TÜRKMENISTANYŇ KONSULLYGY
OWGANYSTAN YSLAM RESPUBLIKASY - MAZARI ŞERIP
2025-nji ýyl - Halkara parahatçylyk
we ynanyşmak ýyly
SOŇKY HABARLAR
AŞGABATDA TÜRKMENISTANYŇ WE EÝRANYŇ DAŞARY SYÝASAT EDARALARYNYŇ ÝOLBAŞÇYLARYNYŇ DUŞUŞYGY GEÇIRILDI
2019-njy ýylyň 13-nji maýynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň binasynda Aşgabada iş sapary bilen gelen Eýran Yslam Respublikasynyň Daşary işler ministri Muhammad Jawad Zarif bilen duşuşyk geçirildi. Gepleşikleriň barşynda taraplar derwaýys meseleleriň giň toplumyny ara alyp maslahatlaşdylar hem-de syýasy, söwda-ykdysady we ynsanperwerlik ulgamlarynda özarabähbitli türkmen-eýran gatnaşyklarynyň ösdürilmegi boýunça tagallalaryny tassykladylar. Taraplar iki ýurduň halkara guramalaryny...
TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI EÝRANYŇ DAŞARY IŞLER MINISTRINI KABUL ETDI
Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Eýran Yslam Respublikasynyň daşary işler ministri Mohammad Jawad Zarifi kabul etdi. Myhman mähirli kabul edilendigi üçin hoşallyk bildirip, milli Liderimize öz ýurdunyň ýolbaşçylarynyň aýdan mähirli salamyny ýetirdi. Olar ýola goýlan netijeli hyzmatdaşlygy hemmetaraplaýyn giňeltmäge ýokary gyzyklanma bildirýändigini nobatdaky gezek tassykladylar. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow dostlukly döwletiň ýolbaşçylaryna özüniň...
TÜRKMENISTANYŇ GDA-DA BAŞLYKLYK ETMEKLIGINIŇ ÇÄKLERINDE GEÇIRILJEK ÇÄRELER
2019-njy ýylyň 15-16-njy maýy aralygynda Türkmenistanyň GDA-da başlyklyk etmekliginiň çäklerinde Aşgabat şäherinde Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyna gatnaşyjy döwletleriň döredijilik we ylmy intelligensiýasynyň XIV forumy hem-de GDA-nyň tohumçylyk meseleleri boýunça Hökümetara utgaşdyryjy geňeşiniň mejlisi geçiriler. Bu çäreleriň işine gatnaşmak üçin GDA-nyň Ýerine ýetiriji komitetiniň başlygy – ýerine ýetiriji sekretary Sergeý Lebedew Türkmenistana geler. Maksatnamanyň çäklerinde Türkmeni...
TÜRKMENISTANYŇ EKOSOS-YŇ ÜÇ EDARASYNYŇ AGZALYGYNA SAÝLANMAGYNA BAGYŞLANAN MASLAHAT
2019-njy ýylyň 11-nji maýynda Türkmenistanyň Jemgyýetçilik guramalarynyň merkezinde Türkmenistanyň EKOSOS-yň üç edarasynyň agzalygyna saýlanmagyna bagyşlanan «Türkmenistan – Birleşen Milletler Guramasy: strategiki hyzmatdaşlygyň täze belentlikleri» atly maslahat geçirildi. Mälim bolşy ýaly, şu ýylyň 7-nji maýynda Birleşen Milletler Guramasynyň Ykdysady we Durmuş Geňeşiniň guramaçylyk meseleleri boýunça mejlisiniň işiniň barşynda biziň ýurdumyz bu guramanyň üç sany möhüm edarasyna: 2020-2022-n...
TÜRKMENISTANYŇ BMG-NIŇ YKDYSADY WE DURMUŞ GEŇEŞINIŇ EDARALARYNA SAÝLANMAGY MYNASYBETLI PRESS-RELIZ
2019-njy ýylyň 7-nji maýynda Birleşen Milletler Guramasynyň Ykdysady we Durmuş Geňeşiniň guramaçylyk meseleleri boýunça mejlisinde Türkmenistan onuň üç sany möhüm edarasyna: 2020-2022-nji ýyllar üçin Bütindünýä Azyk maksatnamasynyň Ýerine ýetiriji Geňeşine, 2020-2024-nji ýyllar üçin Birleşen Milletler Guramasynyň Ilat we ösüş Komissiýasyna we 2020-2023-nji ýyllar üçin Neşe serişdeleri boýunça Komissiýasyna saýlandy. Türkmenistanyň bu edaralaryň düzümine saýlanmagy biziň ýurdumyzyň dünýädäki a...
TÜRKMENISTANYŇ DIM-DE KATAR DÖWLETINIŇ WEKILIÝETI BILEN DUŞUŞUK GEÇIRILDI
2019-njy ýylyň 9-njy maýynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň binasynda «Altyn Asyr» Türkmen kölüniň golaýynda täze durmuş-önümçilik toplumynyň düýbüni tutmak mynasybetli geçirilen çärelere gatnaşmak maksady bilen biziň ýurdumyza gelen Katar Döwletiniň Şeýhler maşgalasynyň agzasy Şeýh Faýsal bin Naser Al Taniniň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet bilen duşuşuk geçirildi. Duşuşygyň barşynda taraplar iki ýurduň arasyndaky deňhukuklylyk we özarahormat goýmak ýörelgelerine esaslanýan işjeň gat...
AŞGABATDA BMG-NIŇ IÝMIT WE OBA HOJALYK GURAMASYNYŇ WEKILI BILEN DUŞUŞYK GEÇIRILDI
2019-njy ýylyň 9-njy maýynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde «Altyn Asyr» Türkmen kölüniň golaýynda täze durmuş-önümçilik toplumynyň düýbüni tutmak dabarasy mynasybetli geçirilen çärelere gatnaşmak maksady bilen ýurdumyza gelen BMG-niň Iýmit we oba hojalyk guramasynyň (FAO) Merkezi Aziýa üçin Sebitleýin utgaşdyryjysy Wiorel Gusu bilen duşuşyk geçirildi. Duşuşygyň barşynda taraplar Türkmenistanyň FAO bilen oba hojalygynyň durnukly ösüşi we azyk howpsuzlygynyň saklanylmagy üçin çärel...