TÜRKMENISTANYŇ KONSULLYGY
OWGANYSTAN YSLAM RESPUBLIKASY - MAZARI ŞERIP
2025-nji ýyl - Halkara parahatçylyk
we ynanyşmak ýyly
SOŇKY HABARLAR
TÜRKMENISTANYŇ TÄZE ÝOLLARY WE KÖPRÜLERI
Durmuş-ykdysady ösüş boýunça uzak möhletleýin maksatnamalara laýyklykda, Türkmenistan häzirki wagtda ýurdumyzy Gündogar-Günbatar we Demirgazyk-Günorta ugurlarynda ulag we logistika merkezine öwürmek üçin ençeme işleri durmuşa geçirýär. 18-nji iýulda geçirilen Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Prezidiumynyň mejlisinde türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow, halkymyzda ýol, köpri, bina gurmak hemişe sogap iş hasaplanýandygyny belledi....
TÜRKMENISTANYŇ DIM-NDE GERMAN YKDYSADYÝETINIŇ GÜNDOGAR KOMITETINIŇ ÝOLBAŞÇYSY BILEN HYZMATDAŞLYK MESELELERI ARA ALNYP MASLAHATLAŞYLDY
Şu gün, 2023-nji ýylyň 25-nji iýulynda, Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow Türkmenistana sapar bilen gelen German ykdysadyýetiniň Gündogar komitetiniň Baş direktory Mihael Harms bilen duşuşdy. Gepleşikleriň dowamynda taraplar Türkmenistan bilen Germaniýanyň arasyndaky ykdysady hyzmatdaşlygyň häzirki gün tertibini ara alyp maslahatlaşdylar, şunuň bilen bilelikde, söwda-ykdysady gatnaşyklaryň ösüşinde oňyn netijeler nygtaldy. Ikitaraplaýyn gatnaşyklary mundan beýläk ösdürmekd...
TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI BILEN ÖZBEGISTAN RESPUBLIKASYNYŇ PREZIDENTINIŇ ARASYNDA TELEFON ARKALY SÖHBETDEŞLIK GEÇIRILDI
2023-nji ýylyň 24-nji iýulynda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow bilen Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýewiň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik boldy. Birek-biregi mübärekläp, iki dostlukly ýurduň Baştutanlary türkmen we özbek halklarynyň milli bähbitlerine laýyk gelýän döwletara hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýydyr geljekki ugurlary boýunça pikir alyşmaga dörän mümkinçilige kanagatlanma bildirdiler. Türkmenistanyň Prezidenti özüniň özbek kärdeşini doglan g...
TÜRKMENISTANYŇ HALK MASLAHATYNYŇ BAŞLYGY BILEN ÖZBEGISTAN RESPUBLIKASYNYŇ PREZIDENTINIŇ ARASYNDA TELEFON ARKALY SÖHBETDEŞLIK
2023-nji ýylyň 24-nji iýulynda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow bilen Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýewiň arasynda geçirilen telefon arkaly söhbetdeşlikde deňhukukly, birek-birege ynanyşmak esasynda ýola goýulýan döwletara gatnaşyklaryň esasy ugurlary ara alnyp maslahatlaşyldy. Gahryman Arkadagymyz, ilki bilen, Prezident Şawkat Mirziýoýewi doglan güni bilen tüýs ýürekden gutlady we onuň baştutanlygynda Özbe...
KÖPÇÜLIKLEÝIN HABAR BERIŞ SERIŞDELERI ÜÇIN HABAR
Soňky wagtda halkara habar beriş serişdeleriniň birnäçesinde türkmen tebigy gazyny günbatar ugry boýunça ibermek taslamasyny durmuşa geçirmegiň mümkinçilikleri barada teswirler peýda bolup başlady. Gürrüň Ýewropa bazarlaryna türkmen "mawy ýangyjyny" ibermek maksady bilen, Hazar deňziniň düýbünden gaz geçirijisiniň gurluşygy barada gidýär (Hazarüsti turba geçirijisi). Uly göwrümli taslama gyzyklanmanyň şeýle “duýdansyz” ýüze çykmagy häzirki şertlerde, umuman, düşnükli hem muny düşündirip bolýa...
TÜRKMENISTANYŇ DAŞARY IŞLER MINISTRLIGINDE ADAM HUKUKLARY BOÝUNÇA PUDAGARA TOPARYNYŇ NOBATDAKY MEJLISI GEÇIRILDI
2023-nji ýylyň 24-nji iýulynda Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasary, Daşary işler ministri R.Meredowyň ýolbaşçylygynda Türkmenistanyň adam hukuklary we halkara ynsanperwer hukugy babatda halkara borçnamalarynyň ýerine ýetirilmegini üpjün etmek boýunça pudagara toparyň nobatdaky mejlisi geçirildi. Duşuşyga Türkmenistanyň Mejlisiniň wekilleri, ýurdumyzyň degişli ministrlikleriniň we pudak edaralarynyň, jemgyýetçilik guramalarynyň ýolbaşçylary we wekilleri gatnaşdy. Mej...
TÜRKMENISTANYŇ WEKILIÝETINIŇ KOREÝA RESPUBLIKASYNA SAPARY TAMAMLANDY
2023-nji ýylyň 17-21-nji iýuly aralygynda Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasary B.Annamämmedowyň ýolbaşçylygyndaky resmi wekiliýetiň Koreýa Respublikasyna iş sapary amala aşyryldy. Wekiliýetiň düzümine Türkmenistanyň birnäçe ministrlikleriniň we pudak edaralarynyň ýolbaşçylary hem wekilleri girdi. Öň habar berilişi ýaly, saparyň çäklerinde türkmen wekiliýetiniň Koreýa Respublikasynyň Premýer-ministri Han Dok Su bilen duşuşygy geçirildi. Duşuşyga gatnaşyjylaryň belleme...