TÜRKMENISTANYŇ KONSULLYGY
OWGANYSTAN YSLAM RESPUBLIKASY - MAZARI ŞERIP
2025-nji ýyl - Halkara parahatçylyk
we ynanyşmak ýyly
SOŇKY HABARLAR
ÝUNESKO-NYŇ IŞLERI BARADA TÜRKMENISTANYŇ MILLI TOPARYNYŇ MEJLISI GEÇIRILDI
Şu gün, 2023-nji ýylyň 22-nji iýulynda, Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasary, daşary işler ministri R.Meredowyň ýolbaşçylygynda ÝUNESKO-nyň işleri barada Türkmenistanyň Milli toparynyň nobatdaky mejlisi geçirildi. Duşuşyga Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň agzalary, degişli ministrlikleriň, pudak edaralaryň, jemgyýetçilik guramalaryň ýolbaşçylary we wekilleri, ÝUNESKO-nyň işleri barada Türkmenistanyň Milli toparynyň jogapkär sekretary, şeýle hem wideoaragatnaşyk ulg...
TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI KOREÝA RESPUBLIKASYNYŇ MILLI ASSAMBLEÝASYNYŇ BAŞLYGYNY KABUL ETDI
2023-nji ýylyň 21-nji iýulynda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow öz ýurdunyň wekiliýetine ýolbaşçylyk edip Türkmenistanda resmi saparda bolýan Koreýa Respublikasynyň Milli Assambleýasynyň Başlygy Kim Çžin Pýony kabul etdi. Döwlet Baştutanymyz şu gezekki saparyň çäklerindäki duşuşyklaryň we gepleşikleriň ikitaraplaýyn parlamentara gatnaşyklaryň mundan beýläk-de pugtalandyrylmagyna ýardam berjekdigine ynam bildirdi. Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň belleýşi ýaly,...
TÜRKMENISTANYŇ MEJLISINIŇ BAŞLYGY BILEN KOREÝA RESPUBLIKASYNYŇ MILLI ASSAMBLEÝASYNYŇ BAŞLYGYNYŇ ARASYNDA DUŞUŞYK GEÇIRILDI
2023-nji ýylyň 20-nji iýulynda Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy D.Gulmanowa bilen Koreýa Respublikasynyň Milli Assambleýasynyň Başlygy Kim Çžin Pýonuň arasynda iki ýurduň wekiliýet agzalarynyň gatnaşmagynda duşuşyk geçirildi. Mejlisiň ýolbaşçysy dostlukly ýurduň Milli Assambleýasynyň Başlygy Kim Çžin Pýony oňa ýokary sylagyň - “Bitaraplyk” ordeniniň gowşurylmagy bilen gutlady hem-de alyp barýan işlerinde mundan beýläk-de üstünlikleri arzuw etdi. Milli parlamentiň ýolbaşçysy koreýaly hyzmatda...
TÜRKMENISTAN - KOREÝA RESPUBLIKASY: PARLAMENTARA GATNAŞYKLAR ÖSDÜRILÝÄR
2023-nji ýylyň 20-nji iýulynda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň öz ýurdunyň wekiliýetine ýolbaşçylyk edip Türkmenistana resmi sapar bilen gelen Koreýa Respublikasynyň Milli Assambleýasynyň Başlygy Kim Çžin Pýo bilen duşuşygy boldy. Häzirki döwürde Gahryman Arkadagymyzyň halkara hyzmatdaşlygy ösdürmek boýunça öňe süren başlangyçlarynyň Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda üstünlikli durmuşa geçirilm...
TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI BELGIÝANYŇ PATYŞASYNY GUTLADY
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Belgiýanyň Patyşasy Filippe hem-de ýurduň ähli halkyna Belgiýanyň milli baýramy — Patyşanyň kasam eden güni mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglaryny we iň gowy arzuwlaryny iberdi. Döwlet Baştutanymyz şu mümkinçilikden peýdalanyp, Patyşa Filippe berk jan saglyk, bagtyýarlyk, Belgiýanyň ähli halkyna bolsa parahatçylyk, abadançylyk, mundan beýläk-de rowaçlyk arzuw etdi. Türkmenistanyň Prezidenti Belgiýanyň Patyşasyny gutlady (turkmenistan.gov.tm)
TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTINIŇ PERMANY
Koreýa Respublikasynyň Milli Assambleýasynyň Başlygy Kim Çžin Pýony Türkmenistanyň «Bitaraplyk» ordeni bilen sylaglamak hakynda Türkmenistan bilen Koreýa Respublikasynyň arasynda syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer ugurlarda gatnaşyklary ösdürmekde, türkmen we koreý halklarynyň arasyndaky dostlukly gatnaşyklary berkitmekde bitiren hyzmatlaryny, Ýewraziýa sebitinde, şeýle-de ählumumy derejede Türkmenistanyň Bitaraplyk syýasatyny işjeň goldamak bilen, onuň halkara abraýyny ýok...
TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI AÝLAGDAKY ARAP DÖWLETLERINIŇ HYZMATDAŞLYK GEŇEŞINE AGZA DÖWLETLERIŇ HEM-DE MERKEZI AZIÝA ÝURTLARYŇ BAŞTUTANLARYNYŇ SAMMITINE GATNAŞDY
2023-nji ýylyň 19-njy iýulynda Saud Arabystany Patyşalygyna iş saparynyň dowamynda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Aýlagdaky arap döwletleriniň hyzmatdaşlyk geňeşine agza ýurtlaryň hem-de Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlarynyň Sammitine gatnaşdy. Ýokary derejedäki duşuşyga geňeşe agza ýurtlaryň hem-de Merkezi Aziýa döwletleriniň - Gazagystan Respublikasynyň, Gyrgyz Respublikasynyň, Täjigistan Respublikasynyň, Türkmenistanyň we Özbegistan Respublikasynyň Baştutanlary, şeý...