TÜRKMENISTANYŇ KONSULLYGY
OWGANYSTAN YSLAM RESPUBLIKASY - MAZARI ŞERIP
2025-nji ýyl - Halkara parahatçylyk
we ynanyşmak ýyly
SOŇKY HABARLAR
TÜRKMENISTANYŇ ILÇISI ASEAN-DA AKKREDITIRLENDI
2019-njy ýylyň 17-nji maýynda Türkmenistanyň Malaýziýadaky Ilçisi M.Maşalow Günorta-Gündogar Aziýa döwletleriniň Assosiasiýasynyň (ASEAN) Baş sekretary Lim Joek Hoý-a özüniň ýurduň bu guramadaky wekili hökmünde bellenmegi baradaky Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň hatyny gowşurdy. Hat gowşurylandan soňra Ilçi we Baş sekretar ikitaraplaýyn duşuşyk geçirdiler. Onuň dowamynda Baş sekretar Lim Joek Hoý Türkmenistan bilen ASEAN-yň arasyndaky dostlukly gatnaşyklary giňeltmek maksady bilen...
TÜRKMENISTANYŇ BELARUS RESPUBLIKASYNDAKY ILÇIHANASY BIRINJI HAZAR YKDYSADY FORUMYNA BAGYŞLANAN BRIFING GEÇIRDI
Ýakynda Türkmenistanyň Belarus Respublikasyndaky Ilçihanasy 2019-njy ýylyň 12-nji awgustynda Türkmenistanda “Awaza” Milli syýahatçylyk zolagynda geçirilmegi meýilleşdirililýän birinji Hazar ykdysady Forumynyň guramaçylykly geçirmegine bagyşlanan brifing geçirdi. Ilçihananyň binasynda geçirilen brifinge Belarus Respublikasynyň Daşary işler, Ykdysadyýet hem-de Maliýe ministrlikleriniň, Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň Yerine ýetiriji komitetiniň, Belarus Respublikasynyň Ylymlar akademiýasynyň...
DUŞANBEDE «MERKEZI AZIÝA + ÝAPONIÝA» DIALOGYNYŇ DAŞARY IŞLER MINISTRLERINIŇ NOBATDAKY MEJLISI GEÇIRILDI
2019-njy ýylyň 18-nji maýynda Duşanbe şäherinde Täjigistan Respublikasynyň Hökümetiniň şäher rezidensiýasynda «Merkezi Aziýa + Ýaponiýa» Dialogynyň Daşary işler ministrleriniň 7-nji mejlisi geçirildi. Mejlise Täjigistan Respublikasynyň Daşary işler ministri Sirojiddin Muhriddin, Gazagystan Respublikasynyň Daşary işler ministri Beýbut Atamkulow, Gyrgyz Respublikasynyň Daşary işler ministri Çingiz Aýdarbekow, Özbegistan Respublikasynyň Daşary işler ministri Abdulaziz Kamilow, Ýaponiýanyň Daşary...
TÜRKMENISTANYŇ WE ÝAPONIÝANYŇ WEKILIÝETLERINIŇ DUŞENBE ŞÄHERINDÄKI DUŞUŞYGY
2019-njy ýylyň 18-nji maýynda Duşanbe şäherinde «Terrorçylyga we onuň maliýeleşdirilmegine, şol sanda neşe serişdeleriniň bikanun dolanşygyna we gyramaçylykly jenaýatçylyga garşy göreşmekde halkara we sebitleýin hyzmatdaşlyk» atly ýokary derejeli maslahata gatnaşmak üçin Täjigistana gelen Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasarynyň we Ýaponiýanyň Daşary işler ministri Taro Kononyň duşuşygy geçirildi. Gepleşikleriň barşynda taraplar türkmen-ýapon gatnaşyklarynyň ösüşiniň oňyn depgini...
ÝAPONIÝANYŇ MERKEZI AZIÝA ÝURTLARY BILEN HYZMATDAŞLYGYNYŇ MÜMKINÇILIKLERI
Ýaponiýanyň Daşary işler ministri Taro Kono Ilki bilen, Daşary işler ministri wezipesine bellenenimden soňra ilkinji gezek Merkezi Aziýa topragyna gadam basyp bilýändigim üçin özümiň çäksiz begenjimi beýan edýärin. Şu gün men Duşanbe şäherinde «Merkezi Aziýa + Ýaponiýa» Dialogynyň çäklerinde daşary işler ministrleriniň 7-nji mejlisine gatnaşýaryn we bu meýdançanyň çäklerinde hyzmatdaşlygyň geljekki meseleleriniň ara alnyp maslahatlaşylmagyna sabyrsyzlyk bilen garaşýaryn. Merkezi Aziýa ýurt...
TÜRKMENISTAN HELÄKÇILIKLERIŇ HOWPUNYŇ AZALDYLMAGY BOÝUNÇA GLOBAL PLATFORMASYNYŇ IŞINE GATNAŞÝAR
2019-njy ýylyň 13-17-nji maýy aralygynda Ženewada «Durnuklylygyň gazanylmagyndaky üstünlikler: durnukly we inklýuziw jemgyýetleriň ýolunda» ady bilen heläkçilikleriň azaldylmagy boýunça Global platformanyň 6-njy mejlisi geçirilýär. Bu Forumda Türkmenistanyň Goranmak ministriniň orunbasarynyň, Goranmak ministrliginiň raýat goranyş we halas ediş işleri boýunça baş Müdirliginiň başlygynyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet Türkmenistana wekilçilik edýär. Heläkçilikleriň azaldylmagy boýunça Global pl...
TÜRKMENISTANYŇ WEKILIÝETI GIDROENERGETIKA BOÝUNÇA BÜTINDÜNÝÄ KONGRESINE GATNAŞDY
2019-njy ýylyň 14-16-njy maýy aralygynda Parižde Gidroenergetika boýunça Bütindünýä kongresi geçirildi. Onuň barşynda Pariž howa ylalaşygynyň we «Durnukly, özarabaglanşykly dünýäde suwuň güýji» şygary astynda Durnukly ösüş maksatlarynyň durmuşa geçirilişi ara alnyp maslahatlaşyldy. Kongrese 70 ýurtdan resmi wekiliýetler, abraýly halkara guramalarynyň, işewürlik toparlarynyň wekilleri, bilermenler we alymlar gatnaşdylar. Onda Türkmenistana Energetika ministrliginiň we S.A.Nyýazow ad.Türkmen...