RSS

SOŇKY HABARLAR

pic
14 Mar

Türkmenistanyň Prezidenti resmi sapar bilen Kuweýt Döwletine geldi

2018-nji ýylyň 13-nji martynda Türkmenistanyň Prezidentiniň Kuweýt Döwletine resmi sapary başlandy. Prezidentimiziň uçary belent mertebeli myhmanyň gelmegi mynasybetli iki ýurduň Döwlet baýdaklary bilen bezelen, El-Kuweýt şäheriniň Halkara howa menziline gelip gondy. Uçaryň ýanynda hormat garawulynyň esgerleri nyzama düzülip dur. Oglan we gyz Türkmenistanyň Prezidentine gül desselerini gowşurýarlar. Howa menzilinde döwlet Baştutanymyzy resmi adamlar garşylaýarlar.  Türkmenistanyň Prezidentini...

DOWAMY
pic
13 Mar

Owganystanyň halkara goldawy meselelerinde BMG-niň agza-ýurtlarynyň tagallalaryny utgaşdyrmaga gönükdirilen BMG-niň HG-niň rezolýusiýasyna bagyşlanan brifing

2018-nji ýylyň 13-nji martynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde 2018-nji ýylyň 8-nji martynda kabul edilen Owganystanyň halkara goldawy meselelerinde Birleşen Milletler Guramasynyň agza-ýurtlarynyň tagallalaryny utgaşdyrmaga gönükdirilen BMG-niň Howpsuzlyk Geňeşiniň rezolýusiýasyna bagyşlanan brifing geçirildi. Brifing Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi tarapyndan TDIM-niň Halkara gatnaşyklary instituty bilen bilelikde gurnaldy. Brifingiň işine ýurdumyzyň köpçülikleýin habar...

DOWAMY
pic
11 Mar

Türkmenistanyň we Owganystanyň Prezidentleri telefon arkaly wajyp meseleleri ara alyp maslahatlaşdylar

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow bilen Owganystan Yslam Respublikasynyň Prezidenti Mohammad Aşraf Ganiniň arasynda telefon arkaly gepleşik boldy. Milli Liderimiz kärdeşi bilen salamlaşyp, ony BMG-niň Howpsuzlyk Geňeşiniň ýakynda geçirilen mejlisinde BMG-niň Owganystana goldaw bermek boýunça Missiýasynyň uzaldylýandygy hakyndaky Kararnamanyň kabul edilmegi bilen gutlady we Milletler Bileleşigi tarapyndan pugta goldawa eýe bolan sebitleýin hem-de sebitara gatnaşyklary ösdürme...

DOWAMY
pic
9 Mar

Döwlet Baştutanymyz Kuweýte we Birleşen Arap Emirliklerine resmi saparlary amala aşyrar

9-njy martda geçirilen Hökümetiň mejlisinde habar berilişi ýaly, hormatly Prezidentimiziň Kuweýt Döwletine hem-de Birleşen Arap Emirliklerine ýakyn wagtda meýilleşdirilen resmi saparlaryna taýýarlyk işleri alnyp barylýar. Şunuň bilen baglylykda, Ýakyn Gündogaryň ýurtlary bilen hyzmatdaşlygy pugtalandyrmagyň we giňeltmegiň ýurdumyzyň daşary syýasatynyň esasy ugurlarynyň biri bolup durýandygy bellenildi. Döwlet Baştutanymyz Kuweýt we BAE bilen gatnaşyklaryň netijeli häsiýete eýedigini kanagatla...

DOWAMY
pic
8 Mar

Beýik Ýüpek ýolunyň ýurdumyzyň çägindäki ugurlary boýunça wagyz-nesihat çäresi

Şu gün paýtagtymyzdan Aşgabat — Türkmenabat — Kerki aralygynda wagyz-nesihat demir ýol ulagy dört günlük ýola düşdi. “Arkadag gurduran polat ýollary — Beýik döwrümiziň Ýüpek ýollary” atly wagyz ediş çäresine döredijilik we ylmy intelligensiýasynyň wekilleri gatnaşýarlar. Ol hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy bilen yglan edilen 2018-nji ýylyň «Türkmenistan — Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi» diýen şygaryna bagyşlanylan medeni-köpçülikleýin çäreleriň meýilnamasynyň çäklerin...

DOWAMY
pic
7 Mar

Türkmenistanyň DIM-nde GDA-niň Ýerine ýetiriji komitetiniň başlygy –Ýerine ýetiriji sekretarynyň birinji orunbasary bilen duşuşyk

2018-nji ýylyň 6-njy martynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri Türkmenistanyň parlament saýlawlarynyň monitoringi üçin GDA-niň Synçylar wekiliýetine baştutanlyk edip türkmen paýtagtyna gelen GDA-niň Ýerine ýetiriji komitetiniň başlygy –Ýerine ýetiriji sekretarynyň birinji orunbasary W.Guminskiý bilen duşuşdy. 2018-nji ýylyň 25-nji martynda Türkmenistanda geçiriljek Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlarynyň saýlawlaryna görülýän taýýarlyklar maslahatlaşmalaryň esasy temasyna öwrüldi. GDA-ni...

DOWAMY
pic
5 Mar

Türkmenistanda “Hazar deňzi-durnukly ösüş we dolandyryş” atly halkara okuw maslahaty geçýär

2018 nji ýylyň 5-nji martynda "Awaza" milli syýahatçylyk zolagynda “Hazar deňzi-durnukly ösüş we dolandyryş” atly halkara okuw maslahaty öz işine başlady. Ol Daşary işler ministrligi hem-de Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Hazar deňziniň meseleleri boýunça döwlet kärhanasy tarapyndan Halkara umman instituty (HUI) bilen bilelikde guraldy.  Maslahata Azerbaýjanyň, Eýranyň, Gazagystanyň, Russiýanyň hem-de ýurdumyzyň dürli ministrlikleriniň we edaralarynyň hünärmenleri, şeýle hem halkara bi...

DOWAMY