TÜRKMENISTANYŇ KONSULLYGY
OWGANYSTAN YSLAM RESPUBLIKASY - MAZARI ŞERIP
2025-nji ýyl - Halkara parahatçylyk
we ynanyşmak ýyly
SOŇKY HABARLAR
Türkmenistan - Owganystan demir ýolunyň açylyş dabarasy AVAwards 2017 bäsleşiginiň baýragyna mynasyp boldy
Aşgabada ýörite baýrak getirildi. Bu baýraga meşhur halkara bäsleşiginde türkmen multimediýa taslamasy mynasyp boldy. Bu taslama Atamyrat-Ymamnazar-Akina demir ýolunyň açylyşynda hödürlenildi. Bu demir ýoluň gurluşygyna 2013-nji ýylyň 5-iýunynda doganlyk ýurtlaryň – Türkmenistanyň, Täjigistan Respublikasynyň hem-de Owganystan Yslam Respublikasynyň Prezidentleriniň gatnaşmagynda badalga berlendigini ýatlatmalydyrys. Trasmilli polat ýoluň -- Aziýa halkara demir ýol ulag geçelgesiniň birinji tap...
Türkmenistanyň paýtagtynda durmuş ähmiýetli desgalaryň açylyş dabarasy boldy
2017-nji ýylyň 24-nji oktýabrynda paýtagtymyzda Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda ýurdumyzyň baş şäherini ösdürmegiň 15-nji nobatdakysynyň çäklerinde gurlan durmuş maksatly desgalaryň açylyşy mynasybetli dabaralar dowam etdi. 18 sany ýaşaýyş jaýlary, mekdep, çagalar bagy we söwda merkezi dabaraly ýagdaýda açylyp ulanylmaga berildi. Aşgabady ösdürmegiň 15-nji tapgyry ähli amatlyklar göz öňünde tutulan 72 öýli 12 gatly jaýlaryň 12-sini hem-de 48 öýli 12 gatly jaýl...
Aşgabatda Türkmenistanyň Prezidentiniň gatnaşmagynda gurlup ulanmaga berilýän kottežler toplumynyň açylyş dabarasy boldy
2017-nji ýylyň 23-nji oktýabrynda Aşgabatda Türkmenistanyň Prezidentiniň gatnaşmagynda şäheri ösdürmegiň 15-nji nobatdakysynyň çäklerinde gurlup ulanmaga berilýän kottežler toplumynyň açylyş dabarasy boldy. Seýdi we Mollanepes köçeleriniň ugrunda 208 sany 2 gatly bir maşgala niýetlenen kottežler we 16 sany 3 we 4 gatly kottež görnüşli 4 we 6 öýli uly giňişlikdäki ýaşaýyş jaýlar Aşgabadyň günorta-günbatarynda emele geldi. Kottežler Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň seriş...
Duşanbede türkmen-täjik gepleşikleri geçirildi
2017-nji ýylyň 18-20-nji oktýabrynda Daşary işler ministriniň orunbasarynyň ýolbaşçylygyndaky Türkmenistanyň wekiliýeti Duşanbe şäherinde iş sapary bilen boldy. Saparyň çäklerinde Täjigistan Respublikasynyň Daşary işler ministriniň orunbasary N.Zohodi we Tajigistanyň Daşary işler ministrliginiň protokol müdirliginiň başlygy Ş.Niýozow bilen duşuşyklar boldy. Gepleşikleriň barşynda esasy üns ýokary derejeli saparlary gurnamak meselelerine berildi. Şeýle-hem, taraplar geljekde daşary syýasy e...
«Hazar sebitinde parahatçylyk, durnuklylyk we halkara hyzmatdaşlyk» atly halkara maslahaty
2017-nji ýylyň 18-nji oktýabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde «Hazar sebitinde parahatçylyk, durnuklylyk we halkara hyznatdaşlyk» atly maslahat geçirildi. Bu çäre Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi we Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Hazar deňziniň meseleleri boýunça döwlet kärhanasy tarapyndan gurnaldy. Çärä Türkmenistanyň daşary işler, goranmak, maliýe we ykdysadyýet ministrliklerinden, deňiz we derýa ulaglary, serhet gulluklaryndan, balyk hojalygy, gidrometeorolog...
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Russiýa Federasiýasynyň Daşary işler ministriniň orunbasary bilen duşuşyk boldy
2017-nji ýylyň 17-nji oktýabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri Russiýa Federasiýasynyň Daşary işler ministriniň orunbasary, stats-sekretar G.B.Karasin bilen duşuşdy. Duşuşygyň başynda taraplar Türkmenistanyň we Russiýa Federasiýasynyň Prezidentleriniň arasyndaky ýakyn gatnaşyklaryň özeni bolup durýan ugurlaryň giň toplumy boýunça hyzmatdaşlygyň işjeň ösüşini bellediler. Taraplar ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň yzygiderleýin we ulgamlaýyn ösüşiniň berk binýady hökmünde çykyş edýän ýokary d...
Türkmenistan Parlamentara Bileleşigiň agzasy boldy
2017-nji ýylyň 15-nji oktaýbrynda Russiýa Federasiýasynyň Sankt-Peterburg şäherinde Parlamentara Bileleşigiň 137-nji Assambleýasynyň çäklerinde geçirilen Parlamentara Bileleşigiň Dolandyryjy geňeşiniň 201-nji mejlisiniň karary bilen Türkmenistan Parlamentara Bileleşigiň agzalygyna biragyzdan kabul edildi. Parlamentara Bileleşiginde ýurdumyza Türkmenistanyň Mejlisi wekilçilik eder. Ştab-kwartirasy Ženewada ýerleşýän bu Bileleşik, iň köne halkara guramalaryň biri bolmak bilen, ol parlamentara d...