SOŇKY HABARLAR
Aşgabatda Owganystan boýunça sebitleýin ykdysady hyzmatdaşlyk maslahaty öz işine başlady
Şu gün paýtagtymyzda Owganystan boýunça 7-nji sebit ykdysady hyzmatdaşlyk maslahatynyň iş toparlarynyň duşuşygy boldy. Maslahatyň işçi toparlarynyň gepleşikleriniň çäklerinde ertir Aşgabat forumynyň ministrler derejesindäki mejlisi bolar. Ol owgan meselesiniň oňyn çözgüdine özara ylalaşykly çemeleşmeleri işläp taýýarlamak, Owganystanyň galkynmagyna we parahatçylykly ösüşine hem-de sebit we sebitara möçberindäki ykdysady ýagdaýlara goşulyşmagyna goldaw bermek boýunça umumy tagallalaryň mundan beý...
Türkmenistanyň DIM-nde Yslam Ösüş Bankynyň wekiliýeti bilen gepleşikler geçirildi
2017-nji ýylyň 13-nji noýabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Owganystan boýunça ministrler derejesindäki ýedinji sebitleýin ykdysady hyzmatdaşlyk maslahatynyň (RECCA VII) işine gatnaşmak üçin Aşgabada gelen Yslam Ösüş Bankynyň Merkezi Aziýa boýunça Sebitleýin direktory jenap Hişam Taleb Maruf bilen gepleşikler geçirildi. Duşuşygyň dowamynda Owganystany dikeltmek boýunça bilelikdäki önjeýli işleriň çäklerindäki netijelere, şeýle hem Merkezi Aziýa sebitinde durnukly ösü...
Aşgabatda Merkezi Aziýada durnukly ösüş we suw serişdelerini dolandyrmak meseleleri boýunça duşuşyk geçirildi
Araly halas etmek boýunça Halkara Gaznasynyň Ýerine ýetiriji komitetinde Türkmenistanyň başlyklyk etmekliginiň çäginde, 2017-nji ýylyň 13-14 noýabrynda Aşgabat şäherinde Araly halas etmek boýunça Halkara Gaznasynyň Ýerine ýetiriji komitetiniň şahamçalarynyň wekilleriniň gatnaşmaklygynda durnukly ösüşiň we Merkezi Aziýanyň suw serişdelerini dolandyrmaklyk meseleleri bilen işleşýän Merkezi Aziýanyň sebit guramalarynyň altynjy duşuşygy geçirildi. Bu duşuşyk Türkmenistanyň Daşary işler ministrligini...
Press-reliz
2017-nji ýylyň 13-nji noýabrynda, Aşgabatda, Aral deňzini halas etmek boýunça Halkara gaznasynyň ýerine ýetiriji komitetiniň binasynda şol bir wagtda iki sany özara düşünişmek hakyndaky Ähtnamalara gol çekildi, şol sanda: Aral deňzini halas etmek boýunça Halkara gaznasynyň ýerine ýetiriji komiteti we “Merkezi Aziýada suw serişdelerini serhetara dolandyrmak (MASSSD)” sebitleýin taslamasy tarapyndan wekilçilik edýän Germaniýanyň halkara hyzmatdaşlyk boýunça jemgyýetiniň (GIZ) arasynda, we şeýle...
Sebit ekologiýa merkezi suw serişdelrini dolandyrmak ýörelgesine bagyşlanan seminary geçirdi
Aşgabatda suw serişdelrini utgaşdryp dolandyrmak ýörelgesine bagyşlanan Merkezi Aziýa Sebit ekologiýa merkeziniň seminary geirildi. Çäre Araly halas ediş halkara gaznasyna (AHEHG-a) ýudumyzyň başlyklyk etmegi we suw ulgamynda ýerli dolandyryjylar düzüminiň mümkinçiligini ýokarlandyrmak jähtinden gurnaldy. Duşusyga Mejilisiň deputatlary, Oba we suw hojalygy, Malýe we ykdysadyýet ministrlikleriniň, Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Gidrometeorologiýa baradaky milli komitetiniň hün...
Merkezi we Günorta Aziýada sebitleýin energetika hyzmatdaşlygy boýunça maksatlaýyn toparyň (RECA) maslahaty
2017-nji ýylyň 7-8-nji noýabrynda paýtagtymyzyň “Ýyldyz” myhmanhanasynda Merkezi we Günorta Aziýada sebitleýin energetika hyzmatdaşlygy boýunça maksatlaýyn toparyň (RECA) 14-nji maslahaty geçirildi. Kabul ediji tarap hökmünde Türkmenistanyň Energetika ministrligi çykyş etdi. Maslahatyň işine Türkmenistanyň, Owganystanyň, Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň, Täjigistanyň we Özbegistanyň degişli ministlikleriniň we pudaklaýyn edaralarynyň işgärleri we hünärmenleri, Halkara Energetika Hartiýasy, GDA, US...
BMG-niň Ženewadaky bölüminde Owganystan boýunça sebitleýin ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça VII maslahatyna (RECCA VII) bagyşlanan maslahat geçirildi
2017-nji ýylyň 2-nji noýabrynda Ženewadaky Milletler Köşgünde 2017-nji ýylyň 14-15-nji noýabrynda Aşgabatda boljak Owganystan boýunça sebitleýin ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça VII maslahatyna (RECCA VII) bagyşlanan toparlaýyn maslahat geçirildi. Maslahatyň işine RECCA-nyň meýilnamalaryna we taslamalaryna gatnaşýan ýurtlaryň BMG-niň Ženewadaky bölüminiň ýanyndaky hemişelik wekilhanalaryň we Halkara söwda merkezi hem-de BMG-niň Ýewropa Ykdysady Komissiýasy ýaly halkara guramalarynyň ýolbaşçylary...