SOŇKY HABARLAR
Döwlet Baştutanymyz Kuweýte we Birleşen Arap Emirliklerine resmi saparlary amala aşyrar
9-njy martda geçirilen Hökümetiň mejlisinde habar berilişi ýaly, hormatly Prezidentimiziň Kuweýt Döwletine hem-de Birleşen Arap Emirliklerine ýakyn wagtda meýilleşdirilen resmi saparlaryna taýýarlyk işleri alnyp barylýar. Şunuň bilen baglylykda, Ýakyn Gündogaryň ýurtlary bilen hyzmatdaşlygy pugtalandyrmagyň we giňeltmegiň ýurdumyzyň daşary syýasatynyň esasy ugurlarynyň biri bolup durýandygy bellenildi. Döwlet Baştutanymyz Kuweýt we BAE bilen gatnaşyklaryň netijeli häsiýete eýedigini kanagatla...
Beýik Ýüpek ýolunyň ýurdumyzyň çägindäki ugurlary boýunça wagyz-nesihat çäresi
Şu gün paýtagtymyzdan Aşgabat — Türkmenabat — Kerki aralygynda wagyz-nesihat demir ýol ulagy dört günlük ýola düşdi. “Arkadag gurduran polat ýollary — Beýik döwrümiziň Ýüpek ýollary” atly wagyz ediş çäresine döredijilik we ylmy intelligensiýasynyň wekilleri gatnaşýarlar. Ol hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy bilen yglan edilen 2018-nji ýylyň «Türkmenistan — Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi» diýen şygaryna bagyşlanylan medeni-köpçülikleýin çäreleriň meýilnamasynyň çäklerin...
Türkmenistanyň DIM-nde GDA-niň Ýerine ýetiriji komitetiniň başlygy –Ýerine ýetiriji sekretarynyň birinji orunbasary bilen duşuşyk
2018-nji ýylyň 6-njy martynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri Türkmenistanyň parlament saýlawlarynyň monitoringi üçin GDA-niň Synçylar wekiliýetine baştutanlyk edip türkmen paýtagtyna gelen GDA-niň Ýerine ýetiriji komitetiniň başlygy –Ýerine ýetiriji sekretarynyň birinji orunbasary W.Guminskiý bilen duşuşdy. 2018-nji ýylyň 25-nji martynda Türkmenistanda geçiriljek Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlarynyň saýlawlaryna görülýän taýýarlyklar maslahatlaşmalaryň esasy temasyna öwrüldi. GDA-ni...
Türkmenistanda “Hazar deňzi-durnukly ösüş we dolandyryş” atly halkara okuw maslahaty geçýär
2018 nji ýylyň 5-nji martynda "Awaza" milli syýahatçylyk zolagynda “Hazar deňzi-durnukly ösüş we dolandyryş” atly halkara okuw maslahaty öz işine başlady. Ol Daşary işler ministrligi hem-de Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Hazar deňziniň meseleleri boýunça döwlet kärhanasy tarapyndan Halkara umman instituty (HUI) bilen bilelikde guraldy. Maslahata Azerbaýjanyň, Eýranyň, Gazagystanyň, Russiýanyň hem-de ýurdumyzyň dürli ministrlikleriniň we edaralarynyň hünärmenleri, şeýle hem halkara bi...
Türkmenistanyň Prezidenti Garagum sährasy boýunça sport awtomobilinde ýöriş etdi
2018-nji ýylyň 4-nji martynda sagdyn durmuş ýörelgelerine ygrarly, asylly däbe görä, boş wagtynda sport bilen meşgullanýan hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ir bilen sport awtomobilinde Garagum sähralyklaryna çykdy. Awtomobil ýörişinde Mejlisiň deputaty, ýurdumyzyň at gazanan tälimçisi Serdar Berdimuhamedow hem döwlet Baştutanymyzyň ýanynda boldy. Yzygiderli ýagan ýagyşdan soňra sahawatly Günüň nury tyllaýy öwüşginleri bilen Garagum sährasyna gaýtalanmajak gözellik çaýdy. Sazak...
Ýurdumyzyň sport baradaky syýasatyna bagyşlanan kitabyň tanyşdyryş dabarasy geçirildi
2018-nji ýylyň 3-nji martynda Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň Merkezi serkerdeler öýünde Watan goragçylaryna döwlet sylaglaryny gowşurmak hem-de milli Liderimiziň köpugurly işine bagyşlanan “Arkadag taglymaty – sagdynlygyň, ruhubelentligiň binýady” atly täze kitabyň neşir edilmegi mynasybetli dabara geçirildi. Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy goşun generaly Gurbanguly Berdimuhamedowyň Permany bilen eziz Watanymyza köp ýyllaryň dowamynda bi...
Lebapda Halkara howa menzili açyldy
2018-nji ýylyň 26-njy fewralynda Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow Lebap welaýatyna iş saparynyň çäklerinde welaýatyň dolandyryş merkezi bolan Türkmenabat şäherinde bina edilen Halkara howa menziliniň açylyş dabarasyna gatnaşdy. Türkmenabat şäheriniň täze Halkara howa menziliniň çäginiň girelgesiniň ýanynda Mejlisiň başlygy, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlary, welaýatlaryň we Aşgabat şäheriniň häkimleri, harby we hukuk goraýjy edaralaryň, ministrlikleriň we pudak edaralarynyň ý...