RSS

SOŇKY HABARLAR

pic
24 Apr

Hazarýaka döwletleriň wekilleri ulag ulgamynda hyzmatdaşlyk etmek hakyndaky Ylalaşygyň meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar

2018-nji ýylyň 23-24-nji aprelinde Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň binasynda Hazar deňzinde ulag ulgamynda hyzmatdaşlyk etmek hakyndaky Ylalaşygyň taslamasyny ara alyp maslahatlaşmak boýunça hazarýaka döwletleriniň ygtyýarly wekilleriniň üçünji mejlisi geçirildi. Mejlise Türkmenistanyň, Azerbaýjanyň, Eýranyň, Russiýanyň we Gazagystanyň degişli ministrlikleriniň we edaralarynyň wekilleri gatnaşdylar. Mejlisiň dowamynda türkmen tarapynyň teklip eden Hazar deňzinde ulag ulgamynda hyzm...

DOWAMY
pic
24 Apr

Türkmenistanyň Prezidentiniň Özbegistan Respublikasyna döwlet sapary

2018-nji ýylyň 23-nji aprelinde Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow iki günlük döwlet sapary bilen Özbegistan Respublikasyna ugrady. Ir bilen Aşgabadyň Halkara howa menzilinde döwlet Baştutanymyzy ýurdumyzyň resmi adamlary ugratdylar.  Birnäçe wagtdan hormatly Prezidentimiziň uçary Daşkendiň iki ýurduň Döwlet baýdaklary bilen bezelen Yslam Karimow adyndaky Halkara howa menzilinde gondy. Belent mertebeli türkmen myhmanynyň hormatyna uçaryň ýanyndaky haly düşelen ýodanyň iki tar...

DOWAMY
pic
24 Apr

Aşgabatda diplomatlaryň arasynda sport ýaryşlary geçirildi

Her ýyl ýurdumyzda geçirilýän “Sagdynlyk we bagtyýarlyk” atly çäreleriň biraýlygynyň Daşary işler ministrliginiň we Aşgabatda işleýän diplomatik wekilhanalarynyň toparlarynyň gatnaşmaklarynda çäklerinde sportuň dürli görnüşleri boýunça ýaryşlary gurnamak indi däp boldy. Bu ýyl onlarça toparlar we wekiller sportuň stolda oýnalýan tennis, küşt, woleýbol we kiçi futbol ýaly görnüşleri boýunça bäsleşdiler. Stolda oýnalýan tennis boýunça ýaryşlar Türkmen milli sport we syýahatçylyk institutynyň...

DOWAMY
pic
21 Apr

Pekinde türkmen-hytaý sport baýramçylygy geçirildi

2018-nji ýylyň 20-nji aprelinde Hytaý Halk Respublikasynyň Milletleriň merkezi uniwersitetiniň sport toplumynda Türkmenistanyň HHR-daky Ilçihanasynyň işgärleriniň, Pekiniň ýokary okuw mekdepleriniň mugallymlarynyň şeýle-hem türkmen we hytaý talyplarynyň gatnaşmagynda “Sagdynlyk we bagtyýarlyk” şygary astynda sport baýramçylygy geçirildi. Sport çäresi Türkmenistanyň Hytaý Halk Respublikasyndaky Ilçihanasy tarapyndan Hytaýyň paýtagtynyň Milletleriň merkezi uniwersiteti bilen bilelikde Bütindüný...

DOWAMY
pic
21 Apr

Belarus Döwlet lukmançylyk uniwersitetinde Türkmenistanyň Prezidentiniň ylmy işleri boýunça maslahat geçirildi

2018-nji ýylyň 19-nji aprelinde Belarus Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň binasynda Türkmenistanyň Prezidentiniň “Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri” atly ylmy-ensiklopedik kitabynda beýan edilen derman ösümliklerine we şypahanalaryň tebigy baýlyklaryna bagyşlanan ylmy işleriň netijeleri boýunça maslahat geçirildi. Geçirilen maslahata Türkmenistandan gelen wekiliýetiň agzalary, Belarus Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň ýolbaşçylary, mugallymlary we talyplary şeýle hem Türkmenistanyň Belar...

DOWAMY
pic
19 Apr

Durnukly ösüş üçin daşky gurşawy goramak boýunça sebitleýin maksatnamany işläp taýýarlamak boýunça işçi topar döredildi

Aşgabatda Durnukly ösüş üçin daşky gurşawy goramak boýunça sebitleýin  maksatnamany işläp taýýarlamak boýunça Merkezi Aziýada ilkinji pudagara maslahat beriş duşuşygy geçirildi. Araly halas etmek boýunça Halkara gaznasynyň Durnukly ösüş boýunça Hökümetara komissiýasy, halkara hyzmatdaşlyk boýunça German jemgyýetiniň (GIZ) ýardam bermeginde daşky gurşawy gorap saklamak we ýer baýlyklary boýunça Döwlet komiteti çäräniň gurnaýjylary bolup çykyş etdiler.   Maslahata Türkmenistandan teklipleri ber...

DOWAMY
pic
18 Apr

ÝHHG Türkmenistanda günüň energiýasy boýunça maslahatlaşmalary gurnamakda ýakyndan ýardam etdi

2018-nji ýylyň 17-nji aprelinde Aşgabatda ÝHHG-niň ýakyndan ýardam bermeginde Türkmenistanda günüň energiýasy boýunça ýol kartasyny işläp düzmeklige bagyşlanan «tegelek stol» geçirildi. Maslahata Energetika ministrliginiň, Maliýe we ykdysadyýet ministrliginiň, Daşky gurşawy goramak we ýer serişdeleri baradaky Döwlet komitetiniň, Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Gün energiýasy institutynyň wekilleri, Marynyň Türkmen döwlet energetika institutynyň mugallymlary, şeýle hem beýleki daşky gurş...

DOWAMY