RSS

SOŇKY HABARLAR

4 Awg

TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI BILEN ÖZBEGISTANYŇ PREZIDENTINIŇ ARASYNDA GEPLEŞIKLER GEÇIRILDI

2023-nji ýylyň 4-nji awgustynda paýtagtymyzyň «Arkadag» myhmanhanasynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow üçtaraplaýyn sammite gatnaşmak üçin ýurdumyza gelen Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew bilen duşuşdy. Iki doganlyk döwletiň Baştutanlary ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy ösdürmegiň meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar. Şeýle hem taraplar halkara we sebit derejesindäki özara bähbitli meseleler barada pikir alyşdylar. Iki goňşy döwletiň Prezidentleri geçirilj...

DOWAMY
4 Awg

TÜRKMENISTANYŇ HALK MASLAHATYNYŇ BAŞLYGY TÄJIGISTANYŇ PREZIDENTI BILEN DUŞUŞDY

2023-nji ýylyň 4-nji awgustynda Aşgabadyň Halkara howa menzilinde türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow ýurdumyza üçtaraplaýyn sammite gatnaşmak üçin gelen Täjigistan Respublikasynyň Prezidenti Emomali Rahmon bilen duşuşdy. Gahryman Arkadagymyz belent mertebeli myhmany mähirli garşylap, Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň doganlyk Türkmenistana gelmek hakyndaky çakylygyny kabul edendigi üçin minnetdarlyk bildirdi. Halk...

DOWAMY
4 Awg

TÜRKMENISTANYŇ HALK MASLAHATYNYŇ BAŞLYGYNYŇ ÖZBEGISTANYŇ PREZIDENTI BILEN DUŞUŞYGY

2023-nji ýylyň 4-nji awgustynda Aşgabadyň Halkara howa menzilinde türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow ýurdumyza üçtaraplaýyn sammite gatnaşmak üçin gelen Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew bilen duşuşdy. Gahryman Arkadagymyz belent mertebeli myhmany mähirli garşylap, Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň doganlyk Türkmenistana gelmek hakyndaky çakylygyny kabul edendigi üçin minnetdarlyk bildirdi. Ha...

DOWAMY
3 Awg

TÜRKMENISTAN, TÄJIGISTAN WE ÖZBEGISTAN HYZMATDAŞLYGY GIŇELDÝÄRLER

Aşgabat Täjigistanyň Prezidenti Emomali Rahmon bilen Özbegistanyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýewiň nobatdaky saparyna garaşýar. Goňşy döwletleriň Baştutanlary Türkmenistanyň, Täjigistanyň we Özbegistanyň Prezidentleriniň üçtaraplaýyn sammitine gatnaşmak üçin Türkmenistana gelerler. Merkezi Aziýanyň üç ýurdunyň Baştutanlary ilkinji gezek bu täze formatda duşuşarlar we sebitiň möhüm meselelerini ara alyp maslahatlaşarlar. Mälim bolşy ýaly, soňky ýyllarda Türkmenistanyň, Täjigistanyň we Özbe...

DOWAMY
1 Awg

MEDENIÝET — HALKYŇ RUHY BAÝLYGYNYŇ EGSILMEZ ÇEŞMESI

Türkmenistanyň medeniýet ulgamyny ösdürmek, türkmen halkynyň ruhy gymmatlyklaryna esaslanýan döwlet taglymatyny kemala getirmek hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň alyp barýan köpugurly syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir. Şu ýylyň birinji ýarymynda ýerine ýetirilen işleriň jemlerine bagyşlanyp, 14-nji iýulda geçirilen Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde döwlet Baştutanymyz degişli edaralaryň, şol sanda medeniýet ulgamynyň ýolbaşçylarynyň öňünde wajyp wezipeleri go...

DOWAMY
1 Awg

«DÖWLET GURLUŞYK» AŞGABAT ŞÄHERINDE TÄZE MEDENI MERKEZINI GURAR

Awgust aýynda Aşgabatda dört müň orunlyk köp ugurly medeni merkeziň gurluşygy başlar we 2026-njy ýylyň iýun aýynda ulanylmaga berler. Türkmenistanyň Prezidentiniň Kararyna laýyklykda, ýurdumyzdaky gurluşyk bazarynda üstünlikli işleýän – «Döwlet Gurluşyk» hojalyk jemgyýetine paýtagtymyzyň täze desgalarynyň taslamasy we gurluşygy ynanyldy. «Döwlet Gurluşyk» HJ 2010-njy ýylda esaslandyryldy we onuň medeni desgalary, mekdep-internat, çagalar baglaryny, kaşaň jaýlary, dynç alyş öýlerini, myhman...

DOWAMY
31 Iýul

TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI PAKISTAN YSLAM RESPUBLIKASYNYŇ ÝOLBAŞÇYLARYNA GYNANÇ BILDIRDI

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Pakistan Yslam Respublikasynyň Prezidenti Arif Alwä we Premýer-ministri Mian Muhammad Şahbaz Şarife ýurduň Bajaur etrabynyň Kar şäherinde bolup geçen partlamanyň köp sanly adam pidalaryna we şikes ýetmelere getirmegi zerarly gynanç hatyny iberdi. “Türkmenistan terrorçylygyň we ekstremizmiň islendik ýüze çykmalaryny juda aýgytly ýagdaýda ýazgarmak bilen, bu apata garşy göreşmek we ony ýok etmek işinde dünýä bileleşiginiň tagallalaryny doly goldaýar”...

DOWAMY