BÜTINDÜNÝÄ SAGLYK GÜNÜNE BAGYŞLANAN EKOLOGIK ÇÄRESI

photo

Şu günler Aşgabat şäher häkimliginiň we jemgyýetçilik guramalarynyň başlangyjy bilen 7-nji aprelde bellenilýän Bütindünýä saglyk güni mynasybetli ekologik çäresi geçirilýär. Mälim bolşy ýaly, 2022-nji ýylyň 25-nji martynda geçirilen ýurdumyzyň Ministrler Kabinetiniň mejlisinde wise-premýer, DIM-niň ýolbaşçysy R.Meredow Türkmenistanyň başlangyjy bilen şu ýylyň 15-nji martynda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasy özüniň 76-njy sessiýasynyň 61-nji plenar mejlisinde «Durnukly ösüşi gazanmak üçin köpçülikleýin welosiped sürmegi jemgyýetçilik ulag ulgamlaryna girizmek» atly Kararnamanyň Milletler Bileleşiginiň ähli agza ýurtlary tarapyndan biragyzdan kabul edilendigini habar berdi.

Welosiped dünýäde ekologiýa taýdan iň arassa, elýeterli we ygtybarly ulag görnüşi hökmünde giňden ulanylýar. Beýleki ulag serişdelerine garanyňda, ony dolandyrmak hem aňsat. Welosiped sporty bolsa sportuň ekologik taýdan arassa we gyzykly görnüşi bolmak bilen, ilatymyzyň beden saglygyny berkitmekde möhüm orny eýeleýär diýip, döwlet Baştutanymyz mejlisde belledi.

Garaşsyz ýurdumyzda bedenterbiýäni we sporty dünýä derejesinde ösdürmek, jemgyýetimizde sagdyn durmuş kadalaryny ornaşdyrmak arkaly halkymyzyň saglygyny berkitmek, sagdyn we ruhy taýdan kämil ýaşlary ýetişdirmek üçin uly alada edilýär. Şoňa görä-de, ýokary derejeli sporty we bu ugurda halkara hyzmatdaşlygy ösdürmek Türkmenistanyň alyp barýan döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň birine öwrüldi.

Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow 2018-nji ýylda Milletler Bileleşiginiň 3-nji iýuny Bütindünýä welosiped güni diýip yglan etmek hakyndaky Kararnamasynyň hem Garaşsyz ýurdumyzyň başlangyjy boýunça hödürlenendigini belledi. Bu bolsa dünýäde parahatçylygy, dostlugy hem-de netijeli hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak barada Türkmenistanyň öňe sürýän syýasatynyň doly ykrar edilýändigine şaýatlyk edýär.

Welosiped welomarafonlary guramagyň Türkmenistanda ozaldan galan ýörelgedigini aýtmak gerek. Aşgabatda (Ashabatda) ilkinji welosiped jemgyýeti ХIХ asyryň 90-njy ýyllarynyň başynda döredilipdi. 1895-nji ýylyň 25-nji iýunynda welosipedçiler gurnagynyň ilkinji ýaryşy geçirilýär. Baryp şol döwürlerde aşgabatlylar welosiped çärelerine ilatyň saglygyny berkitmäge we welosiped hereketini wagyz etmäge iň gowy serişderleriň biri hökmünde garapdyrlar. Şeýle çäreler ozalam we häzirem oňa gatnaşýanlarda sportuň şu görnüşine uly höwes döredýär, dynç alyş we wagyz işini ýerine ýetirýär.

Häzirki ekologik çäre ekologiýa aýawly garamak boýunça asylly ýörelgeleriň dowamydyr.

Türkmenistanda geljekde-de köpçülikleýin welosiped sportuny wagyz etmek boýunça işleriň dowam ediljekdigine we durnukly ösüşe ýetmek üçin jemgyýetçilik ulagy ulgamyna goşulyşmagyna ýardam etjekdigine şübhe ýokdur.

Bütindünýä saglyk gününe bagyşlanan ekologik çäresi (turkmenistan.gov.tm)