TÜRKMENISTANYŇ KONSULLYGY
OWGANYSTAN YSLAM RESPUBLIKASY - MAZARI ŞERIP
2025-nji ýyl - Halkara parahatçylyk
we ynanyşmak ýyly
SOŇKY HABARLAR
Aşgabatda geçirilen işewürler maslahatynda sebitleýin ykdysady hyzmatdaşlygyň ugurlary maslahatlaşyldy
2017-nji ýylyň 14-nji noýabrynda Owganystan boýunça ýedinji sebitleýin ykdysady hyzmatdaşlyk maslahatynyň (RECCA VII) çäklerinde Aşgabatda işewürler maslahaty geçirildi we onuň dowamynda döwlet guramalarynyň, sebit ýurtlarynyň işewürler düzümleriniň, abraýly halkara guramalarynyň, şeýle hem köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri duşuşdylar. Forum Owganystanyň gatnaşmagynda amala aşyrylýan hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmäge, geljegi uly maýa goýum taslamalaryny durmuşa geçirmekde taga...
Aşgabatda Owganystan boýunça sebitleýin ykdysady hyzmatdaşlyk maslahaty öz işine başlady
2017-nji ýylyň 14-nji noýabrynda paýtagtda ýerleşýän “Ýyldyz” myhmanhanasynda ikigünlik Owganystan boýunça 7-nji sebitleýin ykdysady hyzmatdaşlyk Maslahaty (RECCA VII) öz işine başlady. Maslahatyň ilkinji iş gününde umumy mejlis we işçi toparlarynyň üç sany mejlisi geçirildi. Forumyň birinji iş gününe RECCA VII-ä agza ýurtlaryň wekilleri we bilermenler, birnäçe halkara guramalarynyň, şol sanda BMG-niň ýöriteleşdirilen düzümleriniň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdyl...
USAID-yň Merkezi Aziýa boýunça sebitleýin wekilhanasynyň direktory bilen duşuşyk
2017-nji ýylyň 14-nji noýabrynda Aşgabatda Türkmenistanyň Daşary işler ministri R.Meredow Owganystan boýunça ýedinji sebitleýin ykdysady hyzmatdaşlyk maslahatynyň (RECCA VII) işine gatnaşmak üçin Türkmenistana gelen USAID-yň Merkezi Aziýa boýunça sebitleýin wekilhanasynyň direktory K.Edwardsyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet bilen duşuşyk geçirdi. Gepleşikleriň dowamynda taraplar Türkmenistanyň Hökümetiniň we ABŞ-nyň halkara ösüş boýunça Agentliginiň (USAID) arasyndaky hyzmatdaşlygy giňeltmegiň m...
Aşgabatda Owganystan boýunça sebitleýin ykdysady hyzmatdaşlyk maslahaty öz işine başlady
Şu gün paýtagtymyzda Owganystan boýunça 7-nji sebit ykdysady hyzmatdaşlyk maslahatynyň iş toparlarynyň duşuşygy boldy. Maslahatyň işçi toparlarynyň gepleşikleriniň çäklerinde ertir Aşgabat forumynyň ministrler derejesindäki mejlisi bolar. Ol owgan meselesiniň oňyn çözgüdine özara ylalaşykly çemeleşmeleri işläp taýýarlamak, Owganystanyň galkynmagyna we parahatçylykly ösüşine hem-de sebit we sebitara möçberindäki ykdysady ýagdaýlara goşulyşmagyna goldaw bermek boýunça umumy tagallalaryň mundan beý...
Türkmenistanyň DIM-nde Yslam Ösüş Bankynyň wekiliýeti bilen gepleşikler geçirildi
2017-nji ýylyň 13-nji noýabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Owganystan boýunça ministrler derejesindäki ýedinji sebitleýin ykdysady hyzmatdaşlyk maslahatynyň (RECCA VII) işine gatnaşmak üçin Aşgabada gelen Yslam Ösüş Bankynyň Merkezi Aziýa boýunça Sebitleýin direktory jenap Hişam Taleb Maruf bilen gepleşikler geçirildi. Duşuşygyň dowamynda Owganystany dikeltmek boýunça bilelikdäki önjeýli işleriň çäklerindäki netijelere, şeýle hem Merkezi Aziýa sebitinde durnukly ösü...
Aşgabatda Merkezi Aziýada durnukly ösüş we suw serişdelerini dolandyrmak meseleleri boýunça duşuşyk geçirildi
Araly halas etmek boýunça Halkara Gaznasynyň Ýerine ýetiriji komitetinde Türkmenistanyň başlyklyk etmekliginiň çäginde, 2017-nji ýylyň 13-14 noýabrynda Aşgabat şäherinde Araly halas etmek boýunça Halkara Gaznasynyň Ýerine ýetiriji komitetiniň şahamçalarynyň wekilleriniň gatnaşmaklygynda durnukly ösüşiň we Merkezi Aziýanyň suw serişdelerini dolandyrmaklyk meseleleri bilen işleşýän Merkezi Aziýanyň sebit guramalarynyň altynjy duşuşygy geçirildi. Bu duşuşyk Türkmenistanyň Daşary işler ministrligini...
Press-reliz
2017-nji ýylyň 13-nji noýabrynda, Aşgabatda, Aral deňzini halas etmek boýunça Halkara gaznasynyň ýerine ýetiriji komitetiniň binasynda şol bir wagtda iki sany özara düşünişmek hakyndaky Ähtnamalara gol çekildi, şol sanda: Aral deňzini halas etmek boýunça Halkara gaznasynyň ýerine ýetiriji komiteti we “Merkezi Aziýada suw serişdelerini serhetara dolandyrmak (MASSSD)” sebitleýin taslamasy tarapyndan wekilçilik edýän Germaniýanyň halkara hyzmatdaşlyk boýunça jemgyýetiniň (GIZ) arasynda, we şeýle...