SOŇKY HABARLAR
Türkmen serhedinden Owganystanyň Turgundy şäherine çenli demir ýolunyň gurluşygyna badalga berildi
Mary welaýatyna iş saparynyň çäklerinde hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow türkmen serhedinden Owganystanyň Turgundy şäherine tarap täze demir ýoluň gurluşygyna badalga berdi. Bu waka Türkmenistanyň we Owganystanyň üstünlikli ösdürilýän hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklarynyň ýene-de bir subutnamasydyr. Iki ýurduň demir ýoluň edaralary geçen hepde Aşgabatda bu demir ýoluň şahasyny döwrebaplaşdyrmak boýunça özara düşünişmek hakynda Ähtnama gol çekdiler. Türkmenistanyň Baştutanynyň...
Durnukly energetika ösüşiniň meseleleri – Energetika Hartiýasynyň Konferensiýasynyň üns merkezinde
2017-nji ýylyň 29-njy noýabrynda “Oguzkent” myhmanhanasynda Energetika Hartiýasynyň Konferensiýasynyň 28-nji mejlisi öz işini “ Maýa goýumlaryny durnukly energetika geljegine gönükdirmek we daşamagyň ugurlaryny diwersifikasiýalaşdyrmak” diýen temada dowam etdi. Energetika Hartiýasynyň Konferensiýasynyň 28-nji mejlisiniň ministrler bölümi ýokary derejeli şahslar üçin energetikada durnukly maýa goýumlary ulgamynda çözgütleri kabul etmäge we energetika kärhanalarynyň ýolbaşçylary üçin syýasy mes...
Aşgabatda Energetika Hartiýasynyň Konferensiýasynyň 28-nji mejlisi açyldy
2017-nji ýylyň 28-nji noýabrynda Aşgabat şäherindäki “Oguzkent” myhmanhanasynyň binasynda Halkara Energetika Hartiýasynyň Konferensiýasynyň 28-nji mejlisi öz işine başlady. Maslahat Türkmenistanyň bu gurama başlyklyk etmeginiň çäklerinde geçirilýär. Energetika Hartiýasynyň Konferensiýasynyň işine 49 sany agza döwletiň hem-de synçy ýurtlaryň ministrlikleriniň we edaralarynyň, 12 sany halkara we sebitleýin guramalarynyň ýolbaşçylary we wekilleri, 14 sany iri energetika kompaniýalarynyň, şeýle...
Türkmenistan bilen Owganystan Turgunda çenli demir ýol şahasynyň durkuny täzelemek barada Ähtnama gol çekdiler
2017-nji ýylyň 23-nji noýabrynda Aşgabatda “Türkmenistanyň Demir ýol ulaglary ministrligi bilen Owganystanyň Demir ýollary edarasynyň arasynda Turgundy serhet stansiýasynyň demir ýol şahasyny düýpli abatlamak barada özara düşünişmek hakynda Ähtnama” gol çekmek çäresi geçirildi. Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň tabşyryklaryna laýyklykda taýýarlanan Ähtnama Owganystanda serhet ýakasyndaky Turgundy bekedinde demir ýoly düýpli abatlamagy göz öňünde tutýar. Täze resminama döwl...
BMG-niň Baş Assambleýasy “BMG-niň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça Sebitleýin merkeziň orny”atly kararnamany kabul etdi
2017-nji ýylyň 17-nji noýabrynda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasy Türkmenistan tarapyndan teklip edilen “BMG-niň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça Sebitleýin Merkeziň orny” atly kararnamany kabul etdi. Kararnamanyň awtordaşy bolup 57 ýurt çykyş etdi. Kararnamada Merkeziň sebitiň ýurtlarynyň arasynda umumy ynjalyksyzlyk döredýän soraglary bilen bagly meseleleri çözmek boýunça dialogy berkitmek üçin amala aşyrýan tagallalary oňlanylýar. Kararnamany Baş Assamb...
Eýrana türkmen ynsanperwer kömegi ugradyldy
Maşatda Türkmenistanyň Hökümetiniň we halkynyň adyndan ugradylan Eýranyň ilaty üçin ynsanperwer ýükli kömegi bermek çäresi boldy. Bu ýurduň Kermanşah welaýatynda Sarpol-e-Zahab etrabynda güýçli ýertitreme bolup, onuň derejesi Rihter ölçegi boýunça 7,4 bala ýetdi. Iberlen ýüki – derman serişdelerini ýörite awtoulag kerweni ýetirdi. Ugradylan önümleriň umumy bahasy 280 müň manatdan gowrakdyr. Türkmenistanyň Prezidentiniň degişli Buýrugynda türkmen halkynyň ata-babalarynyň beýik ynsanperwer...
Köpçülikleýin habar beriş serişdeleri üçin maglumat
Şu gün, 2017-nji ýylyň 18-nji noýabrynda, Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde maslahat geçirildi, onuň barşynda 14-15-nji noýabrda Aşgabatda geçen Owganystan boýunça ýedinji sebitleýin ykdysady hyzmatdaşlyk maslahatynyň (RECCA VII) jemleri jemlendi, şeýle-hem Owganystanyň parahatçylykly ösüşine ýardam bermek boýunça meýilnamalaýyn işi dowam etmegiň we özarabähbitli sebitleýin ykdysady hyzmatdaşlygy ösdürmegiň meýilnamalaryna seredilip geçdildi. Bellenilip geçilşi ýaly, forumyň işine 37...