Türkmenistan ýertitremeden ejir çeken owgan halkyna ynsanperwerlik kömegini iberdi

photo

2025-nji ýylyň 5-nji sentýabrynda Aşgabadyň Halkara howa menzilinden Owganystanyň ýertitremeden ejir çeken çagalaryna we ýaşaýjylaryna ynsanperwerlik kömegi ugradyldy.

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň gol çeken Buýrugyna laýyklykda, goňşy owgan halkyna ynsanperwerlik kömegi hökmünde, ilkinji nobatda, Owganystanyň ýertitremeden ejir çeken çagalaryna we ýaşaýjylaryna dokma, azyk önümleri, şeýle-de egin-eşikler we durmuşda zerur bolan beýleki harytlar ugradyldy.

Türkmen halkynyň ynsanperwerlik ýaly gadymdan gelýän ýagşy dessury kömege mätäçlere howandarlyk goluny uzatmak ýörelgeleri arkaly dowam etdirilýär. Ynsanperwerlik kömeginiň berilmegi Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň serişdeleriniň hasabyna amala aşyryldy, bu bolsa ýokary ynsanperwerlik ýörelgelerine ygrarlydygymyzyň ýene bir tassyknamasy bolup durýar.

Ynsanperwerlik gatnaşyklaryna uly orun berilýän giň gerimli, netijeli halkara hyzmatdaşlygy ösdürmek Bitarap Türkmenistanyň türkmen halkynyň Milli Lideri Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan başy başlanan we häzirki wagtda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow tarapyndan üstünlikli durmuşa geçirilýän daşary syýasat strategiýasynyň möhüm ugurlarynyň biridir.

Ynsanperwerlik kömegini bermek dabarasyna gatnaşyjylar Türkmenistan tarapyndan owgan halkyna berilýän yzygiderli goldaw üçin minnetdarlygyny bildirdiler.

Türkmenistan oňyn daşary syýasat strategiýasyny yzygiderli durmuşa geçirmek bilen, sebit we ählumumy derejede ynsanperwer hyzmatdaşlygyň çuňlaşdyrylmagyna uly goşant goşýar. Bu ugur özara düşünişmek, hormat goýmak, ynanyşmak esasynda halkara gatnaşyklary ösdürmegiň möhüm wezipeleriniň biridir.