SOŇKY HABARLAR
ÝHHG WE BMG-NIŇ TERRORÇYLYGA GARŞY MÜDIRLIGINIŇ WENA ŞÄHERINDE BILELIKDE GEÇIREN MASLAHATYNYŇ ÇÄKLERINDE “ZORLUKLY EKSTREMIZMIŇ ÖŇÜNI ALMAK WE TERRORÇYLYGA GARŞY HEREKET ETMEK BOÝUNÇA TÜRKMENISTANYŇ MILLI STRATEGIÝASYNA” BAGYŞLANAN ÇÄRE GEÇIRLIDI
2020-nji ýylyň 12-nji fewralynda Awstriýanyň Wena şäherinde ÝHHG, BMG-niň Terrorçylyga garşy müdirligi bilen bilelikdäki terrorçylyga garşy ýokary derejeli sebitleýin maslahatynyň çäklerinde “Zorlukly ekstremizmiň öňüni almak we terrorçylyga garşy hereket etmek boýunça 2020–2024-nji ýyllar üçin Türkmenistanyň Milli strategiýasyna” bagyşlanan çäre geçirlidi. Bu çäre Türkmenistanyň ÝHHG-niň ýanyndaky hemişelik wekilhanasy, ÝHHG we BMG-niň Merkezi Aziýa boýunça öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebi...
RAÝDAŞLYK ÇEMPIONATYNDA TÜRKMEN AGYR ATLETIKAÇYSYNYŇ ÜSTÜNLIGI
Özbegistanyň paýtagty Daşkent şäherinde geçirilýän Agyr atletika boýunça halkara raýdaşlyk çempionatynyň jemleýji gününde Türkmenistanyň ýygyndy toparynyň sylaglarynyň üsti ýene bir altyn medal bilen ýetirildi. Mary welaýatynyň sport we ýaşlar syýasaty Baş müdirliginiň Mary şäheriniň 7-nji sport mekdebiniň agyr atletika boýunça tälimçisi Hojamuhammet Toýçyýew 109 kilogramdan ýokary derejede çykyş edip, umumylykda jemi 411 kilogram agramy göterip, altyn medala mynasyp boldy. Şunda biziň türgen...
TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI «KAMAZ» AÇYK PAÝDARLAR JEMGYÝETINIŇ BAŞ DIREKTORYNY KABUL ETDI
Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow «KAMAZ» açyk paýdarlar jemgyýetiniň baş direktory Sergeý Kogogini kabul etdi. Myhman duşuşmaga döredilen mümkinçilik üçin milli Liderimize hoşallyk bildirip, Türkmenistanyň daşary döwletleriň işewür toparlary üçin ägirt uly gyzyklanma döredýändigini nygtady. Munuň özi ýurtda amatly maýa goýum ýagdaýynyň döredilendigi hem-de iri möçberli özgertmeleriň amala aşyrylýandygy bilen şertlenendir. Işewür ýolbaşçylyk edýän kompaniýasynyň Türkmeni...
TÜRKMENISTANYŇ DIM-DE TÜRKMEN-RUMYN KONSULLYK GEŇEŞMELERI GEÇIRILDI
2020-nji ýylyň 11-nji fewralynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde türkmen-rumyn konsullyk geňeşmeleri geçirildi, oňa gatnaşmak maksady bilen Rumyniýanyň DIM-niň Konsullyk departamentiniň Baş direktory Muntean Walentin Çiprianyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet Aşgabada geldi. Duşuşygyň barşynda taraplar Türkmenistanyň we Rumyniýanyň degişli edaralarynyň arasynda tejribe alyşmak bilen birlikde konsullyk hyzmatlaryny bermek prosesiniň kämilleşdirilmegi bilen bagly bolan meseleleriň birnäçe...
TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI ÝEWROPA BILELEŞIGINIŇ ADATDAN DAŞARY WE DOLY YGTYÝARLY ILÇISINI KABUL ETDI
Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ýewropa Bileleşiginiň Türkmenistanda täze bellenen Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Diego Ruiz Alonsony kabul etdi. Ol milli Liderimize ynanç hatyny gowşurdy. Diplomat pursatdan peýdalanyp, türkmen topragynda bildirilen myhmansöýerlik üçin çuňňur hoşallyk bildirdi we Ýewropa Geňeşiniň Başlygy Şarl Mişeliň we Ýewropa Komissiýasynyň Başlygy Ursula fon der Lýaýeniň milli Liderimize aýdan hoşniýetli sözlerini ýetirdi. Şeýle hem ilçi Ý...
TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTINIŇ PERMANY Ç.K.ATAÝEW HAKYNDA
Türkmenistanyň Belgiýa Patyşalygyndaky (Brýussel şäheri) Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Çary Kakamyradowiç Ataýewi Türkmenistanyň Ýewropa Bileleşiginiň ýanyndaky wekilçiliginiň baştutany wezipesine bellemeli. Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly BERDIMUHAMEDOW. Aşgabat şäheri, 2020-nji ýylyň 10-njy fewraly.
MARYDA SEBITLEÝIN INFRASTRUKTURALARYŇ HOWPSUZLYGYNYŇ ÜPJÜN EDILMEGI BOÝUNÇA SEMINARY GEÇIRILDI
2020-nji ýylyň 10-njy fewralynda Mary şäherinde Owganystan boýunça hyzmatdaşlygyň «Stambul prosessiniň» çäklerinde sebitleýin infrastrukturalaryň howpsuzlygynyň üpjün edilmegi boýunça bilelikdäki türkmen-owgan seminary öz işine başlady. Bu çärä Türkmenistanyň we Owganystan Yslam Respublikasynyň Daşary işler, içeri işler, goranmak, energetika ministrlikleriniň wekilleri we nebitgaz pudagynyň hünärmenleri, şeýle-de «Stambul prosessine» gatnaşyjy ýurtlaryň ygtyýarly wekilleri gatnaşýarlar. Semin...