TÜRKMENISTANYŇ KONSULLYGY
OWGANYSTAN YSLAM RESPUBLIKASY - MAZARI ŞERIP
2025-nji ýyl - Halkara parahatçylyk
we ynanyşmak ýyly
SOŇKY HABARLAR
HALKARA GATNAŞYKLARY INSTITUTYNDA “BEÝIK ÝÜPEK ÝOLY: AZIÝADAN ANADOLA ÇENLI” ATLY YLMY MASLAHAT WE FOTOSURAT SERGISI GEÇIRILDI
2018-nji ýylyň 15-nji maýynda 2018-nji ýyly “Türkmenistan – Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi” ýyly diýlip atlandyrylmagy mynasybetli Türkmenistanyň DIM-niň Halkara gatnaşyklary institutynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Türkiýäniň Türkmenistandaky Ilçihanasy bilen bilelikde guramagynda “Beýik Ýüpek Ýoly: Aziýadan Anadola çenli” atly ylmy maslahat we fotosurat sergisi geçirildi. Maslahata Türkiýe Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi Mustafa Kap...
TÄHRANDA TÜRKMEN-EÝRAN HYZMATDAŞLYGYNYŇ ILERI TUTULÝAN MESELELERI ARA ALNYP MASLAHATLAŞYLDY
2018-nji ýylyň 12-13-nji maýynda Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, Daşary işler ministri R.Meredowyň ýolbaşçylygyndaky Türkmenistanyň wekiliýeti Eýran Yslam Respublikasynda iş sapary bilen boldy. Tähranda Türkmenistanyň wekiliýeti Eýranyň ýol we şäher gurluşyk ministri we ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça bilelikdäki türkmen-eýran Hökümetara toparynyň eýran böleginiň ýolbaşçysy Abbas Ahmad Ahundi bilen duşuşdy. Taraplar özara haryt dolanyşygynyň möçberlerini ösdürmegiň täze ugurlary,...
Türkmenistanyň wekiliýeti ÝHHG-nyň gender deňligine bagyşlanan mejlisine gatnaşdy
2018-nji ýylyň 8-nji maýynda Wena şäherinde Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň ynsanperwer meseleleri boýunça komitetiniň “Gender deňligi” temasyna bagyşlanan mejlisi bolup geçdi. Bu duşuşyga Türkmenistanyň Adalatçysy Ý.Gurbannazarowa gatnaşdy we Türkmenistanda gender ýagdaýy barada çykyş etdi. Ý.Gurbannazarowa öz çykyşynda Türkmenistanyň gender syýasaty, aýal-gyzlaryň ýurduň jemgyýetçilik-syýasy, ykdysady, sosial we medeni durmuşynda deň hukukly gatnaşýandygy barada belledi. H...
Aral deňziniň sebitindäki meseleleri çözmek bilen baglanyşykly maksatnamalary işläp taýýarlamak boýunça Araly halas etmegiň halkara gaznasynyň Ýerine ýetiriji komitetiniň halkara hyzmatdaşlary bilen duşuşygy
2018-nji ýylyň 9-10-njy maýynda Aşgabat şäherinde «Arçabil» myhmanhanasynyň maslahatlar otagynda Aral deňziniň sebitindäki meseleleri çözmek bilen baglanyşykly maksatnamalary işläp taýýarlamak boýunça Araly halas etmegiň halkara gaznasynyň Ýerine ýetiriji komitetiniň halkara hyzmatdaşlary bilen utgaşdyryjy duşuşygy boldy. Duşuşygyň esasy maksady Araly halas etmegiň halkara gaznasynyň Ýerine ýetiriji komitetiniň we halkara hyzmatdaşlaryň arasynda ösüş boýunça hyzmatdaşlygyň täze görnüşlerini a...
Türkmenistanyň wekiliýeti Köpugurly Döwürleýin Syn boýunça Iş toparynyň 30-njy mejlisine gatnaşdy
2018-nji ýylyň maý aýynda Şweýsariýanyň paýtagty Ženewa şäherinde geçýän Köpugurly Döwürleýin Syn boýunça Iş toparynyň 30-njy mejlisiniň çäklerinde Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary W.S.Hajyýewiň ýolbaşçylygyndaky Türkmenistanyň wekiliýeti 2018-nji ýylyň 7-nji maýynda Türkmenistanyň 3-nji synyna gatnaşdy. Ýokarda agzalan çäräniň dowamynda türkmen tarapy adam hukuklary ugrunda kabul edilen borçnamalaryň ýerine ýetirilişi boýunça Türkmenistanyň syýasatynyň esasy ugurlary barada...
“Türkmenistanyň daşary syýasaty we diplomatiýasy” žurnalynyň nobatdaky sany çapdan çykdy
Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi tarapyndan neşire taýýarlanylan “Türkmenistanyň daşary syýasaty we diplomatiýasy” atly çärýekde bir gezek neşir edilýän ylmy-tejribe žurnalynyň nobatdaky sany çapdan çykdy. Žurnal 2018-nji ýylyň esasy wakalarynyň biri – 23-nji fewralda Mary welaýatynyň Serhetabat etrabynda, şeýle hem Owganystanyň Hyrat şäherinde Türkmenistan-Owganystan-Pakistan-Hindistan (TOPH) gaz geçirijisiniň owgan böleginiň gurluşygyna badalga berilmegi, şeýle hem Türkmenistan-Owga...
Türkmenistanyň DIM-de ÝUNESKO-nyň klaster edarasynyň direktory bilen duşuşyk
2018-nji ýylyň 4-nji maýynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Halkara deňiz portunyň dabaraly açylyşyna gatnaşmak maksady bien Aşgabada iş sapary bilen gelen ÝUNESKO-nyň Tähran şäherindäki klaster edarasynyň direktory hanym Ester Kuiş-Laroş bilen duşuşyk geçirildi. Gepleşikleriň dowamynda taraplar hyzmatdaşlagyň ileri tutulýan ugurlary hakynda pikirileri alyşdylar, olaryň hatarynda ylym-bilim we medeniýet ulgamlaryny, dünýä siwilizasiýasynyň ösüşine saldamly goşant goşandygyna şaýat...