RSS

SOŇKY HABARLAR

pic
22 Ýan

TÜRKMENISTANYŇ ILÇISINIŇ FILIPPINLER RESPUBLIKASYNYŇ PREZIDENTINE YNANÇ HATLARYNY GOWŞURMAGY

2019-njy ýylyň 21-nji ýanwarynda Türkmenistanyň Filippinler Respublikasyndaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi (ýerleşýän ýeri Tokio ş.) Gurbanmämmet Elýasow  Filippinler Respublikasynyň Prezidenti Rodrigo Roa Dutertä öz ynanç hatlaryny gowşurdy. Ynanç hatlary gowşurylandan soňra, Ilçi bilen Prezidentiň arasynda ikitaraplaýyn duşuşyk geçirildi. Duşuşygyň dowamynda Ilçi Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň Filippinler Respublikasynyň Prezidentiniň adyna ýollan salamlary...

DOWAMY
pic
17 Ýan

TÜRKMENISTAN BILEN BIRLEŞEN MILLETLER GURAMASYNYŇ ILAT GAZNASYNYŇ (ÝUNFPA) ARASYNDA BIRNÄÇE RESMINAMALARA GOL ÇEKILDI

2019-njy ýylyň 16-njy ýanwarynda Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginde ýurdumyzyň birnäçe döwlet edaralary bilen Birleşen Milletler Guramasynyň Ilat gaznasynyň (ÝUNFPA) arasynda birnäçe resminamalara gol çekmek dabarasy boldy. Bu çärä Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň, Bilim ministrliginiň, Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Döwlet gullugy akademiýasynyň we ÝUNFPA-nyň ýolbaşçylary hem-de wekilleri gatnaşdylar. Dabarada bellenilişi ýaly, häzir 2016 - 2020-nji...

DOWAMY
pic
1 Ýan

ÝAŞ TÜRKMENISTANLYLARA HORMATLY PREZIDENTIMIZ GURBANGULY BERDIMUHAMEDOWYŇ TÄZE ÝYL SOWGATLARY GOWŞURYLDY

Şu gün, täze ýylyň ilkinji güni Söwda-senagat edarasynda baýramçylyk çäresi geçirildi. Onda ýola goýlan asylly däbe görä, Döwletliler köşgüniň çagalaryna hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň adyndan Täze ýyl sowgatlary gowşuryldy.  Türkmenistanlylaryň ýaş nesli barada ýadawsyz alada milli Liderimiziň durmuş syýasatynyň möhüm ugurlarynyň biri bolup durýar. Bagtly çagalygy üpjün etmek, olaryň sazlaşykly ösmegi, bilim we terbiýe almagy üçin amatly şertleri döretmek meselelerine aýr...

DOWAMY
pic
1 Ýan

TÜRKMENISTANLYLAR 2019-NJY ÝYLY GÜLLÄP ÖSÝÄN WATANA BUÝSANÇ BILEN GARŞYLADYLAR

Türkmenistanlylar Täze, 2019-njy ýyly uly dabaralar bilen garşyladylar we ony agzybir maşgala hökmünde dabaralandyrdylar. “Türkmenistan — Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi” şygary bilen geçen 2018-nji ýyly uly hormat bilen tamamlady, ol unudylmajak aýdyň wakalara, täze üstünliklere beslendi. Ministrler Kabinetiniň 28-nji dekabrda geçirilen mejlisinde hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow geçen ýylda ýerine ýetirilen işleri gysgaça jemläp, oňa oňyn baha berdi. Döwlet Baştutanymyzyň belleýş...

DOWAMY
pic
31 Dek

TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI GURBANGULY BERDIMUHAMEDOWYŇ TÜRKMEN HALKYNA TÄZE ÝYL GUTLAGY

Eziz watandaşlar!  Mähriban halkym! Şanly wakalara beslenen 2018-nji — «Türkmenistan — Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi» diýlip yglan edilen ýyl tamamlanyp barýar. Biz ata Watanymyzyň berkararlygyny, merdana halkymyzyň bagtyýarlygyny üpjün etmekde uly üstünlikler gazanylan 2018-nji ýyl bilen hoşlaşýarys. Garaşsyz döwletimizi ösüşleriň we rowaçlyklaryň täze belentliklerine ýetirjek 2019-njy ýyly uly umyt hem-de şatlyk bilen garşylaýarys. Täze, 2019-njy ýyl — Gündogar müçenamasy boýunça doňuz ýyl...

DOWAMY
pic
31 Dek

TÜRKMENISTANYŇ BAÝDAGY WE HORMATLY PREZIDENTIMIZ GURBANGULY BERDIMUHAMEDOWYŇ KITABY HALKARA KOSMOS STANSIÝASYNDA

Russiýaly kosmonawt, Russiýa Federasiýasynyň Gahrymany we Türkmenistanyň “Prezidentiň Ýyldyzy” ordeniniň eýesi, Türkmenistanda doglan, häzirki döwürde Halkara kosmos stansiýasyndaky missiýa ýolbaşçylyk edýän Oleg Kononenko hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa Gutlag iberdi. Milli Liderimizi we ähli türkmenistanlylary Täze ýyl bilen gutlap, kosmonawt Halkara kosmos stansiýasynda Türkmenistanyň baýdagyny we döwlet Baştutanymyzyň “Türkmenistan — Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi” kitabyny...

DOWAMY
pic
28 Dek

HORMATLY PREZIDENTIMIZ GURBANGULY BERDIMUHAMEDOW BAŞ ARÇANYŇ ÝANYNDAKY DABARALARA GATNAŞDY

Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ýurdumyzyň Baş arçasynyň ýanyndaky Täze ýyl dabaralaryna gatnaşyp, “Älem” medeni-dynç alyş merkeziniň öňündäki meýdançada ýaýbaňlandyrylan baýramçylyk çäresine gatnaşýan çagalaryň şatlygyny paýlaşdy.  12 gatly belent ýaşaýyş jaýynyň beýikligindäki uly Täze ýyl daragty örän köp sanly ýaşajyk arçajyklardan ýygnalyp, şonuň bilen birlikde, ýurdumyza demirgazykdaky Aýazbabadan özüniň günortadaky kärdeşi bolan biziň Aýazbabamyza salam hökmünde...

DOWAMY