TÜRKMENISTANYŇ KONSULLYGY
OWGANYSTAN YSLAM RESPUBLIKASY - MAZARI ŞERIP
2025-nji ýyl - Halkara parahatçylyk
we ynanyşmak ýyly
SOŇKY HABARLAR
TÜRKMEN HALKYNYŇ MILLI LIDERI, TÜRKMENISTANYŇ HALK MASLAHATYNYŇ BAŞLYGY BIRLEŞEN ARAP EMIRLIKLERINIŇ ÝOLBAŞÇYLARYNA GYNANÇ BILDIRDI
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Birleşen Arap Emirlikleriniň Prezidenti Şeýh Mohammed bin Zaýed Al Nahaýýana we BAE-niň wise-prezidenti Şeýh Mansur bin Zaýed Al Nahaýýana dogany Şeýh Saýid bin Zaýed Al Nahaýýanyň biwagt aradan çykmagy zerarly gynanç hatyny iberdi. “Goý, Gudraty Güýçli Allatagala şu agyr pursatda Size we maşgala agzalaryňyza ruhy durnuklylyk, sabyrlylyk bersin, merhumyň ýatan ýeri ýagty, imany hemra bolsun!” diý...
SÖWDA TOPLUMYNYŇ IŞINI KÄMILLEŞDIRMEGIŇ BAŞ MAKSADY HALKYMYZYŇ ISLEGLERINI KANAGATLANDYRMAKDYR
Türkmenistanda söwda ulgamynyň hemmetaraplaýyn ösdürilmegi hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň alyp barýan durmuş-ykdysady syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir. Dünýä döwletleri bilen söwda-ykdysady gatnaşyklary giňeltmek, daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan önümleriň öndürilişini artdyrmak, ýurdumyzyň azyk howpsuzlygyny pugtalandyrmak, söwda hyzmatlaryny kämilleşdirmek, esasan-da, halkyň isleglerini kanagatlandyrmak söwda toplumynyň öňünde durýan esasy wez...
TÜRKMENISTANYŇ ÝYGYNDY TOPARYNYŇ FUTBOL BOÝUNÇA 2026-NJY ÝYL DÜNÝÄ ÇEMPIONATYNA SAÝLAMA ÝARYŞYNDAKY GARŞYDAŞLARY BELLI BOLDY
Eýranyň, Özbegistanyň milli ýygyndy toparlary, şeýle hem Gonkong we Butan toparlarynyň arasyndaky ilkinji saýlama ýaryşynyň ýeňijisi 2026-njy ýyldaky dünýä çempionatynyň saýlama ýaryşynyň ikinji tapgyrynda türkmen futbolçylary bilen bäsleşer. Bu ýaryşyň jemleýji bölümi ilkinji gezek üç ýurtda: ABŞ-da, Meksikada we Kanadada geçiriler. Şu gün Kuala-Lumpurda ýerleşýän Aziýa futbol konfederasiýasynyň edarasynda geçirilen bije atyşlygyň netijesine laýyklykda, bu ýygyndylar «E» toparyny emele getirdil...
TÜRKMENISTANYŇ ILÇISI SINGAPUR RESPUBLIKASYNYŇ PREZIDENTINE YNANÇ HATLARYNY GOWŞURDY
2023-nji ýylyň 25-nji iýulynda Türkmenistanyň Singapur Respublikasyndaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi (oturýan ýeri Seul ş.) B.Durdiýewiň Singapur Respublikasynyň Prezidenti Halime Ýakoba ynanç hatlarynyň gowşurylyş dabarasy geçirildi. Söhbetdeşligiň dowamynda Singapur Respublikasynyň Prezidenti Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowa we türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowa mähirli salamlaryny we hoşniýetli arz...
HALKYŇ SAGLYGY – ÝURT BAÝLYGY
Bu häzirki zaman Türkmenistanyň esasy şygarlaryndan biridir, ony ýörelge edinip, sagdyn jemgyýetiň berkarar döwletimiziň daýanjydygyny Halk Maslahatynyň soňky ýygnagynda, türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow çykyşynda belläp geçdi. Garaşsyzlyk ýyllarynda Türkmenistanda ilatyň saglygyny goramak boýunça ençeme işler edildi, ilki bilen «Saglyk» Döwlet maksatnamasy kabul edildi. Häzirki wagtda ýurdumyzda häzirki zaman lukmançylyk eda...
TÜRKMENISTANYŇ, TÄJIGISTANYŇ WE ÖZBEGISTANYŇ DAŞARY SYÝASY EDARALARYNYŇ ÝOLBAŞÇYLARYNYŇ GEPLEŞIKLERI GEÇIRILDI
Şu gün, 2023-nji ýylyň 26-njy iýulynda, wideoaragatnaşyk görnüşinde Türkmenistanyň daşary işler ministri R.Meredowyň, Täjigistan Respublikasynyň daşary işler ministri S.Muhriddiniň we Özbegistan Respublikasynyň daşary işler ministri B.Saidowyň arasynda geňeşmeler geçirildi. Duşuşygyň dowamynda Türkmenistanyň, Täjigistanyň we Özbegistanyň Prezidentleriniň şu ýylyň awgust aýynyň başynda Aşgabatda geçiriljek Sammitine taýýarlyk görmek we geçirmek bilen bagly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy....
PARAHATÇYLYK SÖÝÜJILIK WE DÖREDIJILIK ÝÖRELGELERI — WATANYMYZYŇ ABADANÇYLYGYNYŇ BINÝADY
Türkmenistan hemişelik Bitaraplyk hukuk derejesine esaslanýan daşary syýasaty yzygiderli durmuşa geçirmek bilen, daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen netijeli özara gatnaşyklary ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn görnüşde ösdürýär. Ýurdumyz häzirki döwrüň möhüm meseleleriniň çözgütlerini işläp taýýarlamak boýunça başlangyçlar bilen çykyş edip, parahatçylygy, howpsuzlygy, durnukly ösüşi üpjün etmekde, halkara hyzmatdaşlygy giňeltmekde tagallalaryň birleşdirilmegine mynasyp goşant goşýar. Geçen hepdede...