RSS

SOŇKY HABARLAR

pic
4 Okt

TÜRKMEN LIDERI ABU-NYŇ ÝOLBAŞÇYLARY BILEN HYZMATDAŞLYGYŇ GELJEGINI ARA ALYP MASLAHATLAŞDY

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Aziýa — Ýuwaş ummany teleradiogepleşikler birleşiginiň (ABU) baş sekretary Jawad Mottagini, ABU-nyň prezidenti, Hindistanyň Doordarşan döwlet teleýaýlymynyň baş direktory hanym Supriýa Sahuny hem-de ABU-nyň wise-prezidenti, Ýaponiýanyň teleradiogepleşikler korporasiýasynyň prezidenti (NHK) jenap Rioiçi Uedany kabul etdi. Myhmanlar döwlet Baştutanymyz bilen mähirli salamlaşyp, dünýäde dürli ugurlarda giň halkara hyzmatdaşlygyna gönükdirilen özün...

DOWAMY
pic
4 Okt

ABU TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTINIŇ SEBITDE KÖPÇÜLIKLEÝIN HABAR BERIŞ SERIŞDELERINIŇ ÖSDÜRILMEGINE GOŞAN AJAÝYP GOŞANDYNY SYLAGLADY

Duşuşyk tamamlanandan soň, Mejlisiň Başlygynyň, hökümet agzalarynyň, harby we hukuk goraýjy edaralaryň ýolbaşçylarynyň gatnaşmagynda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowa sebitde köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň ösdürilmegine goşan uly goşandy üçin Güwänamany, baýragy we ýadygärlik nyşanyny gowşurmak dabarasy boldy.  ABU-nyň Baş sekretaryna söz berildi, ol milli Liderimizi we ýygnananlaryň hemmesini Aziýa — Ýuwaş umman teleradiogepleşikler birleşiginiň Baş Assambleýasyn...

DOWAMY
pic
4 Okt

TÜRKMENISTANDA AZIÝA — ÝUWAŞ UMMAN TELERADIOGEPLEŞIKLER BIRLEŞIGINIŇ BAŞ ASSAMBLEÝASYNYŇ MEJLISI GEÇIRILÝÄR

Türkmen paýtagtynda Aziýa —Ýuwaş umman teleradiogepleşikler birleşiginiň (ABU) Baş Assambleýasynyň 55-nji mejlisi dabaraly ýagdaýda açyldy.  Aşgabatda şeýle wekilçilikli halkara forumyň geçirilmegi halkara gatnaşyklar meselelerinde işjeň orny eýeleýän hem-de sebit we ählumumy derejede abadançylygyň durnukly ösüşiň bähbitlerine laýyk gelýän hyzmatdaşlygyň giňeldilmegine gönükdirilen syýasaty yzygiderli alyp barýan Garaşsyz, Bitarap Türkmenistanyň daşary syýasat strategiýasynyň üstünliklere bes...

DOWAMY
pic
4 Okt

PAÝTAGTYMYZYŇ “SPORT” MYHMANHANASYNDA BRIFING GEÇIRILDI

2018-nji ýylyň 3-nji oktýabrynda paýtagtymyzyň “Sport” myhmanhanasynda Türkmenistanyň sport syýasatyna hem-de 2018-nji ýylyň 28-nji oktýabry – 10-njy noýabry aralygynda geçiriljek Agyr atletika boýunça dünýä çempionatyna bagyşlanan brifing geçirildi. Brifinge Türkmenistanyň Milli olimpiýa komitetiniň, Türkmenistanyň Daşary işler hem-de Sport we ýaşlar syýasaty ministrlikleriniň wekilleri, Türkmenistanyň Milli sport we syýahatçylyk institutynyň professor-mugallymlary we talyplary, ýurdumyzda a...

DOWAMY
pic
3 Okt

“ALTYN ASYR” ILKINJI GEZEK AFK-NYŇ KUBOGYNYŇ FINALYNDA OÝNAR

Aşgabadyň “Altyn asyr” toparynyň futbolçylary Koreýa Halk Demokratik Respublikasynyň “April 25” toparyny geçirilen iki duşuşygyň netijeleri boýunça ýeňip, ilkinji gezek AFK — 2018-iň kubogy ugrundaky ýaryşyň finalyna çykdy. Iki hepde mundan ozal Phenýanda geçen ilkinji oýun 2:2 hasabynda deňlikde tamamlanypdy. Şu gün “Köpetdag” stadionynda geçirilen jogap duşuşygynda garşydaşlar ýene-de ýeňijini belli etmediler — hasap 1:1 tamamlandy. Ýöne, myhmançylykda geçirilen pökgüleriň sanynyň köp bolmagyn...

DOWAMY
pic
3 Okt

«AWAZA» MILLI SYÝAHATÇYLYK ZOLAGYNDA MEDENI-SPORT FESTIWALY AÇYLDY

Şu gün «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda Hazarýaka döwletleriniň mekdep medeni-sport festiwalynyň açylyş dabarasy boldy.  Bu çäre sportuň 6 görnüşi — guşakly göreş, kiçi futbol, woleýbol, 3x3 basketbol, stoluň üstünde oýnalýan tennis we küşt boýunça ýaryşlary özünde jemleýär. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Kararyna laýyklykda, festiwal Hazaryň kenar ýakasynda şu hepdäniň dowamynda geçiriler. Oňa gatnaşmak üçin Türkmenistandan, Gazagystandan, Azerbaýjandan, Russiýa Feder...

DOWAMY
pic
3 Okt

ABU-NYŇ BAŞ ASSAMBLEÝASYNA GATNAŞYJYLAR TÜRKMENISTANYŇ MEDENIÝETI BILEN TANYŞÝARLAR

Şu gün Aziýa — Ýuwaş umman teleradiogepleşikler birleşiginiň (ABU) Baş Assambleýasynyň 55-nji mejlisiniň çäklerinde foruma gatnaşyjylar üçin medeni maksatnama guraldy.  Dostlukly gatnaşyklary berkitmekde we netijeli halkara hyzmatdaşlygyny giňeltmekde medeni diplomatiýa uly orun berilýär. “Biz halkymyzyň köpasyrlyk taryhynyň, gadymy däpleriniň, medeniýetiniň, ruhy we maddy gymmatlyklarynyň, jemgyýetimiziň ösüşiniň möhüm şerti hökmünde medeni mirasymyzyň dünýäde wagyz edilmegine, döwletara hem...

DOWAMY