SOŇKY HABARLAR
Türkmenistanyň Prezidenti Azerbaýjan Respublikasynyň medeniýet ministrini kabul etdi
2026-njy ýylyň 5-nji iýunynda Prezident Serdar Berdimuhamedow ýurdumyza sapar bilen gelen Azerbaýjan Respublikasynyň medeniýet ministri Adil Kerimlini kabul etdi. Myhman wagt tapyp kabul edendigi hem-de azerbaýjan wekiliýetine türkmen topragynda bildirilen myhmansöýerlik üçin hoşallygyny beýan edip, Azerbaýjanda Türkmenistan bilen gatnaşyklaryň ösdürilmegine möhüm ähmiýet berilýändigini belledi hem-de pursatdan peýdalanyp, Prezident Ilham Aliýewiň döwlet Baştutanymyza, Gahryman Arkadagymyza i...
Türkmenistanda Azerbaýjan Respublikasynyň Medeniýet günleri badalga aldy
2026-njy ýylyň 5-nji iýunynda Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Mukamlar köşgünde Azerbaýjan Respublikasynyň Türkmenistandaky Medeniýet günleriniň açylyş dabarasy boldy. Dabarada çykyş edenler Türkmenistanyň we Azerbaýjan Respublikasynyň özara gatnaşyklarynyň ähli ugurlarda üstünlikli ösdürilmegine uly üns berýändikleri üçin iki ýurduň Baştutanlaryna we türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowa tüýs ýürekden hoşallyk bildirdile...
Türkmenistanyň Prezidenti Türkiýe Respublikasynyň wise-prezidenti bilen duşuşyk geçirdi
2026-njy ýylyň 4-nji iýunynda Prezident Serdar Berdimuhamedow Türkmenistana sapar bilen gelen Türkiýe Respublikasynyň wise-prezidenti, Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň türk tarapynyň başlygy Jewdet Ýylmaz bilen duşuşyk geçirdi. Myhman duşuşmaga döredilen mümkinçilik hem-de bildirilen myhmansöýerlik üçin hoşallygyny beýan edip, Türkmenistanyň döwlet Baştutanyna, şeýle-de türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygyna Türkiýe Respublikas...
Türkmenistanyň Prezidenti Türkmen-amerikan işewürlik geňeşiniň Ýerine ýetiriji direktoryny kabul etdi
2026-njy ýylyň 5-nji iýunynda Prezident Serdar Berdimuhamedow ýurdumyza sapar bilen gelen Türkmen-amerikan işewürlik geňeşiniň Ýerine ýetiriji direktory Erik Stýuarty kabul etdi. Işewür ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlaryny ara alyp maslahatlaşmaga döredilen mümkinçilik üçin döwlet Baştutanymyza tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, ABŞ-nyň işewür toparlarynyň ykdysady taýdan okgunly ösýän Türkmenistan bilen gatnaşyklary mundan beýläk-de işjeňleşdirmäge gyzyklanma bildirýändigini...
Paýtagtymyzda Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň nobatdaky mejlisi geçirildi
2026-njy ýylyň 5-nji iýunynda Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň dokuzynjy mejlisi geçirildi. Oňa Türkmenistanyň degişli ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylary, Türkiýe Respublikasynyň wise-prezidenti Jewdet Ýylmazyň ýolbaşçylygynda ýurdumyza sapar bilen gelen wekilçilikli topar gatnaşdy. Mejlisde iki ýurduň döwlet Baştutanlarynyň tagallalary netijesinde dost-doganlyk, özara düşünişmek ýörelgele...
Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň Azerbaýjan Respublikasynyň Medeniýet ministri bilen duşuşygy geçirildi
2026-njy ýylyň 5-nji iýunynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow bilen Azerbaýjanyň Türkmenistandaky Medeniýet günlerine gatnaşmak maksady bilen ýurdumyza sapar bilen gelen Azerbaýjan Respublikasynyň Medeniýet ministri Adil Kerimliniň arasynda duşuşyk geçirildi. Taraplar medeni-ynsanperwer hyzmatdaşlygyň möhüm meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar hem-de iki ýurduň halklarynyň arasyndaky däp bolan doganlyk gatnaşyklary pugtalandyrmakda medeniýetiň möhüm ornuny aýratyn belledi...
Termez dialogy Merkezi we Günorta Aziýanyň arasyndaky özara baglanyşygy ösdürmegiň möhüm meýdançasy hökmünde
2026-njy ýylyň 4–6-njy iýunynda Daşkent şäherinde Merkezi we Günorta Aziýanyň arasyndaky özara baglanyşyk meselelerine bagyşlanan Termez dialogynyň ikinji mejlisi geçirilýär. Forum Ýewropa, GDA, Amerika, Ýakyn Gündogar, Merkezi we Günorta Aziýa ýurtlarynyň döwlet edaralarynyň, halkara guramalaryň, bilermenler we seljeriş merkezleriniň wekillerini bir ýere jemledi. Çärä Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň, Türkmenistanyň DIM-niň Halkara gatnaşyklary institutynyň Strategik barlaglar merk...