sapary bilen gelen Wýetnam Sosialistik Respublikasynyň Kommunstik Partiýasynyň Merkezi Komitetiniň halkara bölüminiň başlygynyň orunbasary Nguen Tuan Fongyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet bilen duşuşyk geçirildi. Duşuşygyň barşynda taraplar iki ýurduň arasyndaky köpugurly gatnaşyklary ösdürmäge ygrarlydyklaryny belläp geçdiler. Şunuň bilen baglylykda döwletara saparlarynyň guralmagynyň, has takygy ýoka...
AŞGABATDA TÜRKMENISTANYŇ OBA HOJALYKDA GAZANANLARYNYŇ SERGISI HEM-DE HALKARA YLMY MASLAHATY GEÇIRILÝÄR
2019-njy ýylyň 16-njy maýynda Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň sergi zalynda Türkmenistanyň oba hojalygynyň gazananlaryna bagyşlanan serginiň we «Türkmenistanyň oba hojalyk ekinleriniň tohumçylyk ulgamynda ýetilen sepgitler we öňde durýan möhüm wezipeler» atly halkara ylmy maslahatynyň açylyş dabarasy geçirildi. Dabaranyň başynda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň sergä hem-de halkara ylmy maslahatyna gatnaşyjylara gutlag haty okaldy. Sergä türkmen alymlary we b...
TÜRKMENISTANYŇ DIM-DE ÖZBEGISTANYŇ MEDENIÝET MINISTRI BILEN DUŞUŞYK GEÇIRILDI
2019-njy ýylyň 15-nji maýynda Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň GDA gatnaşyjy-döwletleriň döredijilik we ylmy intelligensiýasynyň ХIV Forumyna gatnaşmak üçin Aşgabada gelen Özbegistan Respublikasynyň Medeniýet ministri Bahtiýor Saýfullaýew bilen duşuşygy geçirildi. Duşuşygyň barşynda taraplar dürli ugurlar boýunça iki doganlyk ýurtlaryň arasyndaky hyzmatdaşlygyň ýokary derejesini kanagatlanma bilen belläp geçdiler, has takygy medeni-ynsanperwer gatnaşyklaryny ösdürmegiň meseleleri ara a...
AŞGABATDA GDA-NYŇ TOHUMÇYLYK MESELELERI BOÝUNÇA HÖKÜMETARA UTGAŞDYRYJY GEŇEŞINIŇ MEJLISI AÇYLDY
2019-njy ýylyň 15-nji maýynda Aşgabat şäheriniň «Arçabil» myhmanhanasynyň maslahatlar zalynda GDA-nyň tohumçylyk meseleleri boýunça Hökümetara utgaşdyryjy geňeşiniň mejlisiniň açylyş dabarasy geçirildi. Mejlisiň açylyş dabarasynda Türkmenistanyň Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministri M.Baýramdurdyýew, Belarus Respublikasynyň Oba hojalygy we azyk ministriniň orunbasary, Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň tohumçylyk meseleleri boýunça Hökümetara utgaşdyryjy geňeşiniň başlygy W.W.Grakun,...
«ARKALAŞYGYŇ ÝYLDYZLARY» BAÝRAGYNYŇ GOWŞURYLMAGY MYNASYBETLI DABARALAR
2019-njy ýylyň 15-nji maýynda GDA gatnaşyjy döwletleriň döredijilik we ylmy intelligensiýasynyň ХIV Forumynyň çäklerinde GDA-nyň «Arkalaşygyň Ýyldyzlary» atly esasy ynsanperwerlik baýragynyň gowşurylyş dabarasy geçirildi. Sungat, ylym we bilim ulgamynda gazananlary üçin alymlaryň we medeniýet işgärleriniň on birisi bu baýragyň eýeleri boldular. Arkalaşygyň baýragy Türkmenistanyň wekiline – ýurdumyzyň halk artisti, opera aýdymçysy Atageldi Garýagdyýewe hem gowşuryldy. «Arkalaşygyň Ýyldyzlar...
AŞGABATDA GDA GATNAŞYJY-DÖWLETLERIŇ DÖREDIJILIK WE YLMY INTELLIGENSIÝASYNYŇ ХIV FORUMY ÖZ IŞINE BAŞLADY
2019-njy ýylyň 15-nji maýynda Aşgabatda GDA gatnaşyjy-döwletleriň döredijilik we ylmy intelligensiýasynyň ХIV Forumy öz işine başlady, oňa gatnaşmak üçin Ermenistandan, Azerbaýjandan, Belarusdan, Gazagystandan, Gyrgyzystandan, Moldowadan, Täjigistandan, Özbegistandan we Russiýadan 200-den gowrak wekiller Türkmenistanyň paýtagtyna geldiler. Şu ýyl forumyň temasy - «Arkalaşygyň umumy ynsanperwerlik giňişligi: medeniýet, ylym, bilim ulgamynda gatnaşyk» bolup durýandyr. Plenar mejlislerde we ý...