SOŇKY HABARLAR
Aşgabatda Türkmenistanyň we Gazagystan Respublikasynyň arasynda konsullyk meseleleri boýunça geňeşmeleri geçirildi
2026-njy ýylyň 4-nji iýunynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Türkmenistanyň we Gazagystan Respublikasynyň daşary syýasy edaralarynyň arasynda nobatdaky konsullyk meseleleri boýunça geňeşmeleri geçirildi. Türkmen wekiliýetine Türkmenistanyň DIM-niň Konsullyk gullugy departamentiniň başlygy, Gazagystanyň wekiliýetine bolsa Gazagystan Respublikasynyň DIM-niň Konsullyk gullugy departamentiniň direktory ýolbaşçylyk etdi. Geňeşmeleriň dowamynda taraplar konsullyk ulgamy boýunça iki ý...
Türkmenistanyň we Malaýziýanyň daşary syýasat edaralarynyň ýolbaşçylarynyň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik geçirildi
2026-njy ýylyň 3-nji iýunynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow bilen Malaýziýanyň Daşary işler ministri Dato Seri Utama Haji Mohamad bin Haji Hasanyň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik geçirildi. Söhbetdeşligiň dowamynda taraplar syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady we bilim ulgamlaryndaky ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň giň gerimli meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar. Ministrler geljekki iň ýokary we ýokary derejedäki duşuşyklaryň hem-de gepleşikleriň taýýarlygy we geçiri...
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde BMG-niň Ösüş Maksatnamasy bilen resminamalara gol çekmek dabarasy geçirildi
2026-njy ýylyň 3-nji iýunynda Türkmenistanyň başlangyjy esasynda BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan yglan edilen Bütindünýä welosiped gününi bellemegiň çäklerinde Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Türkmenistanyň degişli ministrlikleri we edaralary bilen BMG-niň Ösüş Maksatnamasynyň (BMGÖM) arasynda resminalaryň birnäçesine gol çekmek dabarasy geçirildi. Türkmenistanyň BMG we onuň düzüm birlikleri bilen hyzmatdaşlygy ikitaraplaýyn ylalaşyklaryň çäklerinde uzakmöhletleýin we ulgamlaýy...
BMG-niň Türkmenistandaky Hemişelik utgaşdyryjysy we BMG-niň Ösüş Maksatnamasynyň Hemişelik wekili bilen duşuşyk barada
2026-njy ýylyň 3-nji iýunynda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow BMG-niň Türkmenistandaky Hemişelik utgaşdyryjysy Dmitriý Şlapachenko hem-de BMG-niň Ösüş Maksatnamasynyň Hemişelik wekili Narine Saakyan bilen duşuşyk geçirdi. Duşuşykda taraplar Türkmenistanyň BMG bilen hyzmatdaşlygynyň esasy ugurlaryny hem-de Türkmenistanyň wekiliýetiniň «BMG-niň Tertipnamasynyň maksatlaryny we ýörelgelerini berjaý etmek hem-de Birleşen Milletler Guramasynyň merkezi ornuna esaslanýan halkara ul...
«Türkmenistan - ABŞ» Işewürler geňeşiniň ýerine ýetiriji direktory bilen duşuşyk
2026-njy ýylyň 3-nji iýunynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow «Türkmenistan - ABŞ» Işewürler geňeşiniň ýerine ýetiriji direktory Erik Stýuart bilen duşuşyk geçirdi. Ol Aşgabada iş sapary bilen Amerikanyň kompaniýalaryndan düzülen wekiliýetiň ýolbaşçysy hökmünde geldi. Duşuşygyň dowamynda taraplar «Türkmenistan - ABŞ» Işewürler geňeşiniň işini ara alyp maslahatlaşdylar hem-de iki ýurduň döwlet we hususy ulgamlarynyň wekilleri bilen özara gatnaşyklaryň giňeldilmegi üçin netij...
Waşingtonda Türkmenistanyň we ABŞ-nyň daşary syýasat edaralarynyň ýolbaşçylarynyň duşuşygy geçirildi
2026-njy ýylyň 29-njy maýynda Waşington şäherindäki Ak tamda Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow bilen Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Döwlet sekretary Marko Rubio duşuşyk geçirdi. Duşuşygyň dowamynda taraplar türkmen-amerikan hyzmatdaşlygynyň häzirki ýagdaýyny we onuň dürli ugurlar boýunça ösdürilmeginiň geljegini ara alyp maslahatlaşdylar. Söhbetdeşler soňky döwürde ikitaraplaýyn syýasy-diplomatik dialogyň işjeňleşendigini kanagatlanma bilen belläp, ýokary we iň ýokary der...
Türkmenistanyň wekiliýeti Nýu-Ýorkda Ählumumy dolandyryş boýunça Dostlar toparynyň mejlisine gatnaşdy
2026-njy ýylyň 28-nji maýynda Türkmenistanyň daşary işler ministriniň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet Nýu-Ýork şäherinde geçirilen “Ählumumy dolandyryşy özgertmek we kämilleşdirmek, ählumumy wehimleri ýeňip geçmek üçin bilelikdäki tagallalar” atly Ählumumy dolandyryş boýunça Dostlar toparynyň duşuşygyna gatnaşdy. Türkmenistanyň daşary syýasat edarasynyň ýolbaşçysy çykyşynyň dowamynda Hytaý Halk Respublikasynyň Daşary işler ministri Wan Ini duşuşyga gatnaşmaga çagyrandygy üçin hoşallyk bildirdi he...